Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň demirgazygynda adam pidalaryna getiren ýer titreme boldy


Owganystanyň saglyk işgärleri 3-nji noýabr gijesi Mazari-Şarifde bolan ýer titremeden soň ýaralanan adamy hassahanada bejerýärler.
Owganystanyň saglyk işgärleri 3-nji noýabr gijesi Mazari-Şarifde bolan ýer titremeden soň ýaralanan adamy hassahanada bejerýärler.

3-nji noýabrda daňdan Owganystanyň demirgazygyndaky Mazari-Şarif şäheriniň golaýynda 6,3 bal güýjünde ýer titremesi bolandan soň, bilermenler "uly adam pidalarynyň" bolmagyndan howatyrlanýarlar. Bu tebigy hadysa Owganystanyň gündogar böleginde bolan weýran ediji ýer titremeden bary-ýogy iki aý soň boldy.

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçiligi gullugy öz görkezijileriniň 523 müň töweregi ilatly şäheriň töwereginde "uly pidalaryň bolmagynyň mümkindigini we giň gerimli betbagtçylygyň uly ähtimallygyny" görkezýändigini aýtdy.

Sosial mediada paýlaşylan maglumatlarda ýer titremeden soň harabalyklaryň aşagynda galan adamlara kömek etmek üçin edilýän halas ediş işleriniň wideolarydygy aýdylýan pursatlar görkezildi. Wideolary garaşsyz çeşmelere tassyklatmak häzirlikçe başartmady.

Deslapky maglumatlarda owgan saglygy goraýyş resmileri azyndan 20 adamyň ölendigini we başga-da 320 töweregi adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Owganystanyň "Talyban" tarapyndan dolandyrylýan häkimiýetleri Balh we Samangan welaýatlarynyň käbir bölekleriniň iň köp zyýan çeken sebitler ýaly bolup görünýändigini bellediler.

XS
SM
MD
LG