Owganystanyň demirgazygynda 2-nji noýabrdan 3-nji noýabra geçilen gije bolan we onlarça adamyň heläk bolmagyna getiren ýer titreme Türkmenistanyň gündogar, günorta we demirgazyk sebitlerinde hem ýiti duýuldy, ýöne adam pidalary bolmady.
Türkmen häkimiýetleri bu tebigy hadysa barada häzirlikçe dymýan mahaly, ýerli häkimiýetler raýatlara bu barada gürrüň etmezligi berk tabşyrýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 3-nji noýabrda Daşoguzdan, Lebapdan we Marydan maglumat berdiler.
3-nji noýabrda daňdan Owganystanyň Mazari-Şarif şäheriniň golaýynda 6,3 bal güýjünde ýer titreme boldy.
Deslapky maglumatlarda owgan saglygy goraýyş resmileri azyndan 20 adamyň ölendigini we başga-da 320 töweregi adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.
ABŞ-nyň Geologiýa gözegçiligi gullugy öz görkezijileriniň 523 müň töweregi ilatly şäheriň töwereginde "uly pidalaryň bolmagynyň mümkindigini we giň gerimli betbagtçylygyň uly ähtimallygyny" görkezýändigini aýtdy.
Owganystanyň "Talyban" tarapyndan dolandyrylýan häkimiýetleri Balh we Samangan welaýatlarynyň käbir bölekleriniň iň köp zyýan çeken sebitler ýaly bolup görünýändigini bellediler.
Goňşy ýurtda bolan ýer titreme Daşoguzyň, Lebabyň we Marynyň käbir sebitlerinde hem ýiti duýuldy. Bu sebitlerdäki habarçylarymyz tebigy hadysanyň iki minut çemesi arakesme bilen iki gezek gaýtalanandygyny aýdýarlar.
“Esasanam Owganystan bilen serhet ýakada ýerleşýän Köýtendag etrabynda, Kerki şäherinde ýer titreme ýiti bildirdi. Gije sagat 1:28-de we 1:30-da bolan ýer titremelerde adamlar ylgap, gyssagly daşary çykdylar” diýip, ýagdaýlardan habarly kerkili ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýaşaýjylaryň köpüsi tebigy hadysanyň gaýtalanmagyndan alada edip, ençeme sagatlap öýlerine girmekden saklandy. Ýer yranma Saýat etrabynda we Türkmenabat şäherinde hem duýuldy.
“Ýer yranan mahaly itler üýrüp, gaty ses etdiler” diýip, Lebabyň dürli sebitlerindäki ýaşaýjylaryň ençemesi belledi.
Tebigy hadysa Marynyň Baýramaly, Garagum, Tagtabazar etraplarynda hem duýlup, ýaşaýjylaryň köpüsiniň öýlerinden daşary çykmagyna we gijäni daşarda geçirmegine getirdi.
Şuňa meňzeş ýagdaýlary Daşoguzyň käbir sebitleriniň ýaşaýjylary hem başdan geçirdiler. Habarçymyz gijäň ýary Daşoguz şäherinde adamlaryň, şol sanda ýaş çagaly eneleriň howsalaly ýagdaýda daşary çykandygyny aýdýar.
“Demirgazyk welaýatda şu günler howanyň temperaturasy gijelerine -1 gradusa çenli sowaýandygy sebäpli, adamlar daşarda ot ýakyp oturmaly boldular. Irdene çenli daşarda oturan adamlar ahyrsoňy öýlerine girip, ýuwnup, işli-işine gitmeli boldular” diýip, daşoguzly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri goňşy ýurtda bolan we Türkmenistanyň käbir sebitlerinde hem ýiti duýlan tebigy hadysa barada häzirlikçe hiç hili beýanat etmediler. Bu barada ýurduň metbugat serişdelerinde hem habar berilmeýär.
Bu aralykda, 3-nji noýabrda irden Daşoguzyň edara-kärhanalarynyň ençemesiniň ýolbaşçylary işgärler bilen ýygnak geçirip, ýer titreme barada gürrüň etmezligi berk tabşyrdylar.
“Olar bolan tebigy hadysa barada daşary ýurtlarda zähmet çekýän işçi migrantlara hem aýtmagy gadagan edýärler. Özaraňyzda hem gürrüň etmäň diýýärler” diýip, daşoguzly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Býujet işgärleriniň ençemesiniň sözlerine görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary ýurduň ýörite gulluklarynyň raýatlaryň telefon gürrüňdeşliklerini diňlejekdigini hem duýdurdylar.
“Ýolbaşçylar bu barada gürrüň edendigi anyklanan işgärleriň işden boşadyljakdygyny duýduryp, işgärleri gorkuzdylar” diýip, daşoguzly ýene bir býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň durmuşyna gös-göni täsir edýän tebigy hadysalar barada ne öň, ne-de yz ýanyndan gürrüň gozgaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum