ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Kiýewe “Tomahawk” raketalaryny bermegi göz öňünde tutmaýandygyny ýene-de bir gezek aýtdy. Kiýew Kremliň Ukrainanyň şäherlerine howa hüjümlerini güýçlendirýän wagtynda bu raketalaryň Russiýa garşy göreşmekde möhüm rol oýnaýandygyny aýdyp, Waşingtondan olary bermegi haýyş edipdi.
2-nji noýabrda “Air Force One” uçarynda bolan žurnalistiň Ukraina ösen kruiz raketalaryny bermegi göz öňünde tutup-tutmaýandygy barada beren soragyna Tramp: “Ýok, hakykatdanam ýok” diýip jogap berdi, ýöne soňra ol pikirini üýtgedip biljekdigini hem sözüne goşdy.
Tramp ABŞ-nyň Ukraina "Tomahawk" raketalaryny berip biljekdigini wagtal-wagtal aýtdy, emma soňky döwürde ol bu pikire garşy çykan ýaly boldy. Trampyň soňky jogaby Kiýewiň olary almagyna bolan umytlaryny has-da gowşadyp biler.
12-nji oktýabrda žurnalistler Trampdan Kiýewe "Tomahawk" raketalaryny berjekdigi ýa-da bermejekdigi baranda soranlarynda, ol "göreris... mümkin" diýip jogap beripdi.