Gürjüstandaky oppozisiýa liderleri 4-nji oktýabrda geçiriljek ýerli saýlawlary, soňky aýlarda esasan gowşan hökümete garşy protestleri gaýtadan güýçlendirmek üçin ulanýarlar, ýöne ses berişligi boýkot etmek baradaky çagyryşlar olaryň arasyndaky bölünişikleri görkezýär.
Kawkaz respublikasynda köpçülikleýin demonstrasiýalar 2024-nji ýylyň ahyrynda parlament saýlawlarynda bidüzgünçilikleriň bolandygy baradaky öňe sürmelerden we hökümetiň Ýewropa Bileleşigine goşulmak gepleşiklerini togtatmak baradaky kararyndan soň başlanypdy.
Bu protestler her gün diýen ýaly dowam edýär, ýöne hökümetiň ýörite tussag etmek, agyr jerime salmak we metbugata basyş etmek usullaryny ulanýandygy sebäpli olara gatnaşýanlaryň sany azaldy.
“Gürjüstan uzaga çeken syýasy krizisde. Emma häkimiýetdäki “Gürji arzuwy” partiýasynyň artykmaçlygy bar” diýip, Karnegi Ýewropa merkeziniň ýokary derejeli işgäri Tomas de Waal Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.
“Repressiýalar dowam edýär, ýöne olar gaty ussatlyk bilen amala aşyrylýar. Bular Russiýada görýänimiz ýaly köpçülikleýin repressiýalar däl. Bular dolandyryjy partiýanyň häkimiýet başynda galmagyna mümkinçilik berýän maksatly repressiýalardyr” diýip, ol belledi.
“Içerki we daşarky duşmanlar”
Şu hepde amala aşyrylan iki sany tussag edilme bu meselä ünsi çekdi.
29-njy sentýabrda tanymal aktiwist Gela Hasaýa tussag edildi we ol Tbiliside geçirilen öňki protestleriň birinde bolan çaknyşykda bedene zeper ýetirmekde aýyplandy.
Öňki prezident Mihail Saakaşwiliniň “Birleşen milli hereket” (UNM) partiýasynyň agzasy Zwiad Kuprawa köpçülikleýin protestleri geçirmäge we saýlawlaryň bozulmagyna çagyryş edýän wideosyny çap edeninden soň, 1-nji oktýabrda tussag edildi.
Saakaşwiliniň özi häzirki wagtda 12,5 ýyllyk türme tussaglygyny ýerine ýetirýär we oňa şu hepde 3 million dollardan gowrak jerime salyndy. Ol birnäçe aýyplamada günäli tapyldy. Saakaşwili bu aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny aýdýar.
Şeýle hem şu hepde “Gürji arzuwy” partiýasynyň milliarder lideri Bidzina Iwanişwili häzirki syýasy ýagdaý barada barlyşyksyz beýanat ýaýratdy.
“Ýetip gelýän ýerli dolandyryş saýlawlaryna maskasyz içerki we daşarky duşmanlar tolgunyşyklary döretmek, döwlet agdarylyşygy we öz maksatlaryna ýetmek üçin ýene bir mümkinçilik hökmünde garaýarlar” diýip, ol belledi.
Iwanişwili “daşarky duşmanlaryň” kimdigini aýdyňlaşdyrmady. Emma soňky aýlarda Tbilisi Moskwa bilen has ýakyn gatnaşykda bolansoň, Gürjüstanyň ÝB we ABŞ bilen gatnaşyklary düýpgöter ýaramazlaşdy.
“Häzirki wagtda ýagdaý gaty erbet. Ýurt aşaklygyna barýar” diýip, Germaniýanyň Gündogar Ýewropany öwreniş birleşiginiň (DGO) syýasy alymy Wolker Waýksel (Wolker Weichsel) Azatlyk Radiosynyň Kawkazyň sesi bölümine beren maglumatyndaaýtdy.
“Oppozisiýa umumy bir ýol saýlap almak, saýlawlara gatnaşmak ýa-da gatnaşmazlyk, ýeke kandidat hödürlemek ýa-da hödürlemezlik meselesinde ylalaşyp bilmeýär. Netijede, elbetde, Kremliň [bähbidine] laýyk gelýän bir agzalalygy görýäris” diýip, ol belledi.
Oppozisiýa “bölünişigi”
Oppozisiýa partiýalarynyň köpüsi ýerli saýlawlary boýkot etmek kararyna gelen hem bolsa, Ýewropa Bileleşigine tarapdar iki partiýa muňa goşulmady. Olar “Gürjüstan üçin Lelo” we “Gürji arzuwy” partiýasynyň öňki premýer-ministri Giorgi Gakharianyň ýolbaşçylygyndaky “Gürjüstan üçin” partiýalarydyr. Gakarýa häkimiýetlere garşylyk görkezeninden soň ýurdy terk edipdi. Onuň sabotasiýa aýyplamasy bilen derňew işi dowam edýär.
Kawkaz boýunça tejribeli ekspert De Waal saýlawlary boýkot etmegiň oppozisiýa zyýan ýetirendigi we munuň häkimiýetleriň bähbidine bolandygyny aýdýar.
Bu aralykda, boýkot etmegi goldaýan argumentler saýlawlaryň hakykatdanam erkin we adalatly bolmazlygy baradaky aladalara esaslanýar. Boýkotyň tarapdarlary geçen ýylky parlament saýlawlarynda bolup geçen hukuk bozulmalara ünsi çekýärler we oppozisiýa ýeňiş gazansa-da, netijeleriň häkimiýetler tarapyndan galplaşdyrylyp bilinjekdigini öňe sürýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum