Türkmenistanda, dünýäniň internet elýeterliligi iň bir çäklendirilýän, metbugatyň doly döwlet gözegçiliginde saklanylýan ýurtlarynyň birinde soňky iki hepdelerde geň bir ýagdaý döredi, sungat (çeper döredijilik) wekilleri we olaryň adaty adamlardan tapawudy barada edilen beýanat ýurtda adamlara, durmuş meselerine öz garaýyşlary bolan we mümkinçilik dörän ýagdaýynda pikirini açyk beýan etmek isleýän adamlaryň köpelýändigini görkezdi.
“Dürli pikirli adamlary diňläp, şeýle-de ýaşlaryň pikir beýan etmegiň dürli görnüşlerini ulanmaga çalyşýandygyny görüp, dogrusy, gaty begendim" diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.
Maral Durdyýewanyň sungat adamlary bilen beýleki adamlary ‘ýerden ýöreýänlere’ we ‘ýerden bir garyş ýokarda, uçup ýöreýänlere’ bölmegini ‘gaty gören’ diňleýjileriň käbiri onuň ötünç soramagyny talap etse, bir kärdeşi onuň umuman söz baýlygynyň beýle uly däldigini, emma zehine baýdygyny öňe sürdi.
Adamlar 'uçanlaryň' ýere düşmegini soradylar
Pikirini aýdýanlary 'negatiw' bolmazlyga çagyranlar, biriniň ýalňyş goýbermegine garaşyp oturan ýaly bolmakda aýyplanlar, bu gürrüňe goşulmak bilen, pursatdan özleriçe peýdalanyp, ol ýa-da beýleki harydy, hyzmaty reklama etmäge synanyşanlar hem boldy.
Ýerli synçylaryň käbiriniň aýtmagyna görä, ýurtdaky ykdysady çökgünlik, işsizlik döwründe hem toý bagşylarynyň aňsat gazanç etmegi, ilatyň aglaba köpçüliginden gowy ýaşamagy olaryň özüni ilden üýtgeşik hasaplamagyna belli bir derejede ‘sebäp bolup biler’.
Emma muňa garamazdan, Maral Durduýewanyň eden gürrüňi köp adama ulumsylyk, ýerden aýak üzmek bolup görnene meňzeýär. Mysal üçin, bir wideo reaksiýada şeýle diýilýär:
“Dile çeperlik gerek däl. Aýtmak üçin ýürek sözüň, jaýyň belentde bolsa-da, pesräkde bolsun gözüň, hak berip, halk sylaýarka, bir haýyşym – ýerde geziň?!”
Çekişmä goşulanlaryň arasynda Durdyýewany tankytlaýanlara goşulmaýan, onuň aýdym aýdyp bilýändigini aýdyp, şu sebäpden onuň, dogrudanam, bir ädim öňde bolmagynyň, ýokarda bolmagynyň mümkindigi bilen ylalaşýan, “ol aýdym aýdyp bilýär, men aýdym aýdyp bilemok” diýýän zenan hem bar. Onuň garşydaşlary her kimiň öz başarýan işiniň bardygyny öňe sürýärler.
Ýöne tankytçylar, kähalatda has ýiti sözleri ulanyp, “Ol nämedir, ady barda, sungat ýok... Ol nämedir, sorag bar-da, mazmun ýok” diýip, aýdymçyny ‘adamlary ynsan hatarynda goýmazlykda’, žurnalisti bolsa, manysyz gepleşik taýýarlamakda aýyplaýar.
Reaksiýa wideolarynyň birinde bugdaý ekýän daýhanlar, mehanizatorlar görkezilip, “Maral Durdyýewaň adyny agzasaň, 10 müň laýk alýaň, bugdaý ekýän näçe laýk alýarka?” diýip soralýar.
Sungat işgärleri barada aýdylan ‘belent’ sözleri gaty görendigini bildirip, olar bilen uçmankalar hem gürleşip bolmýandygyny aýdýan, ýöne janlarynyň sag, başlarynyň belent bolmagyny diläp, olary ölümi ýatlamaga çagyrýan adamlar hem boldy.
"Ilat nägileliginiň özboluşly ýüze çykmasy"
Ýerli synçylar türkmenistanlylaryň arasynda soňky döwürde giň ýaran garyplyk, işsizlik, zähmet migrasiýasy, baý ýurduň az sanly halkyny bu agyr ýagdaýa getiren sebäpler hakynda edilýän gürrüňleriň köpelýändigini aýdýarlar. Uçup ýören aýdymçyny şekillendirýän wideoreaksiýalar adamlaryň içinde uzak wagt bäri baslygyp ýatan pikirleriň özboluşly bir ýagdaýda, köpçülikleýin aýdylmagyna sebäp boldy diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.
Onuň pikiriçe, bu reaksiýa söz, metbugat we pikir beýan etmek azatlyklarynyň berk çäklendirilen jemgyýetinde ilatyň barha artýan nägileliginiň özboluşly ýüze çykmasy, kiçiräk protet hökmünde hem häsiýetlendirilip bilner.
Döwletiň ulanýan berk senzurasyna garamazdan, internetdäki çekişmeler açyk nägilelik bildirmegiň adaty bolmadyk bir pursadyny alamatlandyrýar, adaty türkmenleriň tankydy pikirlerini aýtmak üçin sanly platformalary barha köp we netijeli ulanmagy türkmen reallyklarynyň bir bölegine öwrülýär diýip, bir synçy bu ýagdaýyň özüne umyt berendigini aýtdy.
Bu reaksiýalary görüp, pikirini aýtjak türkmenleriň azlyk däl, köplük bolandygyny, olaryň pikir aýtmaga özleriçe, döredijilikli çemeleşýändigini, şol bir wagtda belliklerini hoşniýetli aýtmaga çalyşýandyklaryny belleýänler hem bar.
Azatlygyň ýerli habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen bir ýaşaýjy sungat işgärleriniň arasyndaky basdaşlygy nazarda tutup, bu ýerde aýdymçynyň aýdan sözüni kesä çekmek, syýasylaşdyrmak meýilleriniň hem duýulýandygyny belledi.
Agyr meselelerden ünsi sowmak mümkinmi?
Şeýle-de, ol bu ýerde aýdymçylar barada 'goh' turzup, ýurtdaky agyr meselelerden ünsi sowmak synanyşygynyň edilýän bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürdi:
“Aýdymçy halky hudaý tarapyndan berlen sesi bilen adamlaryň medeni çärelerini bezeýän talantly adamlar, ýöne olaram adam, ýalňyşyp bilýär, [aýdymçylar] söze ökde, akylly alym, syýasatçy adamlar ýaly pikirlenip gürlemegi başarýan adamlar däl, sungat işgärlerinden pikir soramagyň özi ýalňyş, olaryň sesiniň owadan bolmagy gepe ökde bolmagyny aňlatmaýar. Aýal maşgala, puly köp, abraý, şöhrat sebäpli, onuň pikirlenmän gürländigi belli zat... Ýöne bu, bir tarapdan ýurtda ondan-da agyr, çözülmesi kyn meseleler durka, adamlaryň ünsüni başga ýana sowmak synanyşygyna meňzeýär.”
Ýaşaýjynyň sözlerine görä, “bloggerler bir agyz söz ýalňyşyna däl-de, ýurtdaky mejbury pagta ýygymyna, paýoklaryň 7 aý bäri berilmezligine, garaýollaryň hatardan çykyp, awarýalaryň köpelip, bir diktator maşgalanyň döwlet puluna eden-etdilikli hyýanat etmeklerine garşy bloglary çykarsa, makul bolardy”.
Anonimlik şertinde gürleşen sungat synçysy Maral Durdyýewanyň sungat adamlarynyň 'tapawudy' baradaky pikirleriniň hakykatdan-da uly çekişmä sebäp bolandygyny, bu golaýda türkmen jemgyýetçiliginde beýle 'zada' duşmandygyny belläp, öz pikirini anyklaşdyrmak üçin biraz artykmaç wagt berilmegini sorady.
Onuň pikiriçe, sosial mediada degişmäniň üsti bilen aýdylýan sözleriň bir toparynyň 'jany bar'.
“Mysal üçin, biri 'toýa bagşy gözleýäris, ýöne hiç ýerden bagşy tapyp bolanok' diýýär. Beýlekisi: 'Olaryň barysy ýokarda' diýip jogap berýär.
Bu ýagdaýlar ýumorçy Ýagşy Goşunowyň Maral Durdyýewanyň söze baý däldigini aýdyp, ony aklajak bolmagyna getirdi. Ýöne adamlaryň çekeleşmesi dowam etdi. Maral Durdyýewa we başga sungat işgärleri halk bolmasa tanalmazdy, halkyň söýgüsi bilen belli bolunýar. Allatagala hemme adamy deň ýaratdy. Hemmämiz Allanyň bendesi, adamlardan özüňi ýokarda goýmak – bu men-menlik bolýar. Her adamyň bir aýratynlykda zehini bar. Türkmenistanda Maral Durdyýewadan ökde, gowy sesli, janly sesli aýdýan aýdymçylar bar. Ýöne şu güne çenli olar özlerini beýikde goýmadylar. Maral ýerde ýöreýänler bilen adam boldy, Maralyň bir üýtgeşik sesi ýok. Aýdym bilen ösmedik we tanalmadyk Maral iki sözi bilen tanaldy diýip Maraly öň tanamdyk türkmenler hem gürrüň edýär.
Sada halk toýa dijeýleri çagyrýar
Aslynda aýdymçylary gowy görüp diňleýärler, ýöne olar edil bir sada adamlardan ýokarda görülmeýär. Her bir bagşynyň öz nyrhy bar, soraýan puluny töleseň gelip, olar toýuňda aýdym aýdyp gidýärler. Maral Durdyyewa, Gülşat Gurdowa, Hajy Ýazmuhammedow, Hemra Rejebow ýaly aýdymçylary sada halk toýuna çagyryp bilmeýär, olaryň nyrhlary gaty ýokary. Olara, toýuňa çagyrsaň, ortaça 1000$-2000$ bermeli bolýar. Soňky ýyllarda sada halk toýa bagşy däl-de, dj çagyrýar. Bagşylara garanyňda dj arzan düşýär, olar 1000 - 2000 manada tutuş toýy şowhun bilen sowup berýärler. Belli bagşylar hem, uly pul alsalar-da, toýlary köplenç fonogramma goýberip, özlerine agram salman, birki aýdym aýdyp sowýarlar.
Türkmenistanda haýsy bagşynyň geljekde ýokary galjagyny, öňe saýlanjagyny hem köşk bagşylary kesgitleýärler. Muňa mysal edip, 6 ýaşdan 17 ýas aralykda zehinli çagalaryň arasynda aýdym-saz, ýagny "Müňden biri" diýlip geçirilýän ýaryşy hem görkezip bolar. Bu ýaryşa Maral Durdyýewa hem žýuri agzasy hökmünde gatnaşýar. Şol ýerde käbir zehinli çagalaryň gelejeginiň ýokdugyny aýdyp, olary konkursdan çykarýandyklary barada hem gürrüň edýärler. Halk, internet ulgamyna çykaryp, arkasyz diýilýän talantly çagalary ösdürmek isleýär. Adamlar hemme çaga däl-de, ala-böle arkasy bar çagalara fonogramma arkaly aýdym aýtmak rugsadynyň berilýändigini aýdyp, öz nägileliklerini bildirýärler. Hatda şu ýaryşda hem pul we tanyş uly rol oýnaýar.
Aslynda, türkmen aýdymçylarynyň arasynda fonogrammasyz aýdym aýdýanlary sanaýmaly diýsek-de bolar. Biziň aýdymçylarymyz daşary ýurtly bagşy-sazandalara öýkünip, käte olaryň döreden original aýdymlaryny özleriçe üýtgedip, türkmen diline geçirip, öz aýdymlary ýaly edip aýdýarlar, sazlary hem köplenç özleri düzmeýärler.
'Köşk bagşysy' bolmagyň 'hökmany' şerti
Türkmenistanda Berdimuhamedowlary öwüp, birki aýdym çykaryp bilseň, belli köşk bagşylarynyň hataryna girip bolýar. Türkmenistanda aýdymçylaryň köpüsi öz wezipesine döwlet propagandasyna goşulyp, ýurt baştutanlarynyň alyp barýan syýasatyny adamlara gowy görkezmek diýip düşünýäne meňzeýär. Muňa Jemal Saparowany hem mysal getirip bolar, onuň hatda toýlarda hem Arkadaga şöhrat diýip aýdym aýtmagy muňa subutnama...
Siziň “häzirki döwürde ýaşlar aýdymçylardan näme öwrenmeli?” diýen soragyňyza näme jogap berjegimi bilemok. Türkmen telewideniýesinde iki örümli saçly, başy tahýaly ýa öýmeli, uzyn köýnekli çykyş edip, toýlarda, kliplerinde bolsa ýewropa stilinde geýnip çykmalary, telewideniýede çykyş edenlerinde edep-terbiýe barada gürläp, başga ýerlerde keýplerini çyzykdan geçirip almaklary, bularyň hameleon ýaly üýtgemekleri soňky ýaşlara ikiýüzli we ýallaky bolmaklygy öwredäýmese, bilmedim...” diýip, ýerli sungaty öwreniji Azatlygyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeşölikde öz şahsy pikirini aýtdy.
Biz onuň aýdýan zatlaryny garaşsyz ýagdaýda, ýerinde barlap bilmeýäris we ýerli sungaty öwrenijiniň öňe süren pikirleriniň Azatlygyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýändigini ýatladýarys.
Azatlyk türkmenleriň arasynda dörän sungat çekişmesi baradaky pikirini sorap, Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türkmen analitigi Aýnabat Ýaýlymowa hem ýüz tutdy.
Onuň pikirine görä, sungat adamlary söz azatlygynyň bar ýurtlarynda uly meseleleri gozgap, gowy görelde görkezip bilýär, emma Türkmenistan ýaly ýurtlarda olar köplenç beýle görelde görkezmekde kynçylyk çekýär.
Sungat tankydyna näme boldy?
Sungat adamlary baradaky ‘çekişmäniň’ çäginde ýurtda sungat tankydynyň ýatyp galandygyny aýdýanlar hem boldy.
Azatlyk bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän ýerli synçynyň pikirine görä, türkmen jemgyýetçiliginde ‘soňky otuz ýylda dörän edebi boşluk ýaşaýjylaryň dünýägaraýşyna hem uly täsir ýetirýär’.
“Ýaşaýjylaryň, has hem uly ýaşlylaryň, belli bir bölegi ýurtdaky döwleti we häkimiýeti öwýän bagşylary, sungat işgärlerini we olaryň şeýle "döredijiligini" dolulygyna goldamasa hem, bu ýagdaýa [sungatyň we sungat işgärleriniň dolulygyna häkimiýetiň waspçysy bolmagyna] adaty we bolmalysy ýaly seredýärler. Sebäbi, maglumat, syýasy we medeni üzňelik ýagdaýynda uzak wagt bäri ýaşaýan adamlar sungatyň "başga görnüşde" bolup biljegini göz öňüne getirmekde uly kynçylyk çekýärler. Hut şol sebäpli hem, ýylyň-ýylyna geçirilýän "Ýaňlan, Diýarym!", "Ýylyň parlak ýyldyzy", "Garaşsyzlygyň merjen däneleri" aýdym-saz döredijilik bäsleşikleri iş ýüzünde ýaş zehinleriň kemala gelmegine ýa olary seçip almaga gönükdirilmän, tersine, sungaty, ýurtdaky durmuşyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, "döwlet çäresine, protokol üçin, telewideniýe üçin ýazga we ýurt baştutanlaryny wasp etmegiň guralyna" öwrülýär.”
Şol bir wagtda, synçylar ýurtda “Z nesil” diýilýän ýaşlaryň arasynda türkmen sungat işgärlerine we bagşylaryna bolan islegiň çäklidigini öňe sürýärler.
“Bu çäkliligiň esasy sebäpleri, elbetde, dolulygyna döwlete tabyn sungat işgärleriniň we bagşy-sazandalaryň repertuarynda durmuş reallygynyň azlygy, ýaşlara gyzykly we motiwasiýa beriji, höweslendiriji eserleriň we mowzuklaryň tas ýoklugy bilen bagly” diýip, anonimlik şertinde gürleşen söhbetdeşimiz aýtdy.
'Waspçylara' bolan hormat 'azalýar'
Anonimlik şertinde gürleşen ýene bir synçynyň pikirine görä, “Ýaşlaryň arasynda meşhurlygy döwleti aç-açan öwýän, döwlet çärelerinde we konsertlerinde çykyş edýän belli bagşylar däl-de, TikTok we YouTube sahypalarynda ýumoristik, satirik, drama äheňde gyz-erkek gatnaşyklaryny, maşgala durmuşyny, düşünişmezligi, sosial meseleleri öz aýdymdyr goşgularynda gozgaýan bloggerler gazanýarlar”.
“...umumy jemgyýet barada aýdylanda, elbetde, jemgyýetde, hasam soňky wagtlarda, döwlet waspçysy bolan sungat işgärlerine bolan ynamyň, hormatyň pese gaçandygyny boýun almaly” diýip, synçy aýtdy.
Munuň esasy sebäbi, söhbetdeşimiziň pikiriçe, soňky ýyllardaky agyr ykdysady krizis bilen baglylykda, adamlaryň durmuş hakykatyna, ynsanyýet äheňli eserlere, bar bolan nogsanlyklary paş edýän we ýazgarýan aýdymdyr goşgulara, erkin söze bolan isleg - arzuwynyň görlüp-eşidilmedik derejä ýetmegi bilen düşündirilip bilner.
“Megerem, hut şu trende görä, soňky ýyllarda türkmen bagşy-sazandalary we hökümete ýakyn blogçylar sähelçe bolsa-da, durmuş reallygyna degişli örän çäkli meselelerde wideoşekilleri çykaryp başladylar. Beýleki tarapdan, döwlet emeldarlaryna ýakyn, propaganda has gözçykgynç şekilde hyzmat edýän sungat işgärleri, meselem, Jemal Saparowa, Hemra Rejepow, Myrat Mollaýew, Züleyha Kakaýewa, Gülşat Gurdowa ýaly sungat wekilleriniň öz durmuş şertlerini we halkdan göz-görtele baý we kaşaň ýaşaýandygyny görkezjek bolmagy ilat arasynda ýiti tankydy pikir-garaýyşlary döredýär” diýip, synçy aýtdy.
Ýaşlar daşary ýurt aýdym-sazlaryna 'ýykgyn edýär'
Aýry-aýrylykda gürleşilen intelligensiýa wekilleriniň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, türkmen ýaşlary ýurt içindäki bagşylaryň we sazandalaryň döredijiligini çäkli we hil taýdan dünýä standartlaryndan ep-esli pes ‘hasaplap’, köplenç türk, rus, günbatar bagşylarynyň, aýdymçylarynyň döredijiliginiň muşdaklary bolmaga ýykgyn edýärler.
Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türkmen analitigi Aýnabat Ýaýlymowa özüniň özi ýaly türkmenleriň Türkmenistanda 'ýasamalykdan ýüz öwren' sungaty isleýändigini aýtdy.
Ýerli intelligensiýa wekilleriniň biriniň pikiriçe, “türkmen bagşylary türkmen jemgyýetiniň çyn kalbyndan orun aljak bolsa, ilkinji nobatda öz diňleýjileri bilen göwnaçyk, aç-açan gatnaşyga girmeli, halky gyzyklandyrýan we ilat üçin derwaýys bolan meseleler we mowzuklar boýunça eser döretjek bolmaly”.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda kanun ýurt raýatlarynyň döredijilik erkinligini, ýagny öz ynanjyna, islegine görä, 'gara sanawa' düşmekden gorkman eser döredip bilmegini doly kepillendirýär. Konstitusiýanyň 56-njy maddasynda tassyklanylmagyna görä, “Her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugy bar.”
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum