Türkmenistanda ilatyň ähli gatlaklarynyň mejbury görnüşde gatnaşdyrylmagynda geçirilýän pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Pagta meýdanlarynda daýhanlardan we günlükçilerden başga býujet işgärlerini, esgerleri, öňki bendileri, wagtlaýyn tussag edilen raýatlary ýa-da aliment bergidarlaryny görse bolýar. Bu ýagdaý Türkmenistanyň ABŞ-nyň mejbury zähmeti ulanýan ýurtlaryň sanawyndan aýrylan pursadyna gabat gelýär.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistany mejbury zähmeti, “adam söwdasynyň" ol ýa-da beýleki islendik görnüşini höweslendirýän ýurtlaryň sanawyndan aýyrdy. Bu barada ABŞ-nyň döwlet departamentiniň web sahypasynda ýerleşdirilen hasabatda aýdylýar.
Resminamada anyklaşdyrylmagyna görä, Birleşen Ştatlarda adam söwdasynyň iki esasy görnüşi – jynsy ekspluatasiýa we mejbury zähmet nazarda tutulýar.
Analitikler dürli ýurtlardaky ýagdaýlary öwrenip, olary birnäçe kategoriýa bölýärler. Mysal üçin, hökümetleri adam söwdasyna garşy standartlary berjaý edýän ýurtlaryň sanawy bar; beýleki bir sanawda häkimiýetleri şeýle negatiw hadysalary we şuňa meňzeş zatlary ýok etmek üçin tagalla edýän ýurtlar görkezilýär.
Şeýle-de, Döwlet departamenti oba hojalygynda ýa-da tokaý hojalygynda, lagerlerde jynsy gulçulyga ýa-da çagalary esgerlige almak syýasatyny ýa-da nusgalaryny ulanýan ýurtlaryň sanawyny düzýär.
Geçen ýylyň hasabatynda Türkmenistan bu kategoriýadaky ýurtlaryň sanawyna goşulan bolsa, indi ýörite gözegçiligi talap edýän ýurtlaryň sanawyna geçirildi diýlip, hasabatda bellenýär.
Mejburlyk güýçlenýär
Bu aralykda Türkmenistanda mejbury zähmet tejribesi giňden dowam edýär. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we döwlet edaralaryndaky çeşmeleri tas ähli pudakda mejbury zähmetiň yzygiderli ulanylýandygyny, bu tejribäniň soňky ýyl hasam ýaýbaňlanandygyny nygtaýarlar.
"Balkanda şu ýyl dynç günleri mugallymlar, saglyk, aragatnaşyk, transport işgärleri, şol sanda awto-taksi park sürüjileri pagta ýygyma mejbury çekilýär, olar mugt işledilýär we olaryň ýygan pagtasyna pul tölenmeýär" diýip, günbatar welaýatdaky habarçymyz 3-nji oktýabrda habar berdi.
Çeşmeleriň bellemegine görä, ýagdaý ozalky ýyllardan agyrlaşypdyr.
"Ozalky ýyldan tapawut - býujetçiler mugt ýygmaga mejbur bolýarlar, ýerli häkimlik býujet işgärleriniň aýlyk alýandyklaryny bahana edip, olary dynç günleri pagta ýygmaga mejbur edýär" diýip çeşme aýdýar.
Beýleki welaýatdaky çeşmeleriň soňky maglumatlaryna görä, ýerli býujet işgärleri hem edil şeýle ýagdaýda. Emma mejbury zähmet diňe häzirki pagta kampaniýasy bilen çäklenmeýär.
"Mejbury zähmet köçe-ýol töwereklerini arassalamak, oba hajylygynda gowaça ýekelemekden ýygym gutarýança işlemek, pile gurçuguny idetmek, döwletiň çärelerine we prezidentiň saparlary wagtynda mugt işlemek ýaly mejburlyklar arkaly ulanylýar. Galyberse, ýerli ýolbaşçylar öz garamagyndaky sürüjileri, işçileri öz gapysynda saklap, öz çagalarynyň we aýalynyň bazara, mekdebe äkidip alyp gelmek we öýleriniň arassaçylygyny berjaý etmek üçin ulanýarlar" diýip, çeşme gürrüň berýär.
Ilat köpçüligi jezalandyrylmak, şol sanda işini ýitirmek gorkusy sebäpli mejbury zähmetden boýun gaçyrmakdan saklanýar. Çeşmeler raýatlaryň özüni goramak üçin mümkinçiligiň ýokdugyny, mejbury zähmete döwlet derejesinde ýyllarboýy ýol berilmeginiň raýatlar üçin çykalga goýmaýandygyna ünsi çekýärler.
Hem işledýärler, hem pul töledýärler
Türkmenistanda mejbury zähmet diňe pagta ýygyma çekilmek bilen çäklenmeýär. Raýatlar arassaçylyk işlerine, jemgyýetçilik çärelerine yzly-yzyna çekilýär. Dynç günleri we dynç alyş döwründe mugallymlar, lukmanlar we beýleki býujetçiler ýowarlara gatnaşmaga mejbur edilýär, olarda kanunda kepil edilen haklaryny talap etmäge mümkinçilik bolmaýar.
Şu aýda Mary welaýatynda täze keselhananyň açylmagyna taýýarlyk görülýär. Inçekesel hassahanasyny açylyşa taýýarlamak üçin şäher hassahanalarynda şepagat uýalaryny arassaçylyk işlerini berjaý etmek üçin köpçülikleýin alyp barýarlar.
"Gijeki smenadaky şepagat uýalary we gündiz smenadaky şepagat uýalary gezekleşdirip, ir sagat 8:00-den öýlän sagat 18:00 çenli şol täze açyljak hassahananyň remontdan soňky hapalaryny aýyrdýarlar. Ondan daşary lukmanlardan gününe 40 manat ýygnap hassahananyň daşynyň arassaçylygyna hakyna tutma işgär tutup, işledyärler" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme 3-nji oktýabrda habar berdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň ençemesi özlerine görkezilýän mejburlygyň soňky ýylda hasam güýçlenendigini gürrüň berdiler. Olar öz wezipe borçlarynyň gapdalyndan iş wagtyndan soň dürli işlere gatnaşmaly, şeýle-de maddy goşant goşmaly. Ozalky ýyllarda olar oba hojalyk ýa-da arassaçylyk işlerine ýa özleri gatnaşmaly bolýardy, ýa-da öz ýerine işçini hakyna tutmak üçin pul tölemeli bolýardy.
Şeýle-de, soňky ýylda býujetçilerden talap edilýän mejbury tutumlaryň mukdary esli köpelipdir.
Sentýabryň ortalarynda býujetçilerden pagta ýygym üçin talap edilen tutumyň mukdary işgärleriň aýlyk hakynyň uly bölegine barabar boldy. Habarçylaryň maglumatlaryna görä, Ahal welaýatynda ýerli döwlet edaralaryň işgärlerinden hakyna tutma ýygymçylar üçin alnan pul 600 manada ýetiripdir. Bu käbir işgärleriň aýlygynyň tas ýarysyna barabar.
Goňşy ýurduň tejribesi
Mundan öň ABŞ-nyň mejbury zähmeti, “adam söwdasynyň" ol ýa-da beýleki islendik görnüşini höweslendirýän ýurtlaryň sanawyndan Özbegistan hem aýryldy. Goňşy ýurduň pagta önümçiliginde hem ilat mejbury iş güýji hökmünde ulanylýar. Onlarça ýyl bäri giňden ulanylýan bu praktika garamazdan, bu ýurda berlen baha biraz gowulanypdy. Hasabatda ýurtda öňegidişligiň bardygyny aýdylypdy. Emma şondan bäri Özbegistanda mejbury zähmet döwlet tarapyndan has açyk ulanylyp başlandy. Býujet işgärleri, şol sanda lukmanlar we mugallymlar ekin meýdanlaryna guramaçylykly häsiýetde ugradylýar.
Şu ýyl Özbegistanda pagta ýygymy sebäpli hatda adatdan daşary ýagdaý girizildi. 26-njy sentýabrda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin 10 günlük adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizilýändigini yglan etdi.
Prezidentiň metbugat gullugynyň habaryna görä, 2025-nji ýylda 875,000 gektar ýere gowaça ekilip, 3,7 million tonna pagta hasylyny almak üçin şertnama baglaşylypdyr.
Türkmenistanyň ýyllyk pagta plany 1 million 250 müň tonnadan ybarat, bu san ençeme ýyl bäri üýtgewsiz galýar. Türkmenistan çyg pagtasyny we pagta önümlerini eksport edýär. Onyň esasy hyrydarlarynyň arasynda Türkiýe, Russiýa we Hytaý bar. Pagtadan öndürlen dokma önümleri ýewropa ýurtlaryna hem alnyp barylýar. Türkmen metbugatyna görä, türkmen pagtasyndan öndürlen dokman önümleriniň 60% eksport üçin niýetlenýär.
Adam hukuklaryny we zähmet haklaryny goraýan halkara guramalary Türkmenistany tankyt edip, mejbury zähmet tejribesini bes etmäge çagyryp gelýärler. Türkmenistanda ilatyň dürli gatlaklarynyň, şol sanda çagalaryň oba hojalyk işlerine gatnaşdyrylýandygyna üns çekildi. Bu problemanyň halkara derejesinde gozgalmagy dünýä belli onlarça söwda markasynyň ozalky ýyllarda türkmen pagtasyndan ýüz öwürmegine getirdi.
ABŞ-nyň Gümrük gullugy 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de, Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizdi. Gümrük gullugy bu kararyny Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagy barada halkara hukuk toparlarynyň berýän hasabatlary bilen esaslandyrdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum