Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Otly we awtobus biletleriniň ýetmezçiligi ýitileşdi, taksileriň ýol kireý nyrhlary ýokarlandy


Demirýol menzilindäki kassada bilet satyn almaga synanyşýan ýolagçylar (Arhiw suraty)
Demirýol menzilindäki kassada bilet satyn almaga synanyşýan ýolagçylar (Arhiw suraty)

Türkmenistanda ýurduň paýtagty bilen welaýatlarynyň arasyndaky otly we awtobus gatnawlary üçin biletleriň ýetmezçiligi ýene ýitileşdi. Bu bolsa, ilat arasynda sebitara taksi hyzmatlaryna bolan talabyň artmagyna we olaryň ýol kireý nyrhlarynyň ýokarlanmagyna getirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 6-njy noýabrda Aşgabatdan, Mary we Daşoguz welaýatlaryndan maglumat berdiler.

“Häzir wokzaldaky terminallarda tas asla bilet tapdyrmaýar. Kassanyň işgärleri ‘Internet arkaly onlaýn satyn alyň’ diýýärler. Ýöne Internet arkaly hem bilet satyn alyp bolmaýar. Sebäbi “bilet ýok” diýen ýazgy çykýar” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Demirýol gullugynyň resmi web sahypasynda noýabr aýynyň ahyryna çenli ähli ugurlar boýunça “bilet ýok” diýen ýazgy görkezilýär. Şol bir wagtyň özünde, indiki aý üçin satyljak biletler barada hem maglumat berilmeýär.

"Para berene bilet tapdyrýar"

Bilet ýetmezçiligini aşgabatly we daşoguzly ýolagçylar hem tassyklaýarlar. Köp ýolagçy otly işgärlerine 300 manat para berseň, kassalarda ýa-da onlaýn ulgamlarda satylmaýan biletleri dessine tapyp bolýandygyny belleýär.

“Para berenimden soň, kupeden ýer berdiler. Wagonyň ýarysy boşdy” diýip, daşoguzly ýolagçy anonimlik şertinde aýtdy.

Demirýol gullugynyň ýerli edaralarynyň işgärleri bilet ýetmezçiliginiň ýitileşmegi barada ilata aç-açan düşündiriş bermeýärler.

Şeýle-de, ýolagçylaryň ençemesi resmileriň kassalarda we onlaýn ulgamda tapdyrmaýan biletleriň otly işgärleri tarapyndan paranyň öwezine satylmagy barada edilýän arz-şikaýatlara hem kanagatlanarly jogap bermeýändigini aýdýar.

Habarçymyz diňe otly biletleriniň däl, eýse welaýatara awtobus gatnawlary üçin hem biletleriň tapdyrmaýandygyny aýdýar. Ol munuň sebäbini welaýatara awtobus gatnawlarynyň sanynyň azalandygy bilen düşündirýär.

“Käbir wokzallarda diňe gündizki ugurlar galypdyr, gijeki gatnawlar bolsa ýatyrylypdyr. Öň Mary bilen Türkmenabat aralygynda her iki sagatdan awtobus çykýardy. Indi diňe irden bir sapar bolýar, ol hem köplenç doly bolýar. Adamlar oturara ýer tapman aýakda gidýärler” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Taksi nyrhlary gymmatlady

Bilet ýetmezçiliginiň arasynda, hususy ulagynda kireý edýän sürüjileriň hyzmatlaryna bolan talap göz-görtele artdy. Bu bolsa, taksileriň ýol kireý nyrhlarynyň gymmatlamagyna getirdi.

“Aşgabatdan Lebaba çenli ýol üçin 800 manat berdim, öň 500 manatdan gymmat däldi” diýip, şu hepdäniň başynda Türkmenabat şäherine baran aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Daşoguz-Lebap aralygy üçin ýol kireý nyrhlary hem tas iki esse gymmatlady. Bu ugur boýunça ýygy-ýygydan sapar edýän türkmenabatly ýaşaýjylaryň birnäçesi mundan ozal 200 manat bolan ýol kireý nyrhynyň häzir 450 manada ýokarlanandygyny aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda “Türkmendemirýollary” agentliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri hökümet maslahatlarynda ýurduň transport ulgamynyň kämilleşdirilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýar.

Muňa garamazdan, Türkmenistanda ilat uçar we otly biletleriniň ýeter-ýetmezçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolýar. Bu problema uly baýramçylyklarda we dynç alyş möwsüminde has-da ýitileşip, biletleriň töweregindäki para-berimi hem möwjedýär.

Türkmen häkimiýetleri we ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG