Türkmenistanda birnäçe dabara, şol sanda Hasyl baýramyna taýýarlyk görülýär. Häkimiýetler her ýyl noýabryň ikinji ýekşenbesinde bellenýän bu baýramçylygy şu gezek hem dürli toý-tomaşalar bilen geçirmegi planlaşdyrýarlar. Munuň üçin döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri köpçülikleýin çärelere çekilýär.
Günbatar welaýatyň medeniýet işgärleriniň tas ählisi şu günler baýramçylyk taýýarlyklaryna gatnaşmaga borçly edildi. Maşklar Balkanabatdaky "Ak öý" binasynda we welaýat kitaphanasynyň öňünde her gün öýlän sagat 5-den agşam sagat 9-a çenli geçirilýär.
Etraplaryň medeniýet öýleriniň aýdym-saz we tans toparlary we Balkanabat teatrynyň artistleri dürli gadymy daýhançylyk sahnalaryny janlandyrmak, tansçylar täze tanslary, aýdymçylar döwletiň üstünliklerini mahabatlandyrýan aýdymlaryny ýerine ýetirmek üçin taýýarlyk görýärler.
Balkanabatly ýaşaýjylaryň Azatlyga aýtmagyna görä, maşklar tas her gün giç agşama çenli geçirilýär we ýaşaýjylary bimaza edýär.
Taýýarlyk çärelerine gatnaşýan medeniýet işgärleri özleriniň bu maşklara gatnaşmaga mejbur edilýändigini gürrüň berip, baýramçylyk maşklaryndan öň pagta ýygýandygyny aýdýarlar.
"Biz ir bilen sagat 8-den öýlän 14-e çenli etrabymyzda pagta ýygyma mejbury çekilýäris. Soň bizi 14:30-da minibusda Balkanabada repetisiýa geçirmäge alyp gaýdýarlar. 17:00-da "Ak öý" binasynyň daşynda dürli sahnalar üçin welaýat medeniýet bölüminiň taýýarlan keşpleriniň taryhy daýhançylyk gurallary: jykyr, daş degirmen, tamdyr ulanmak we maldarçylyga degişli sahnalary gurnamak üçin milli lybaslarda hereket edýäris" diýip, medeniýet işgäri gürrüň berýär.
Hasyl baýramyna taýýarlyklaryň geçýän ýerinde maşklara gatnaşýanlaryň arasynda bagban, çopan roluna taýýarlanýanlar bar. Emma gatnaşyjylar toý-tomaşanyň ýadyna düşmeýändigini, sebäbi özleriniň örän ýadawdygyny aýdýarlar.
"Bizde dynç almaga wagtymyz bolmaýar. Gije sagat 22-den soň öýe gidýäris. Ýol ýene tas 2,5 sagat alýar. Ertire çenli 5 sagat ýatmaga wagtymyz bolýar. Soň ýene-de pagta ýygyma çekilýäris. Bu bizi gaty köseýär. Ekin meýdanlarynda pagta ýok, dik aýak üstinde pagta gözläp 6-7 sagatlap meýdanlary ýöräp geçirýäris" diýip, ýene bir bakanly medeniýet işgäri gürrüň berdi.
Toý bar, hasyl ýok
Türkmen hökümeti her ýyl öňünden yglan edilen bugdaý we pagta planyny artykmajy bilen berjaý edendigini yglan edip gelýär. Emma ýyllarboýy ekin meýdanlarynda işletmek üçin býujet edaralarynda zähmet çekýän işgärler mejbury görnüşde köpçülikleýin alnyp barylýarlar. Şeýle-de, býujetçilerden hakyna tutma ýygymçylar üçin goşmaça pul alynýar. Azatlygyň habarçylarynyň sentýabrda beren maglumatyna görä, býujet işgärlerinden oba hojalyk işleri üçin talap edilen goşandyň möçberi has hem ulalyp, 600 manada ýetipdir. Bu käbir býujetçileriň aýlygynyň 30% barabar.
Noýabryň ikinji ýekşenbesinde geçirilýän Hasyl baýramynda hasylyň bolçulygy wasp edilýär. Emma türkmenistanlylar ilatyň azyga ýiti mätäçlik çekýän wagtynda geçirilýän dabaralardan nägile bolýarlar.
"Näçe ýyldyr ýok hasyl üçin toý berilýär. Daýhanlar, halk garyplyk derejesinde ýaşaýan ýurtda hasyl toýy diňe döwlet propagandasyndan başga zat däl, ondan halka peýda ýok. Adamlar näçe ýyl bäri paýok görnüşli una we ýaga zat bolup, uly mätäçlikde ýaşaýar. Aç ilatly ýurda hasyl toýy gelişmeýär" diýip, kärendeçi daýhan gürrüň berýär.
Anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýene bir oba ýaşaýjysy önümçilik üçin zerurlyklara sarp edilmeýän maliýe serişdeleriň toý-tomaşalara sarp edilişine geň galýar.
"Hasyl toýy üçin edilýän çykdaýjylara derek çekirtgä garşy göreşmek üçin serişde alynsa, ýa-da näbelli keselden haram ölýän mallary goramak üçin derman bilen üpjün etseler makul bolardy. Toý edeniň bilen mesele çözülenok. Çöken oba hojalyk, çöken maldarçylyk bilen hasyl toýy manysyz" diýip, daýhan aýdýar.
Çäreleriň soňy ýok
Emma şu günler ilatyň gatnaşmaga mejbur edilýän çäreleri diňe hasyl toýuna taýýarlyk bilen çäklenmeýär.
Hasyl toýunyň deň öňýany 8-nji noýabrda köpçülikleýin agaç ekişlik geçiriler. Muňa gatnaşmagyň hökmandygy döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerine we ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylaryna we mugallymlaryna öňünden duýduryldy.
"Hökümet köp ýyl bäri halkyň mugt zähmetini ulanyp, kanuny dynç günlerinde we gije uky almaly çaglarynda dabaralara we ýowarlara çekmek endigini bes etmeýär. Yzy kesilmeýän çäreler býujet işgärlerini we talyplary ýagyr etdi" diýip, aşgabatly mugallym aýdýar.
Şeýle-de, býujet işgärlerine noýabryň dabaralary sowulandan soň Bitaraplyk gününetaýýarlyk görüljekdigi duýdurylypdyr.
12-nji dekabrda ýurduň Bitaraplyk statusynyň 30-njy ýyl dönümi bellener.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum