Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aeroportunda ýolagçylaryň ýany bilen getirýän dermanlarynyň elinden alynmagy ýygjamlaşýar


Aşgabadyň halkara aeroportundaky ýolagçylar (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň halkara aeroportundaky ýolagçylar (Illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň halkara aeroportunda daşary ýurtlardan Türkmenistana dolanýan raýatlaryň ýany bilen getirýän dermanlarynyň elinden alynmagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi. Bu ýagdaýlar barada ýakynda Türkiýeden we Polşadan Türkmenistana dolanan türkmen raýatlarynyň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Ýakynda Türkiýeden ejem üçin göze damdyrylýan dermany alyp geldim. Bu derman Türkiýede reseptsiz satylýar. Onuň düzüminde narkotiki jisim hem ýok, we ol Türkmenistanda umuman ýok derman. Aeroportda goşlarymy barlanlarynda “derman bolanok” diýip, elimden alyp galdylar” diýip, adyny Gadam diýip tanadan maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Gadamyň we daşary ýurtlara ýygy-ýygydan sapar edýän türkmen raýatlarynyň ençemesiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Döwlet gümrük gullugynyň aeroportdaky işgärleri diňe “türkmen lukmanlarynyň resepti bolan ýagdaýynda, dermanlary geçirip bolýandygyny” aýdýarlar.

"Witaminleri-de geçirmeýärler"

“Dermanlaryň geçirmezligi bilen bagly ýagdaýlar soňky iki aýyň dowamynda ýygjamlaşdy” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenistanly ýolagçy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ýakynda Polşadan Türkmenistana dolanan migrant hem bu aýdylanlary tassyklap, dermanlaryň geçirilmeýändigi hakyndaky maglumatlaryň mundan iki aý çemesi ozal daşary ýurtlarda, şol sanda Warşawada ýaýrap başlandygyny belleýär.

Ol muňa özüniň hem şaýat bolandygyny aýdyp, şeýle diýýär:

“Men hem ýakynda, öýe dolananymda, ýanym bilen getiren witaminlerimi alyp galdylar. Aslynda, ol witaminler, Ýewropanyň marketlerinde satylýan ýönekeý biologik aktiw goşundylar, emma, şolary hem geçirmediler”.

Şol bir wagtda, ýurduň Döwlet migrasiýa gullugyna ýakyn birnäçe çeşmämiz howa menzilindäki migrasiýa we gümrük resmileriniň hereketini “bikanun” diýip häsiýetlendirýär.

“Aslynda, islendik raýatyň birnäçe dermanyň bir ekzemplaýaryny ýa-da şol bir dermanyň 2-3 sany ekzemplaýyryny ýany bilen getirmäne doly haky bar. Eger-de derman konfiskasiýa edilse-de, konfiskasiýa edilen derman raýatyň gözüniň öňünde zibile atylmaly” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada 3-nji oktýabrda Aşgabadyň halkara aeroportunyň resmilerinden, migrasiýa we gümrük gulluklaryndan telefon arkaly teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Ýurtda ýolagçylaryň ýany bilen getirýän derman serişdelerine çäklendirme ýa-da üýtgeşmeler girizilendigi barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda hem haýsydyr bir habar ýa-da bildiriş göze ilmeýär.

Ilata täsiri we gizlin ýollar...

Ýöne türkmenistanlylaryň ençemesi aeroportdaky bu çäklendirmäniň esasan hem ýurtda tapdyrmaýan ýa-da aşa gymmat bahadan satylýan derman serişdelerini ulanýan näsaglara ýaramaz täsir edýändigini aýdýar.

“Olaryň arasynda dürli nerw kesellerinden, süýji keselinden, ýürek näsazlyklaryndan ejir çekýän hassalar bar” diýip, ýagdaýlardan habarly lebaply lukman anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Bu aralykda, türkmenistanlylaryň ençemesi Aşgabadyň aeroportunda geçirilmeýän dermanlary daşary ýurtlardan Türkmenistana ýük daşaýan ýörite adamlar arkaly ýurda gizlin getirip bolýandygyny aýdýar.

“Goşmaça töleg esasynda, islendik dermany we harydy päsgelçiliksiz ýurda girizip bolýar. Çagam üçin niýetlenen dermany Türkiýeden Türkmenistana haryt daşaýan tanşym bilen ugradýaryn. Her dermany geçirip bereni üçin 15 dollar möçberinde pul alýar. Şeýtmesem başga alajym ýok” diýip, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrant anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanda daşary döwletlerden dolanýan ýolagçylaryň öz ýany bilen getirýän dermanlarynyň elinden alynmagy bilen bagly ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal hem habar beripdiler. Şonda häkimiýetleriň bu çäreleri ýurtda däri-dermanlaryň gytalyp, olaryň bahalarynyň barha gymmatlaýan döwrüne gabat gelipdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG