Türkmenistanlylara Saud Arabystanyna umra zyýaratyna sapar etmäge mümkinçilik hödürleýän bildirişler soňky aýlarda hasam köpeldi. Bu aralykda şeýle tekliplerden peýdalanjak bolup, aldawa düşen adam hem az däl.
Sosial torlarda we habarlaşyk platformalarynda peýda bolan täze görnüşli tekliplerde adamlara gaty arzan bahadan, ýagny 1250 dollardan ähli hyzmatlary öz içine alýan saparlar wada berilýär.
"Emma soň belli bolşy ýaly, bu mahabatlaryň arasynda aldawa salýan toparlaryň barlygy anyklandy” diýip, Türkmenabadyň häkimligine ýakyn çeşme habar berdi.
Azatlygyň habarçysy aldawa düşen birnäçe türkmenistanly bilen gürleşmegi başardy.
“Bize aýdylan bahasy 1250 dollar boldy. Maňa ‘her zat taýýar, diňe pasportyňy getir’ diýdiler. Puly geçirdik. Soň ol adam jaňlara jogap bermedi, soň hem WhatsApp-dan ýitdi. Biz ýaly aldanan adam kän eken” diýip, maryly aýal gürrüň berdi.
Şeýle mahabatlar köplenç türkmen dilli sosial internet toparlarynda we IMO mahabatlarynda peýda bolýar. Şeýle toparlaryň birinde:
“Umra zyýaratyna bahasy 1250$. Noýabr aýy gidiş 12-sine, gaýdys 26-syna. 14 gün bolup durýar. Transfer, Mekke we Medine, gid terjimeçi, gidýän-gelýän bilet, wiza, 2 wagtyna nahar, zem-zem suwy, sowgat - hemmesi girýär" diýilýär.
Türkmenistanlylar şeýle mazmunly bildirişiň adamlara ynamly görünýändigini we “Musulman adam aldamaz” diýen pikir döredýändigini belleýärler. "Ýöne soňra käbirleri diňe bir puluny däl, umydyny hem ýitirýärler" diýip, aýdýarlar.
Türkmenistanda resmi ýagdaýda Umra we Haj zyýaratlarynyň guramaçylygy diňe döwlet tarapyndan amala aşyrylýar. Kwotalaryň çäkli bolmagy sebäpli sanawlar öňünden düzülýär.
Haj zyýaratyna her ýyl döwletiň garamagynda düzülýän sanawa girýänleriň sany 300 adama ýetmeýär. Şeýle-de, berk barlagdan geçirilip, saýlanan adamlara rugsat berilýär.
"Adamlaryň köpüsi bu sanawa girip bilmeýär. Şol sebäpli, internetdäki “tanyş arkaly gidiş” teklipleri olaryň gözünde mümkin ýol bolup görünýär" diýip, türkmenistanly çeşmeler belleýär.
Adamlar alternatwa gözleýär
“Resmi ýol bilen gitmek mümkinçiligi az. Şonuň üçin adamlar alternatiwa gözleýär. Şol wagtda aldawa salýanlar peýda bolýar. Olar dini sözleri ulanýarlar, ‘Inşaallah’, ‘Zyýarat kabul bolsun’ diýip, ynam gazanýarlar. Soň puly alyp, ýitýärler” diýip, şu ýyl Umra zyýaratyna gitmegi islän telekeçi aýdýar.
Resmi taýdan Umra saparynyň bahasy halkara bazarynda 2000–2500 dollar aralygynda bolýar. Şonuň üçin 1250 dollarlyk teklip käbirler üçin örän arzan görünýär.
Türkmenabat şäherinde turizm agentliginde işleýän bir çeşme:“Bu baha hakykatdanam mümkin däl, diňe uçuşyň özi şol bahanyň ýarysyna barýar" diýip, belleýär. "Şeýle hem Mekkede we Medinede ýaşaýyş, nahar, terjimeçi... bularyň hemmesi goşulanda çykdajy iki esse köp bolýar. Bu teklipleriň maksady diňe puly almak. Soňky döwür din hem pula öwrüldi” diýip, syýahatçylyk işgäri belleýär.
Türkmenabatly polisiýa işgäri: “Internetde mahabat ýaýradýan kezzaplaryň özlerini 'resmi hyzmatdaş' ýa-da 'Türkiýedäki gurama' hökmünde tanadýandygyny" belledi.
"Raýatdan öňünden puly alynýar, köplenç 500–1000 dollar aralygynda. Soňra habarlaşyk kesilýär ýa-da 'uçuş yza süýşdi' diýen bahanasy bilen adamlary aldap, ýitip gidýärler. Resmi däl ýol bolanlygy sebäpli, adamlar polisiýa hem ýüz tutyp bilmeýärler” diýip, polisiýa işgäri aýdýar.
Türkmenabatly ýurist Azatlyk bilen söhbetdeşlikde, raýatlaryň aldawçylaryň toruna düşmezligi üçin göz öňünde tutmaly amallary barada gürrüň berdi.
“Agentligiň resmi ygtyýarnamasy bar bolsa, onuň nusgasyny soraň we ol guramanyň registrasiýa edilen ýurdunda ýörite hasapda adynyň barlygyny ýa-da ýoklugyny anyklaň. Elbetde Türkmenistanyň şerlerinde daşary ýurt banklaryna pul geçirmek mümkin däl diýen ýaly, emma boldugyndan daşary ýurt banklarynda hasabyňyz bolsa, diňe resmi bank hasabyna puly geçiriň. Arzan baha görseňiz, şübheleniň, Başga zyýaratçylardan maglumat soraň. Wizany resmi saýtda barlaň. Şeýle-de, mahabatlarda 'soňky ýer galdy' diýen sözlere ynanmaň — bu iň köp ulanylýan aldaw sözidir” diýip, türkmenistanly ýurist aýtdy.
Saud Arabystanynyň Haj we Umra ministrligi birnäçe gezek dini saparlar bilen bagly galp araçylaryň bolýandygy barada duýduryş beripdi. Şeýle ýagdaýlaryň artmagy bilen Saud Arabystany resmi Nusuk portaly arkaly diňe ygtyýarnama alan guramalara syýahat guramagy rugsat berýär.
Türkiýäniň polisiýasy geçen ýyl 68 adamy aldawa salan topary tussag etdi. Olar “Umra 700 dollara” diýip, beren bildirişinde ynanan adamlaryň ýurduň günortasyna alyp gidipdirler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum