Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň “Gök” bazarynda arzan bahadan doňdurylan gäwmiş etiniň söwdasy ýola goýuldy. Munuň bilen bir wagtda, hökümet çäklendirmeleri esasynda emeli görnüşde arzanladylan ýerli mal etiniň bahasy gaýtadan ýokarlanyp başlady. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.
“Gök bazaryň içinde, girelgelere ýakyn ýerlerde doňdurylan mal eti satylýar. Onuň bir kilogramynyň bahasy 35 manat bahalanýar. Bu ýerde nobata durýanlaryň sany günsaýyn köpelýär” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bazara baran türkmenabatly alyjylaryň ençemesi häzirlikçe bu etiň söwdasynda çäklendirmäniň ýokdugyny, onuň ähli alyjylar üçin elýeterlidigini we hiliniň ganymatdygyny aýdýar.
“Et doňdurylan hem bolsa, reňki gyzyl we içinde ýeterli derejede ýagy hem bar. Bu etden ýakyn etraplaryň oba ýaşaýjylary hem gelip alýarlar” diýip, türkmenabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşmämiz häzirki wagtda welaýat häkimliginiň iýmit üpjünçilik bölüminiň sebitde emele gelen “et gymmatçylygyny we ýetmezçiligini” çözmek üçin döwlet iýmit ammarlarynda saklanylýan ätiýaçdaky doňdurylan mal etlerini satuwa çykarandygyny aýdýar. Ýöne ol bu etiň ätiýajynyň hem çäklidigini aýdyp, munuň uzaga çekmejekdigini çaklaýar.
Mal eti ýene gymmatlaýar
Bu aralykda, hökümet çäklendirmeleri, bahalara edilýän bikanun gözegçilik esasynda emeli görnüşde arzanladylan ýerli mal etiniň bahasy gaýtadan ýokarlanyp başlady.
“Bazarda hökümet tarapyndan doňdurylan etiň satuwa çykarylmagy bilen, ýerli mal etiniň bahasyna gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň sany hem azaldy. Netijede, biz hem etiň bahalaryny 100-101 manada galdyrdyk. Mal etini 90-95 manatdan satmaga mejbur edilen günlerimizde gaty uly ýitgi çekdik” diýip, “Gök” bazarynyň et satyjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Geçen hepde Türkmenabatda iri we ownuk şahly mallaryň etiňiň bahasy 120 manatdan 90 manada çenli arzanlady.
Şonda şäher häkimligindäki çeşmämiz mal etiniň arzanlamagynyň öndürilýän önümiň köpelmegi, et söwdasy bilen meşgullanýan adamlara döredilen goşmaça mümkinçilikler bilen bagly däl-de, eýsem öňden gelýän bahalara edilýän bikanun gözegçilik bilen baglanyşyklydygyny aýdypdy.
“...halky köşeşdirmek üçin, häkimiýetler Içeri işler ministrliginiň ýerli edaralary bilen gürleşip, etiň bahasyny 90 manada düşürmek üçin, bazarlarda nyrhlara gözegçilik edýän polisiýa işgärlerini goýdular” diýip, çeşme aýtdy.
Bu wakalar, soňky aýlarda Türkmenistanda mal etiniň dowamly gymmatlamagy barada berilýän habarlaryň yz ýanyna gabat geldi. Iýul aýynda Türkmenabatda hususan-da, 80 manada duran çylka etiň bir kilogramy birden 105 manada ýokarlandy. Häzirki wagtda ýurduň dürli sebitlerinde bir kilogram etiň bahasy 120 manada çenli ýetýär.
Garaşsyz “Turkmen.news” neşiri 8-nji oktýabrda çap eden maglumatynda paýtagt Aşgabatda bir kilogram etiň bahasynyň 175 manada ýetendigini, şol bir wagtda, onuň hiliniň pese gaçýandygyny habar berdi. Azatlyk bu maglumaty häzirlikçe öz habarçylaryna tassykladyp ýa inkär etdirip bilmedi.
Malyň bagry we ýüregi hem gymmatlaýar
Bu aralykda, Türkmenabadyň bazarlarynda iri we ownuk şahly mallaryň bagrynyň we ýüreginiň bahasy hem gymmatlaýar. Häzir bagryň bir kilogramy 90 manat we ýüregiň bir kilogramy 100 manat bahalanýar.
“Adatça et gymmatlanda, bahasy arzan bolanlygy sebäpli, köp adam malyň bagryny we ýüregini satyn alýardy. Häzir bu mümkinçilik hem aradan aýrylýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň ençemesi aýdýar.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda şäher häkimliginden, ýerli söwda edarasyndan we agzalan bazaryň administrasiýasyndan resmi teswir alyp bilmedi.
Türkmenistan ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilmegi üçin uly işleriň edilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýar.
Muňa garamazdan, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, köp türkmenistanly azygyň yzygiderli gymmatlaýandygyny we munuň öz güzeran eklençlerini barha kynlaşdyrýandygyny aýdyp gelýär.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda azyk önümleriniň, şol sanda etiň bahasynyň gymmatlamagy, arzan bahadan et söwdasynyň ýola goýulmagy we bularyň sebäpleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum