Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Ene-ata garyp çagalaryna ýük bolýar', garrylar öýüne düşýär


Türkmenistanyň ýaşaýjylary (arhiw suraty)
Türkmenistanyň ýaşaýjylary (arhiw suraty)

Türkmenistanda hökümet tarapyndan açyk boýun alynmaýan sosial problemalar ýitileşýär. Garry maýyp ene-atasynyň we maşgala agzalarynyň pensiýasyna ýaşaýan ýa-da olary döwlet penahanasyna tabşyryp, emlägini satyp, gün görýän maşgalalaryň köpelmegi ilatyň durmuş derejesiniň gitdigiçe peselmeginden habar berýär.

Pensiýa ýaşyndaky türkmenistanlylar tutuş ömri çeken zähmeti üçin häzir döwletden alýan maddy serişdeleriniň azygyna, dermanlaryna az bolup, zordan gün görýändigini aýdýarka, käbir ýaşulular ujypsyz pensiýasyna çagalaryna we agtyklaryna kömek bermägä çalyşýandygyny gürrüň berýärler.

"Her pensiýamy alanymda agtyklarym daşyma üýşýär. Olar ujypsyzja bolany sebäpli duran ýerinde her agtygyma 10-20 manat berýän welin, gutarýar" diýip, türkmenistanly ýaşuly gürrüň berdi.

Ýene bir ýaşuly durmuşynyň örän gözgynydygyny, hiç bir begençli pursadyň ýokdugyny aýdýar.

"Käte pensiýamyň ujundan ýygnamakçy bolsam, çagalarym ýygnanja 100 manadymy alýan halatlar bolýar. Türkmenistanda pensioner, maýyp bolup ýaşamak gaty kyn. Hiç bir zada begenip bolmaýar" diýip, pensioner aýdýar.

Anonimlik şertinde gepleşen türkmenistanlylaryň gürrüň bermegine görä, işsizlik, eklenç meselesi tutuş hojalyklaryň dargamagyna sebäp bolýar. Ýaşy uly söhbetdeşlerimiz az hem bolsa, pensiýasynyň, ýaşamaga jaýynyň bardygyny aýdyp, öz çagalarynyň işsizdigini, olaryň eklenç çeşmesiniň we jaý edinmek mümkinçiliginiň düýpden ýokdugyny aýdýarlar we geljegine aladalanýarlar.

"Harby gullugy, okuwy tamamlap gelen ýaş ýigitler uzakly günlerini iş gözleginde geçirip, iş tapylmajagyna göz ýetirýärler. Daşary ýurtlara çykmagy arzuw edýärler, olam uly maddy çykdajylary talap edýär. Soňra pulsuzlyk ogurlyga, talaňçylyga iterýär" diýip, türkmenistanly aýdýar.

Garrylar bilen bagly 'çykalga'

Käbir maşgalalar maddy ýagdaýy agyrlaşanda meseläni öz garrylarynyň hasabyna çözmäge synanyşýarlar.

"Hojalyklaryň eklenip bilmän ata-enelerini garrylar öýüne tabşyrýan halatlary köpelip barýar" diýip, habarçylarymyz belleýär.

"Kakam ir dünýäden gaýtdy, menem oglumy alyp daşary ýurda işe gitjek bolýaryn. Ejeme seretmäne adam galanok. Iki gyz doganym bar olaram ejemi öz ýanlaryna almajakdygyny aýtdylar, meniň gelnim ýarawsyz, onuň özüne seretmäne adam gerek" diýip, bir maşgalanyň başy öz maşgalasyndaky ýagdaýy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ejesini garrylar öýüne ýerleşdirmek karary ruhy taýdan näçe agyr düşse-de, ony berjaý etmek esli maddy çykdajylary hem talap edipdir.

"Ejemi welaýatyň garrylar öýüne eltip ýerleşdirjek bolsam, bizde ýer ýok diýdiler we başga bir welaýatyň garrylar öýüni salgy berdiler. Ol ýerde ejemi alyp galmak üçin 500 dollar soradylar" diýip, türkmenistanly gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary öz ýakynlaryny garrylar we maýyplar öýlerine tabşyran ýa-da tabşyrmaga synyşýan birnäçe adamyň ýagdaýy barada habar berdiler.

Şeýle maşgalalaryň biri ejesini garrylar öýüne ýerleşdirip, onuň jaýynda ýaşaýan bolsa, beýlekisi satyp, bergilerini üzlüşýär, ýa-da bu puly daşary ýurda gazanja gitmek üçin ulanýar.

Bir türkmenistanly ene-atasynyň jaýyny satyp, kiçiräk jaýda kireý töläp ýaşaýar. Emma ol puly gutaransoň näme boljagyny bilmeýändigini aýdýar.

Adyny agzamazlyk şerti bilen gürleşen başga bir adam öz maýyp oglan jigisini maýyplar öýüne tabşyryp, kakasyndan galan miras jaýyny satypdyr we şol puly bilen gaýynlarynyň öýüne ýaşamaga barypdyr.

"Hemişelik ýaşamana gaýynlarymyz, gelnimiň öýüne göçüp, geldik. Aradan bir ýyl geçmänkä kakamyň satylan jaýyndan galan pul gutardy. Hojalykda goh-galmagal bolup, gaýynymyň öýünden çykyp gaýtmaly boldum, kireýe jaý alyp, ýaşamaly bolýarys" diýip, türkmenistanly gürrüň berdi.

Ene-atasyny, maýyp çagasyny...

Ahally bir ýaşuly öz ýaşaýan ýerinde hem ene-atasyny saklap bilmän garrylar öýüne tabşyrýan maşgalalaryň kändigini belläp, çagalarynyň näderejede kyn günde ýaşaýandygyny görýän gartaşan adamlaryň örän gynanýandygyny gürrüň berdi.

"Garry adamlar çagalaryna agram bolmajak bolýarlar, 'çaltrak dünýäden ötüp gitsek" diýýänler az däl. Pulsuzlyk, ýeter ýetmezçilik çagalaryny ene-atadan sowýar, ene-ata agram görülýär" diýip, ýaşuly aýdýar.

Sosial üpjünçilik edarasynda işleýän çeşmeleriň biri "ene-atasyny we ýaş maýyp çagasyny getirip, tabşyrýan köpeldi. Adamlar üsti-üstüne ýatyrlar" diýip, penahanalaryň adamdan doludygyny aýtdy.

"Öňler garrylar we maýyplar öýlerine hossarlary bolmadyk adamlar köp düşýärdi. Häzir öz çagalary we doganlary tarapyndan eltilip, gaýdýan adamlar köp" diýip, çeşme belledi.

Döwletiň garamagyndaky garrylar, maýyplar we çagalar öýlerindäki ýagdaý hökümet resmileriniň çykyşlarynda onlarça ýyl bäri düýpden agzalman gelýär. Şeýle-de, ýurtda ilat arasyndaky işsizligiň, garyplygyň derejesi boýunça resmi sanlar çap edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG