Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly yzarlanýandygyny aýdyp, maşgalasynyň howpsuzlygyndan aladalanýar


Türkiýede ýaşaýan türkmen raýaty Ahmet Rahmanow
Türkiýede ýaşaýan türkmen raýaty Ahmet Rahmanow

Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly öňki aktiwist Ahmet Rahmanow özüniň we maşgalasynyň howpsuzlygyndan howatyrlanýar. Azatlyk Radiosynyň we “Migrant Media” proýektiniň öňki habarçysy birnäçe adam tarapyndan yzarlanýandygyny, telefon we Internet ulgamlary arkaly haýbat atylandygyny aýdýar.

Ol 6-njy noýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda 19-njy oktýabrda gijäň ýaryna golaý özlerini “žandarma” diýip tanadan bäş adamyň Bursadaky öýüne gelendigini we olardan ikisiniň jaýyň içine girendigini gürrüň berdi.

“Ýaman niýet bilen gelendiklerini bilmedik. Içeri girenden soň göz gezdirler, çagalaryň aýakgaplaryny gördüler. Şondan soň olar “biz seniň aýak-eliňi döwmäge geldik” diýdiler. Şular ýaly buýruk bilen Stambul Küçükçekmejeden geldik diýdiler. Seretdik, sen gowy adam ekeniň, saňa zyýan ýetirmek islemeýäris. Ýöne sen şundan soň daşara çykma, biz saňa jaň edip durarys, sen hem jogap berip dur” diýdiler” diýip, Rahmanow aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şondan soňra bu adamlar oňa WhatsApp ulgamy arkaly yzygiderli jaň edip, öýden çykmazlyk barada haýbat atdylar. 21-nji oktýabrda Rahmanow ýerli migrasiýa edarasyna baryp, bolan ýagdaýlary gürrüň berýär.

Migrasiýa resmileri oňa bu adamlaryň döwlet edarasynyň işgärleri bolup bilmejekdigini, sebäbi Stambuldaky “žandarma”, ýagny kanun goraýjy edaranyň işgärleriniň ýurduň beýleki şäherlerine iberilmeýändigini aýdyp, tizden-tiz polisiýa we prokuratura edaralaryna ýüz tutmagy maslahat berýärler.

Rahmanow ýerli polisiýa işgärlerine wakany gürrüň berendigini, olaryň özleri bilen gürrüňdeşlik geçirendigini we derňew işini gozgandygyny aýtdy.

“Türk polisiýa işgärleri [wakanyň arakasynda] Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň bolmagy gaty ähtimal. Sebäbi sen žurnalist. Türkmenistan hakynda ýazan bolsaň, şolaryň adamlary bolup biler diýip, aýtdylar” diýip, Rahmanow belledi.

Ol özüniň hiç kim bilen konfliktiniň ýokdugyna ünsi çekip, žurnalistika işi sebäpli mundan ozal hem nämälim türkmen raýatlary tarapyndan haýbatlara sezewar bolandygyny aýtdy.

“Ýöne men hiç haçan hiç kim bilen gapma-garşylyga girmedim. Aktiwistler Alişer Sahatow bilen Abdulla Orusow ýitirim bolanda sosial ulgamlarda olaryň ýagdaýyna birnäçe gezek ünsi çekenimden soň, teswirlerde haýbat atyldy. Men şondan soň bu çykyşlary hem bes edip, hemmeler bilen aragatnayşygy kesdim” diýip, Rahmanow aýtdy.

Şeýle-de, ol indi tas üç hepdä golaý wagt bäri öýlerinden erkin çykyp bilmeýändiklerini, çagalarynyň mekdebe gidip bilmeýändigini belläp, derňewiň netijelerine, şol sanda öýlerine gelen adamlaryň anyklanmagyna garaşýandygyny hem aýtdy.

Soňky ýyllarda, hususan-da, 2023-nji ýyldan bäri Türkiýede we Russiýada ençeme türkmenistanly zor bilen ýitirim edilip, soň Türkmenistana alnyp baryldy.

Olaryň arasynda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew), Mälikberdi Allamyradow, Röwşen Gylyjow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow, Serdar Durdylyýew we Merdan Muhammedow bar. Olaryň birnäçesiniň ykbaly häzire çenli näbelli bolmagynda galýar. Bu raýatlar Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik we korrupsiýa ýaly meselelere ünsi çekip, çykyş edipdiler.

Türkmen aktiwistleri Sahatow we Orusow şu ýylyň 28-nji aprelinde tussag edilip, Sinop şäheriniň polisiýa merkezine alnyp gidildi. Soňra olar dereksiz ýitirim boldy. Sahatowyň aýaly adamysy bilen soňky gezek 24-nji iýulda telefon arkaly habarlaşandygyny, şonda onuň türk deportasiýa merkezinde saklanandygyny aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň dünýäniň iň bir ýakyk we repressiw ýurtlarynyň biridigine ünsi çekip, aktiwistlere Türkmenistana deportasiýa edilmek howpunyň abanýandygyny aýdýarlar we ykbalyna uly aladalanma bildirýärler.

51 ýaşyndaky Rahmanow 2022-2024-nji ýyllar aralygynda Azatlyk Radiosy bilen dört aý we “Migrant Media” proýekti bilen 1 ýarym ýyl çemesi hyzmatdaşlyk etdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG