Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümet we halk arasyndaky 'sosial şertnamanyň bozulmagy' adamlaryň baş temasyna öwrülýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Azatlygyň çeşmeleri we synçylar soňky wagtlarda türkmenistanlylaryň öz düşen çylşyrymly ýagdaýlary, hususan-da ýurduň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň girizen "sosial ýeňillikler" ulgamynyň ýatyrylmagy netijesinde dörän kynçylyklar barada oturan-turan ýerlerinde gürrüň edip başlandyklaryny habar berýärler.

Hususan-da adamlar ýurtda häkimiýet we halk arasynda baglaşylan, häzirki režimiň düýbünde ýatan "jemgyýetçilik ýa-da sosial şertnamanyň" "bozulandygy" barasynda kän pikir alyşýarlar diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen synçylaryň sözlerine görä, ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazow özbaşdak döwletde ýerine ýetirilmeli syýasy we ykdysady reformalary, demokratik özgertmeleri "biziň halkymyz entek demokratiýa taýýar däl" bahanasy bilen "doňduryp", muňa derek "meniň demokratiýam" syýasatyna başlady we, şol ýörelgesine laýyklykda jemgyýet bilen näresmi "sosial şertnama" "baglaşdy".

Mugtçulykdan başlanan netijesiz syýasat

"Şol "şertnama" görä, häkimiýetler 1993-1994-nji ýyllardan başlap, ilata uly limit bilen, ýagny tas mugt elektrik toguny, tebigy gazy, agyz suwuny we duzy berip başlady. Mundan başga-da, ilata her aý "iýmit, azyk paýoklary" paýlanýardy, aýal-gyzlara her ýyl martda baýram puly berilýärdi. Ýöne bu "ýeňillikleriň öwezine" türkmenistanlylar sözüň doly manysynda öz geljegi bilen gyzyklanmakdan "el çekip", ýurtda alnyp barylýan syýasata, şol sanda çydamsyz awtoritar dolandyryşa, soňy bilen baryp ýatan ýapyklyga we dünýäden üzňelige hiç hili garşylyk bildirmeli däldi” diýip, aşgabatly synçy aýtdy.


Netijede, synçynyň pikiriçe, ýurduň garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda çözülmegi zerur bolan möhüm syýasy, ykdysady, maliýe, sosial reformalary amala aşyrylmady, hukuk, dünýewi we demokratik döwletiň, dünýä bilen utgaşykly erkin bazar ykdysadyýetiniň we gatnaşyklaryň binýady tutulman, tersine, öňden gelýän repressiw syýasat has hem çuňlaşyp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri pese gaçdy.

Ýerli ykdysatçy gürrüňi edilýän "sosial şertnamany" soňkulardan öň, ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň özüniň bozandygyny hem aýratyn nygtady.

"Saparmyrat Nyýazowyň 2005-nji ýylyň ahyrynda çykaran karary ýurtda kolhozçylaryň, ençeme beýleki işlerde işlän pensionerleriň pensiýalaryny 2006-njy ýylyň ýanwar aýyndan kesip taşlady. Bu karar ilat arasynda uly nägilelik döretdi, öýünde oturyp, prezidente gargyş eden adamlar hem kän boldy. ...şol ýylyň dekabr aýynyň 21-ne Saparmyrat Türkmenbaşynyň aradan çykandygy aýdyldy" diýip, ykdysatçy aýtdy.

Ikinji prezidentiň döreden 'ýalan umydy'

Ýaşaýjylar ikinji prezidentiň ilki-ilkiler Nyýazow döwründen galan "sosial şertnamany" goldajak bolan ýaly görnendigini ýatlaýarlar.

"Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýete gelende, ilki ýatyrylan pensiýalary dikeltdi, her ýyl aýlyklaryň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp, diňleýji haklarynyň möçberlerini 10% artdyrmak tejribesini girizdi. 2007-nji ýylda Türkiýäniň Türkmenistanyň raýatlary üçin birtaraplaýyn wiza düzgünini ýatyrmagyna "razy boldy". Nyýazow döwründe gadagan edilen daşary ýurtlara okuwa girmek düzgünini dikeltdi. Öňki möhleti dikeldilen 10 ýyllyk mekdepleri soňra 12 ýyla geçirdi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi adamlaryň şol döwürde geljege gaty umytly bolandygyny ýatlatdy.

Şeýle-de, ýaşaýjylar 2008-2013-nji ýyllarda şahsy maşyny bar raýatlara aýda 120 litr benziniň we 40 litr dizel ýangyjynyň mugt berlendigini ýatlaýarlar.

Emma bu ‘elpe-şelpelik’ uzaga çekmedi. 2016-njy ýylda manady dollara erkin çalyşmak düzgüni ýatyryldy, 2017-2018-nji ýyllarda ilata Türkmenbaşy döwründen bäri berlip gelýän mugt "ýeňillikleriň" ýatyryljakdygy hakyndaky habarlar peýda boldy we bu ‘elpe-şelpelikler’ hem 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap doly ýatyryldy.


Mundan başga, söhbetdeşlerimiz 2019-njy ýylyň martyndan başlap, türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmeginiň hem çäklendirilendigini, "rugsat berlen ÝOJ-laryň sanawy" diýlen düzgüniň girizilendigini ýatlaýarlar.

Halkyň 'zähmet migrasiýasy' çykalgasy

Türkmenistanlylar şondan soň bolan we öz ýagdaýlaryny has kynlaşdyran zatlar barada hem kän gürrüň edýärler.

Mysal üçin, şondan soň zähmet migrasiýasy ‘uly depginler’ bilen artyp başlady, 2020-nji ýylda başlanan koronawirus pandemiýasy sebäpli ýapylan serhetler türkmen migrantlaryny ‘aýratyn’ kyn ýagdaýa saldy.

Emma, bular hem az ýaly, türkmen zähmet migrantlarynyň iň köp barýan ýurdy bolan Türkiýe, Aşgabadyň haýyşy bilen, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen raýatlary üçin wiza düzgünini girizdi we diňe şondan soň iki ýurduň arasyndaky howa gatnawy dikeldildi.

Mundan başga, ýerli ykdysatçynyň pikirine görä, pandemiýadan soň iýmit paýoklaryny hem ýatyran häkimiýetler, 2019-njy ýyldan başlap, ýurtda režimiň fundamenti bolan "sosial şertnamany" dolulygyna ýok etmegiň ugruna çykana meňzedi.

Beýleki bir söhbetdeşimiziň, intelligensiýa wekiliniň aýtmagyna görä, soňky Halk maslahatynda bir ýaşulynyň ýurtda her ýyl pensiýalary, aýlyklary we döwlet kömek pullaryny, diňleýji we talyp haklaryny 10% artdyrmak tejribesini ýatyrmak barada eden "teklibi", prezidentiň bu tölegleriň möçberini 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 10% artdyrmak barada kararynyň şindi hem çykarylmazlygy şol "sosial şertnamany" ýatyrmak tendensiýasynyň mundan beýläk-de dowam etdiriljeginiň aýdyň subutnamasy bolup görünýär.

Ilat arasynda ulalýan dowul we nägilelik

"Häzirki wagtda ilat arasynda uly dowul we nägilelik döredi. Sebäbi, ykdysadyýetiň agyr ýagdaýyny nazarda tutsak, şol her ýylky ujypsyz aýlyklaryň we pensiýalaryň, kömek pullarynyň artdyrylmagy hem adamlaryň arasynda hökümetden bolan "iň soňky umyt we tamady". Indi şol "soňky umyt" hem ölene meňzeýär. Mundan soň ýurtda näme boljagy belli däl, sebäbi, ilat bilen häkimiýetiň arasy eýýäm 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan dolulygyna üzüljege meňzeýär" diýip, intelligensiýa wekili öz pikirini aýtdy.


Habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylar "sosial şertnamanyň" häkimiýetler tarapyndan bozulandygyny aýdyp, öňdäki aýlarda ýurtda çylşyrymly sosial-ykdysady we syýasy ýagdaýyň emele gelmeginiň mümkindigini bellediler.

"Talaňçylyk, aç närazylyklar, iş ýerlerinde köpçülikleýin ogurlyk, banditizm, giň ýaýran öz-özüňe kast etmek we hatda syýasy protestler hem bolup biler. Sebäbi aç, hemme taraplaýyn gysylan we dolulygyna üzňeleşdirilen ilat ahyrsoňy syýasy närazylygy görkezmäge mejbur bolar" diýip, sebitlerdäki habarçylarymyz bilen gürleşen ýaşaýjylar öz aladalaryny paýlaşdy.

Daşoguzly polisiýa işgäri, adynyň aýdylmazlyk şerti bilen gürleşip, halkyň agyr ýagdaýyny we adamlaryň ‘sabyr käsesiniň dolup barýandygyny’ tassyklady we muny olaryň edýän gürrüňlerinden bilip bolýandygyny aýtdy.

Nyýazow bilen Berdimuhamedowlaryň arasyndaky tapawut

"Ilat arasynda öz-özüňe kast etmek problemasy görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi, hukuk goraýjy edaralaryň we harby bölümleriň işgärleriniň, ofiserleriň arasynda hem köpçülikleýin işden çykmak meýilleri möwç alýar. Bu adamlaryň ýurtdaky demikdiriji syýasata bolan protesti, närazylygy" diýip, polisiýa işgäri Azatlyga öz pikirini aýtdy.

Paýtagtly syýasy synçynyň pikirine görä, türkmen režiminiň öz binýadynda duran "sosial şertnamany" ýok etmegi soňy bilen režimiň öz geljegine hem "palta salýar".

Hökümet bilen jemgyýetiň arasyndaky "sosial şertnamanyň" bozulmagynyň ýene-de bir möhüm we aýgytly yşaraty bolsa, ýerli synçynyň pikirine görä, üçünji prezidentiň döwründe häkimiýetleriň we döwlet baştutanynyň ‘durmuş reallygyndan tasdan doly üzňeleşmegi’ bilen bagly.

Ol birinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň öz şahsyýet kultunyň çäginde, halkdan gitdigiçe daşlaşýan wagtynda hem, özüni "halka ýakyn durýan ýolbaşçy, halk durmuşyndan habarly lider hökmünde” görkezmäge çalşandygyny aýtdy.

“Saparmyrat Türkmenbaşy öz geçirýän hökümet maslahatlarynda, ýygnaklarynda ýurtda korrupsiýanyň, döwlet emeldarlarynyň eden-etdiliginiň, sosial we infrastruktura meseleleriniň bardygyny aç-açan aýdyp bilýärdi, käte özüni aşa öwmezligi soraýardy, 2000-nji ýyllara çenli daşary ýurtly žurnalistlere interwýu berip, öz şahsyýet kulty baradaky soraglara nähilem bolsa jogap berýärdi, daşary ýurt we erkin metbugatyň habarlaryna reaksiýa bildirip bilýärdi” diýip, synçy aýtdy.


Onuň pikiriçe, bu hili ýagdaýlar, nähilem bolsa, birinji prezidentiň özüniň durmuş reallygyndan doly üzňe däldigini halka görkezmäge çalşandygyny aňladýar.

Emma synçy bu hili “halka ýakynlyk” ýa “ýakyn görünjek bolmak” synanyşygynyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik eden döwründe tas dolulygyna ýitendigini, ikinji prezidentiň ýurtdaky käbir meseleleri gaty seýrek, kähalatlarda ýylda bary-ýogy 1-2 gezek boýun alandygyny belledi.

Üçünji prezident halkdan daşlaşmagyň 'rekordyny' goýdy

Halkdan daşlaşmagyň, ilatyň durmuş, ýaşaýyş meselelerinden, gündelik reallyklardan doly üzňeleşmegiň ‘rekordy’, synçynyň pikiriçe, üçünji prezident döwründe goýuldy.

“Üçünji prezident Serdar Berdimuhamedow, prezident bolanyna 3,5 bolanyna seretmezden, henize-bu güne çenli ýurtdaky ägirt uly kynçylyklaryň iň bir ýönekeýjesini hem açyk dile getirmedi. Bu ýagdaý, meniň pikirimçe, türkmen häkimiýetleriniň ahyrsoňy durmuş reallygyny doly ret etmek derejesine ýetendigini görkezýär. Şeýlelikde, režimiň özenini düzýän "sosial şertnamanyň" ýene bir "maddasy", "serdar we lider öz halkynyň hal-ýagdaýy barada minimal derejede bolsa-da habarly bolmaly" diýen bölegi dolulygyna ýatyrylana meňzeýär.”

Anonimlik şertinde gürleşen synçynyň pikiriçe, üçünji prezidentiň ilaty alada goýýan meseleler barada hiç bir anyk zat aýtmazlygy, režimiň köne şertnamany bozup, şol bir wagtda, jemgyýete sähelçe bolsa-da ýakyn boljak täzeçil şertnamasynyň ýa-da teklibiniň ýokdugyny tassyklaýar, türkmen häkimiýetleriniň ideologik we syýasy boşlugyny äşgär edýär.

Garaşsyz žurnalistleriň berk ýanalmagy sebäpli, Azatlygyň habarçysy ýerli synçynyň we beýleki söhbetdeşleriniň hökümet we jemgyýet arasynda dörän üzňelik baradaky pikirlerine hökümet wekilleriniň düşündirişlerini alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG