ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Merkezi Aziýanyň bäş liderini bir ýere jemlän duşuşygynda we agşamlyk naharynda, Waşingtonyň sebitdäki täsirini berkitmäge gönükdirilen köp sanly söwda, diplomatik we mineral ylalaşyklaryny yglan etdi.
Ak Tamda uzyn stoluň başynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio we wise-prezidenti J.D. Wansyň ýanynda oturan Tramp, Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklaryny "öňküden-de güýçlendirmäge” ygrarlydygyny aýtdy. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri bolsa gatnaşyklaryň “täze döwrüni” tarypladylar.
“Biz ykdysady hyzmatdaşlyklarymyzy berkidýäris, howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygymyzy kämilleşdirýäris we umuman giňeldýäris. Jemläp aýdanyňda, diňe şu gysga döwürde gatnaşyk baglary hem-de örän uly möçberde söwda amala aşyryldy” diýip, Tramp çykyşynda nygtady.
“Gynansak-da, öňki amerikan prezidentleri bu sebiti düýpden ünsden düşürdiler,” “Men bu sebitiniň ähmiýetine düşünýärin,” emma “köp adam muny bilmeýär” diýip, ABŞ prezidenti belledi.
Agşamky iş naharynyň öň ýany, Gazagystan ABŞ bilen täze bilelikdäki hyzmatdaşlygyň çäginde dünýäniň iň uly, entek doly özleşdirilmedik wolfram känleriniň birini göz öňünde tutýan taslamany ösdürmek boýunça iri mineral ylalaşygyny mälim etdi.
Ylalaşyga görä, amerikan Cove Kaz Capital Group kompaniýasy taslamanyň 70% paýyna eýe bolar we gazak döwlet magdan kärhanasy bilen bilelikde dolandyrar. Taslamanyň bahasynyň 1.1 milliard dollar boljakdygy çaklanylýar, we bu aralykda ABŞ-nyň Eksport-Import banky proýekt bilen baglylykda 900 million dollary maliýeleşdirmek boýunça gyzyklanma hatyny çap etdi.
Sammitiň jemleri boýunça gelnen beýleki netijeleriň arasynda Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň milli awiakompaniýalary üçin umumy hasapda 37 sany Boeing uçaryny satyn almak baradaky, üstünde ýene işlenmeli ylalaşyk hem bar. Mundan başga, Gazagystan ABŞ kompaniýalary bilen 17.2 milliard dollarlyk 30-dan gowrak ylalaşyga gol çekilendigini mälim etdi.
Diplomatik ugry boýunça, Gazagystan Ybraýym Ylalaşygyna goşulmagy göz öňünde tutýandygyny yglan etdi. ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda ilerledilýän bu ylalaşyk Ysraýyl bilen arap we musulman ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çarçuwasyny göz öňünde tutýar.
ABŞ resmileri sammitiň maksadynyň Waşingtonyň Merkezi Aziýa bilen has yzygiderli ýagdaýda gatnaşmak baradaky täze meýillerini äşgär etmekdigini bellediler.
“Biz köplenç krizislere we meselelere şeýle köp wagt sarp edýäris welin, - munuň üns talap edýändigini bilýäris -- käte eýýäm bar bolan täze ajaýyp mümkinçiliklere ýeterlik üns bermeýäris,” diýip Rubio 6-njy noýabrda Merkezi Aziýanyň bäş lideri bilen geçirilen ertirlik iş naharynyň dowamynda aýtdy.
Rubio bar bolan bu täze mümkinçilikleriň Merkezi Aziýa döwletleriniň milli bähbitleri bilen utgaşýandygyny hem belläp geçdi.
Merkezi Aziýanyň ABŞ bilen gatnaşyklarynda täze sahypa
Merkezi Aziýa döwletleri ABŞ bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak arkaly, Hytaýyň we Russiýanyň sebitdäki agdyklyk edýän söwda we howpsuzlyk täsirlerini deňagramlaşdyrmaga çalyşýarlar.
Waşingtondaky sammitiň öň ýany, şu ýylyň dowamynda beýleki iri güýçler hem Merkezi Aziýa sebiti bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak boýunça tagalla etdiler. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin sentýabrda Täjigistanda Merkezi Aziýa liderleri bilen sammite gatnaşdy, Hytaýyň lideri Si Szinpin bolsa iýun aýynda sebitiň prezidentleri bilen duşuşyk geçirmek üçin Gazagystana sapar etdi.
Ýewropa Bileleşigi hem aprel aýynda Özbegistanda sebit liderleri bilen sammit geçirip, onuň dowamynda infrastruktura maýa goýumlaryny we Merkezi Aziýanyň möhüm minerallaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Mineral serişdeleri Waşingtondaky sammitiň gün tertibinde hem orun aldy. Merkezi Aziýada seýrek ýer elementleriniň, ýagny ýel turbinalaryndan başlap smartfonlara, söweş uçarlarynyň hereketlendirijilerine çenli ulanylýan 17 elementiň uly gorlary, şeýle-de uran, mis, altyn we beýleki strategiki minerallaryň uly zapaslary bar; bularyň ählisi dünýäniň “has ýaşyl” energiýa ulgamlaryna geçmek tagallalarynyň çäginde möhüm orun eýeleýär.
Gazagystandaky wolfram ylalaşygyny baglaşan Cove Kaz Capital Group kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Pini Althaus bu ylalaşygy “ABŞ we onuň möhüm minerallara bolan talaplary üçin nesillere uzajak ýeňiş” diýip atlandyrdy we Reuters agentligine Tramp bilen Söwda sekretary Howard Lutnigiň strategik känlerini Hytaý kompaniýalarynyň eline geçmeginiň öňüni almak üçin, gepleşiklere hemaýat berendiklerini aýtdy.
Düýbi Londonda ýerleşýän PRISM strategiki aňtaw firmasynyň analiz bölüminiň ýolbaşçysy Ben Godwiniň Azatlyga aýtmagyna görä, sammitde Merkezi Aziýanyň mineral baýlyklaryna ünsüň jemlenmegi, bu sebit liderleriniň Waşingtonyň ünsüni gazanmak boýunça uzak wagtdan bäri alyp baran strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar.
“Merkezi Aziýa döwletleri möhüm minerallar ugruny doly ulanyp, munuň bilen ABŞ-nyň sebite we ýerli ykdysadyýetler üçin has möhüm bolan beýleki meselelere hem has işjeň gatnaşmagyny gazanmak isleýärler” diýip, Godwin aýtdy.
ABŞ-nyň möhüm minerallara bolan gyzyklanmasy eýýäm beýleki gapylary hem açyp başlana meňzeýär.
Ak tamdaky duşuşyklardan soň, senatorlaryň iki partiýaly topary Sowuk urşy döwründen galan Jekson-Wanik söwda çäklendirmelerini ýatyrmak boýunça kanun taslamasyny hödürledi; käbir kanun çykaryjylar bu kadalaryň ABŞ maýasynyň Merkezi Aziýa girmegine böwetleri döredýändigini aýdýarlar.
Bu ylalaşyklar Waşington bilen Pekiniň söwda söweşinde arakesme gazanmagynyň arasynda bolup geçýär we seýrek ýer elementleriniň eksporty boýunça bäsdeşligiň güýçlenmegine gabat gelýär.
Oktýabryň aýagynda Tramp bilen Siniň duşuşygynyň yz ýany, Pekin seýrek ýer elementlerine ozal salan käbir eksport çäklendirmelerine bir ýyllyk arakesme girizdi.
Waşington indi metallar boýunça Pekiniň täsirinden sowa geçmegiň täze ýollaryny gözleýär. Hytaý dünýäde seýrek ýer magdanlarynyň tas 70%-iniň gazylyp çykarylmagyna, we olaryň takmynan 90%-iniň gaýtadan işlenmek prosesine gözegçilik edýär.
Merkezi Aziýa uzak möhletli çeşme bolup bilse-de, sebit öz serişdelerini özleşdirmek üçin iňňän zerur bolan täze maýa goýumlarynyň akymyna umyt baglaýar.
Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Strategiki we Halkara Barlaglar ylmy-barlag merkeziniň täze hasabatynda “Hytaý we rus sermaýasynyň sebitiň magdan çykaryş, gaýtadan işlemek we logistika ulgamlaryna agdyklyk edýändigi” aýdylýar we “Günbataryň maýasyny yzda saklaýan gurluşlaýyn päsgelçilikleriň, günbatara tarap ýeterlik ösmedik ulag ugurlaryndan başlap, yzygiderli energiýa ýetmezçiligine çenli dowam edýändigi” bellenilýär.
Tramp administrasiýasy 6-njy noýabrda ABŞ-nyň ykdysadyýeti we milli howpsuzlygy üçin zerur diýlip hasaplanýan minerallar sanawyna ýene 10 maddany goşdy. Olaryň arasynda elektrik ulaglary, elektrik torlary we maglumat merkezleri üçin möhüm mis, şeýle hem polat önümçiliginde koks ýangyjyny taýýarlamak üçin ulanylýan metallurgiýa kömri bar.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy noýabrda Waşingtondaky sammitde eden çykyşynda onuň çäginde “kabul edilen kararlaryň Merkezi Aziýa bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňelmegine we ösmegine hemaýat berjekdigine ynanýandygyny” aýtdy, we Trampa myhmansöýerligi üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanly synçylar, ozal “iňlis dilini bilýän”, şol sanda “Ýewropanyň okuw jaýlarynda bilim alan” diýlip tanyşdyrylan Serdar Berdimuhamedowyň, ABŞ-da prezident Donald Trampa rus dilinde ýüzlenmeginiň özlerinde we söhbetdeş bolýan käbir raýatlarynda “sorag döredendigini” aýdýar.
"Dogrudanam, Ženewanyň howpsuzlyk syýasaty merkezini, Moskwanyň diplomatiýa akademiýasyny okap gutaran ýaş prezidentiň iňlis diliniň iň bolmanda gepleşik stilini bilmezligi hem birnäçe soraglary döredýär, ilkinji nobatda, ýaş prezident Serdar Berdimuhamedowyň şeýle keşbini metbugatda we döwlet mediasynda ýaradan türkmen režiminiň ýolbaşçylaryna " diýip, ýerli baýry professor anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Sammitiň dowamynda Gazagystanyň prezidenti iňlisçe, özbek prezidenti rusça, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň liderleri bolsa, öz milli dillerinde çykyş etdiler.
Forum