Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda ýaşrak dinçiler we hyjaply zenanlar pagta ýygmaga mejbur edilýär


Pagta meýdany (Illýustrasiýa suraty)
Pagta meýdany (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň günbatarynda häkimiýetler pagta hasylyny ýygnamak işine dinçileri çekip başlady. Metjide barýan adamlaryň arasynda 50-den ýaşrak erkek adamlaryň we hijap atynan zenanlaryň mejbury işe çekilýändigini habarçymyz aýdýar.

Balkanabat şäherinde we Bereket etrabynda häkimiýetleriň üns merkezine, 50 ýaşa ýetmedik, metjitlere barýan we namaz okaýan raýatlar, sakgally erkekler we hijaply zenanlar düşýär. Polisiýa olary tutmak üçin metjitlere reýd geçirýär.

"Polisiýa häkimligiň ýörite tabşyrygy esasynda metjitleriň golaýynda reýd geçirip metjitlere gelýän ýa gidip barýan 50-den ýaşrak raýatlary saklap özlerini jenaýat agtaryş bölümi diýip tanyşdyryp, raýatlary bölüme alyp gidýär. Polisiýanyň saklan adamlaryna olaryň dürli gadagan edilen dini akymlara uýmakda güman edilýändigi aýdylyp, barmak yzlary alynýar we olaryň işini kazyýete geçirmek bilen haýbat atýarlar" diýip, Balkanyň polisiýasyna ýakyn çeşme 3-nji noýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, geçen hepde Bereket etrabynda onlarça adam saklanypdyr.

Balkanly dinçileriň biri Bereket etrabyndaky ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi: "Tanyşym namaz okamaga baranda metjidiň golaýynda raýat eşikli iki polisiýa ofiseri bardy, ony saklap, polisiýa bölümine alyp gitdiler. Bölümde 50 golaý sakgally erkek adamlar we hijaply gelin-gyzlar bardy" diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeleriň sözlerine görä, bu ýere getirilen adamlar din bilen bagly sorag edişlige çekilmegine garaşypdyr, emma olara dürli haýbat atylyp, gorkuzylmagy olary pagta ýygyma gitmäge razy bolmaga mejbur etmek bilen bagly bolupdyr.

"Siz sakgalyňyz we hijabyňyz bilen biziň döwletimiziň garaýyşlaryna ters iş edýärsiňiz. Metjitlere 60 ýaşdan soň baryp namaz okasaňyz hem toba edip ýetişýäňiz. Sizler etmäge iş tapman metjitlere meslikden barýaňyz, gündiz molla gije ýolda baryňyz. Men ähliňiziň işiňizi goňşy MHM edarasyna geçirerin, olar kazyýete tabşyryk berer Baýramalynyň türmesine gidersiňiz" diýip, çeşmeleriň biri polisiýa işgärini sitirledi.

Çeşmeleriň sözlerine görä, polisiýa tarapyndan saklanan raýatlardan öz islegi bilen pagta ýygmaga razydygy barada dilhatlary alynypdyr. Olar pagta ýygym gutarýança her gün pagta meýdanlaryna gidip pagta ýygmaga borçly edilipdir.

Şu günler Bereketiň ekin meýdanlarynda onlarça hijaply gelin-gyz pagta ýygýar. Olaryň arasynda Balkanabatda saklanan dinçi gelinler hem bar. Çeşmeler olaryň pagta meýdanlaryna ýörite awtobuslarda polisiýa tarapyndan getirilýändigini aýdýarlar.

"Meýdanlarda pagta ýok, ýa-da az ýöne hökümetiň häkimlerden talap edýändikleri sebäpli dürli býujetçiler, telekeçiler, esgerler, aliment bergili erkekler, ten satýandygy üçin tutulan zenanlar we alkogol içip saklanan raýatlar pagta meýdanlaryna mejbury çekilýär" diýip, balkanly çeşme gürrüň berdi.

Mundan öň habarçylar pagta meýdanlarynda pagtanyň azdygyny we talap edilen plany ýerine ýetirmek üçin ony gözläp, agtaryp ýörmeli bolýandygyny habar beripdi.

Şeýle-de, habarçylar üç aý bäri dowam edýän häzirki pagta ýygym möwsüminde býujet işgärlerinden we olaryň tabşyrmaga mejbur edilen puluna hakyna tutulan işçilerden başga-da, mejbury iş güýçi hökmünde pagta meýdanlaryna öňki tussaglaryň we administratiw bidüzgünçilikler sebäpli gysga möhletli tussag edilen raýatlaryň, aliment bergidarlarynyň köp alnyp barylýandygyny habar beripdi.

Şeýle-de, polisiýa tarapyndan ele salnan içerki migrantlar hem pagta ýygmaga mejbur edilýär.

Bu çäreler türkmen häkimiýetleriniň Hasyl baýramyna taýýarlyk görýän wagtynda geçirilýär.

Uly dabaralar bilen noýabryň ikinji ýekşenbesinde bellenýän Hasyl baýramynda ýurduň oba hojalyk pudagyndaky üstünlikleri mahabatlandyrylýar. Ýurtdaky azyk krizisyny açyk boýun almaýan türkmen hökümeti ençeme ýyl bäri 1 million 250 müň tonna pagta we 1 million 400 müň bugdaý planynyň dolandygyny yglan edip gelýär.

Guramaçylykly görnüşde tutuş ýurt boýunça geçirilýän toý-tomaşaly dabaralara ýene-de ilat gatnaşmaga mejbur edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG