Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän raýatlaryň arasynda internete girmek üçin VPN-den peýdalanýanlary gözläp, tapmak boýunça iş geçirilýär. Kanun goraýjylar tarapyndan Balkan welaýatynda geçirilýän bu çäreler barada Azatlygyň habarçysy 29-njy oktýabrda habar berdi.
Balkanyň kanun goraýjylarynyň baran edaralarynyň arasynda, hususan-da, saglygy saklaýyş, energetika we jemagat hojalygy agzalýar.
"Işgärlerden - lukmanlardan, elektrik üpjünçiligi we gaz üpjünçilik kärhanalarynyň, şeýle-de ýene birnäçe beýleki býujet edaralarynda işleýänlerden VPN ulanyp-ulanmaýandygy soraldy. Olardan daşary ýurt saýtlaryna girmezlik hakynda düşündiriş berlip, dilhatlary alyndy" diýip ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Şeýle çäreler hepdäniň başynda Balkanabat şäherinde we birnäçe etrapda bir wagtda geçirilipdir.
"Ir bilen işe geldik. Ähliňiz ýygnak zalyna baryň diýdiler. Ol ýerde özlerini MHM-niň kiber howpsuzlyk boýunça 7-nji bölüminiň ofiserleri diýip tanadan raýat eşikli ýaş ýigitler otyrdy. Biziň ýolbaşçymyz gelip, çykyş etmek üçin şol kiberhowpsuzlyk ofiserine söz berdi" diýip, balkanly býujet işgäri gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan birnäçe býujet işgäriniň sözlerine görä, söhbetdeşlik geçiren MHM işgärleriniň çykyşlarynda mugallymlaryň, lukmanlaryň, medeniýet işgärleriniň we beýlekileriň mobil telefonlary barlananda olaryň "ýurt barada negatiw" maglumat berýän saýtlara we kanallara köp ýykgyn etmeginiň anyklanandygy mälim edilipdir. Kanun goraýjylar Azatlyk Radiosyny we turkmen.news neşirini agzapdyr.
'Ýurda garşy maglumat'
Şeýle-de, olar VPN ulanmagyň gadagandygy duýdurylypdyr. Türkmenistanda film görmek üçin "Belet Film" programmasynyň we "Horjun TW" ýaly çeşmeleri ulanmagyň ýeterlikdigi bellenip, internetde "Türkmenistana garşy" diýlip, häsiýetlendirilen habarlaryň çap edilýändigi aýdylypdyr.
"Global internet torunda Türkmenistana garşy maglumatlar ýaýradylýar. Golaýda prezidentiň Lebap welaýatyna eden saparynyň wagtynda göwreli gelniň ýolda aradan çykandygy hakda habar dünýäniň we goňşy doganlyk döwletleriň tas ähli TikTok, Instagram we telekanallarynda berildi. Beýle maglumatlary görmezlik gerek, bu prezidentiň ýalňyşy däl biz musulman halk beýle ýagdaýda adamyň aradan çykmagy diňe Alladan diýip, bilmeli. Beýle zatlardan bir adamy, prezidenti günälemek dogry däl. Olar ýurdumyzyň ýolbaşçysyny dünýä masgara etdi" diýip, çeşmeleriň biri çykyş eden ofiseriň sözlerini sitirledi.
Ýatlatsak, türkmen prezidenti 15-nji oktýabrda Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Şonda döwlet metbugatynyň habar berişi ýaly resmiler, medeniýet işgärleri bilen bir hatarda, ululy-kiçili müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky bu dabara sebäpli ýollar petiklendi.
Sebitiň polisiýa we saglyk edaralaryndaky ygtybarly çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu ýagdaý göwreli aýalyň, hassahana baryp ýetişmän, ýolda aradan çykmagyna sebäp boldy.
Býujet işgärleri bilen şu hepde geçirlen ýygnaklarda MHM wekilleri VPN-i doly petiklemäge hakynyň ýokdugyny aýdyp, Türkmenistanyň dünýewi, demokratik ýurt hökmünde öz üstüne alan borçlaryna ygrarly bolmalydygyny belläpdir.
Dünýäde iň gymmat we haýal internetli ýurtlaryň biri bolan Türkmenistanda internet gözegçilik astynda saklanýar we petiklenýär, hususan-da habar saýtlaryna we meşhur sosial media platformalaryna VPN-siz girip bolmaýar.
Býujet işgärleri şeýle barlaglaryň köp wagt bäri geçirilmändigini aýtdylar.
"MHM beýle çäreleri köpden bäri geçirmändi. Internet ulanyjylary barlamak boýunça häzirki işler hökümeti bir zatlaryň ynjalyksyz edýäne meňzeýär" diýip, balkanly çeşme belledi.
Býujet işgärlerinden petiklenen saýtlara girmezligi talap etmek, şahsy telefonlaryny barlamak, olardan dilhatyny almak we gurhandan kasam etdirmek ýaly çäreler soňky birnäçe ýylda wagtal-wagtal geçirilipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum