Türkmenistan
Mary welaýatynda şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň arasynda transport ýetmezçiligi güýçlendi. Adatça bu aralyga gatnaýan minibuslara ýolagçylar köp garaşmaly bolýarlar, seýrek gatnaýan ulaglar ýolagçylardan hyryn-dykyn bolýar.
Şäherara marşrutlar boýunça hereket edýän minibuslaryň gatnawy soňky hepdelerde ýaramazlaşypdyr. Gatnaýan minibuslaryň sany azalyp, köp garaşmaly bolýan ýolagçylaryň arasynda dartgynlylygyň güýçlenýändigini ýerli çeşmeler gürrüň berýärler.
"Duralgada ýüze golaý ýolagçy minibusa garaşyp durýan wagty, her iki sagatdan bir gelýän kiçi awtobus 13 adamdan köp adama niýetlenmedik. Şol sebäpden marşurutka duralga gelen wagty, adamlar biri birinden öňürti münjek bolup, birek-biregi itişip, paýyş sözlerden we kemsitmelerden saklanmaýarlar" diýip, çeşmeleriň biri aýtdy.
Minibuslaryň sanynyň esli azalmagy Mary - Ýolöten, Mary- Tagtabazar we welaýatyň beýleki etraplarynyň arasyny baglaýan ugurlarda göze ilýär.
Bu transport problemasynyň sebäpleri häkimiýetler tarapyndan düşündirilmeýärkä, ýerli transport işgärleri minisbuslaryň maddy-tehniki üpjünçiliginiň gowşaklygy bilen düşündirýärler.
"Minibuslaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň ýiti ýetmezçiligi saklanýar we bu minibuslary dolandyrýan sürüjileriň zähmet haklary gün görmek üçin ýeterlik däl" diýip, maryly sürüji aýdýar.
Onuň sözlerine görä, sürüjilerden ulaglary bejermek üçin pul çykarmak talap edilýär, başga-da çykdajylar göz öňünde tutulýar.
"Sürüji ujypsyz zähmet hakynyň ujundan her ýylda bir gezek lukmançylyk barlagyndan geçip durmaly. Munuň üçin birnäçe lukmanyň ýanyna barmaly we her birine töleg etmeli" diýip, sürüji her bir sürüjiniň saglygynda dürli kemçilikler tapylýar we ol işini dowam etdirmek üçin zerur medisina resminamasyny almak islese, para görnüşinde pul tölemeli bolýar.
"Şol sebäpden sürüjileriň 50-60 %-ti lukmanlara para berip, ulag dolandyrmaga ýaraýar diýlen netije çykartmak üçin goşmaça töleg etmeli bolýar" diýip, sürüji gürrüň berdi.
Maryda minibus sürýän ýene bir sürüjiniň sözlerine görä, günde sürüjiniň işe başlamagyndan öň geçirilýän adaty medisina barlagy hem sürüjä maddy agram salýar. Sürüjiniň ulagy dolandyrmaga ukyplydygyny tassyklaýan lukmanlara 5 manat bermek "däbe öwrüldi" diýip, sürüjiler bu "resmi däl töleg bolsa-da, kärhananyň kadasy boldy" diýýärler.
Mundan başga, sürüjileriň köseýän we olaryň maddy çykdajylaryny artdyrýan mesele polisiýanyň eden-etdiligi bilen bagly.
"Köçelerde we şäheriň daşyna giriş-çykyş ýollarda ýol gözegçilik gullugynyň nokatlary bar. Olar hem ýolagçy gatnadýan sürüjileri ýekän-ýekän saklap, pul alýarlar. Her gezek pul berip, geçmeseň, polisiýa işgärleri dürli bahanalary arap, jerime ýazýar" diýip, sürüji gürrüň berýär.
Ol jerimäniň adatça 50 manat, her gezek berip, geçmeli puluň bolsa 5 manatdygyny aýdyp, şol sebäpden sürüjileriň erbedinden goranmak üçin puly yzygiderli berýändigini belledi. Şeýle ýagdaýlar sürüjileri işden çykmaga mejbur edýär.
Maryly çeşmeleriň sözlerine görä, köçelerde ýolagçylary gatnadýan abat minibuslaryň sany azalyp, ýolagçylar kösenýärkä, hatardan çykyp, kärhanasynyň duralgalarynda açyk meýdanda günüň we ýagşyň aşagynda, gyşda gar basyp, duran ulaglaryň sany köpelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.