Türkmenistan 5-nji noýabrda Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini iberdi. Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugy 6-njy noýabrda çap eden habarynda kömegiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan iberilendigini aýtdy.
Doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermegiň wajypdygyny aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de hasapçysy Ýelena Çernowa degişli tabşyryklary berdi” diýip, TDH belleýär.
Habarda ynsanperwerlik kömegi hökmünde mätäç çagalara gerek bolan däri-dermanlaryň, azyk we iýmitiň, egin-eşik önümleriniň, durmuşda zerur bolan beýleki önümleriň iberilendigi aýdylýar.
Owganystanyň demirgazygynda 2-nji noýabrdan 3-nji noýabra geçilen gije bolan ýertitremede, 6-njy noýabrdaky maglumatlara görä, 30-a golaý adam öldi we 1000-e golaý adam ýaralandy. Şeýle-de, ýüzlerçe ýaşaýyş jaýy ýumruldy.
ABŞ-nyň Geologiýa gullugy Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Holm etrabyndan 35 kilometr uzaklykda 6,3 bal güýjünde ýertitremäniň bolandygyny habar berdi.
Şeýle hem, sarsgynlar Täjigistanda, Gazagystanda, Özbegistanda, Türkmenistanda we goňşy Pakistanda hasaba alyndy, bu bolsa seýsmiki wakanyň giň ýaýrandygyny görkezýär.