Talyban hökümeti tutuş ýurt boýunça telekommunikasiýa hyzmatlaryny öçürenden soň, 48 sagada golaý wagtyň dowamynda Owganystan bulaşyklyga we bulam-bujarlyga sezewar boldy.
1-nji oktýabrda mobil telefonlarynyň we internet hyzmatlarynyň gaýtadan dikeldilmegi giňden ýeňillik we gahar-gazap duýgusy bilen garşylandy, owganlylar öz durmuşynyň birden agdarylyp, öwrülendigini ýatlaýarlar.
"Şol iki gün hakykat däl ýaly bolup, göründi men özümi erbet düýş görýän ýaly duýdum" - diýip, günorta Kandahar welaýatyndan bir telekeçi aýtdy.
"Bu, söwdamyza, işimize we ýük daşamagymyza uly täsir etdi" - diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň agzalmazlygy şerti bilen söhbetdeş bolan adam gürrüň berdi. "Adaty işimiziň bäş göterimini hem berjaý edip bilmedik" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
"Talyban" 29-njy sentýabrda duýduryş bermän, optiki-süýümli interneti we şol bir sistema bagly bolan öýjükli telefon hyzmatyna elýeterliligi kesdi.
Bu ädim başagaýlyk döretdi, uçar gatnawyny kesdi we adamlary bank hem-de elektron söwda ulgamlaryndan, onlaýn iş ýerlerinden we bilim almak mümkinçiliginden mahrum etdi.
"Talyban" bu kararyň resmi sebäbini görkezmedi. Emma bu hereket, radikal yslamçy toparyň “ahlaksyzlyk” aladalary sebäpli birnäçe welaýatda optiki-süýümli internete girmegi petikläninden birnäçe hepde soň boldy.
Tankytçylar bu kararyň şahsy azatlyklary we erkin maglumat akymyny has giňişleýin basyp ýatyrmagyň bir bölegidigini aýdýarlar.
BMG-nyň Owganystandaky missiýasy Talybany interneti we telekommunikasiýa aragatnaşygyny dikeltmäge çagyrdy we bu petiklenmäniň ýurdy beýleki döwletlerden üzňeleşdirendigini aýtdy.
"Internetiň kesilmegi Owganystany daşky dünýäden bütinleý diýen ýaly kesdi we owgan halkyna ep-esli zyýan ýetirmek howpuny döredýär, şol sanda ykdysady durnuklylyga howp salýar we dünýädäki iň erbet gumanitar krizisleriň birini güýçlendirýär" diýlip, guramanyň beýanatynda aýdylýar.
Aragatnaşygyň kesilmegi adaty owganlara, hususy kärhanalara we hökümet edaralaryna täsir etdi we ýurtdan daşarda ýaşaýan müňlerçe owganly üçin kynçylyk döretdi.
"Biz hiç kime jaň edip, sms iberip ýa-da e-poçta ýollap bilmedik" - diýip, demirgazykdaky Balh welaýatyndan bir adam gürrüň berdi.
Adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen Azadi Radiosyna gürrüň beren adam sözüniň üstüni ýetirip şeýle diýdi: "Bu iki günüň dowamynda adamlar gaty köp kynçylyk çekdi, esasanam telefonsyz ýa-da internetsiz durmuşa öwrenmedik ýaş nesil".
Internet owgan aýallary üçin durmuş zerurlygyna öwrüldi. Olaryň köpüsi Talybanyň 2022-nji ýylda girizen gadagançylygyndan soň işlemek we okamak hukugyny ýitirdi.
Internetiň öçürilmegi aýallaryň arasynda soňky umydyny ýitirmek gorkusyny döretdi.
"Biz 48 sagadyň dowamynda bogulan ýaly bolduk" -diýip, günbatar Hyrat welaýatynda ýaşaýan bir aýal Azadi Radiosyna aýtdy.
"Talyban" döwründe hukuklarynyň köpüsini ýitirenden soň, aýal-gyzlar hatda "interneti, jübi telefonlaryny we birine jaň etmek mümkinçiligini" ýitirýän ýaly duýandygyny aýtdylar.
Forum