Ýerli ýaşaýjylar we synçylar sosial mediada ýigrenç, agzalaçylyk, bölüjilik meýilli çykyşlaryň gaýtalanmagynyň dowam etmeginden, bu hili wideolaryň gaharly ýa-da nägile seslenmeleri döredip, pikir alyşýanlaryň we görüjileriň ünsüni, energiýasyny adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan has möhüm meselelerinden başga ýana sowmagyndan alada bildirýärler diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Anonimlik şertinde gürleşen synçylar milletparazlyk, tireparazlyk äheňinde çykyş edýän blogçylaryň görüjilerde gahar-gazap döredýändigini we umuman tankyt edilýändigini, emma bu hili hereketlere töwerekleýin, çuňňur baha berilmeýändigini aýdýarlar.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy TikTokda “Gurjok 07” hasaby bilen tanalýan ýaş gyzyň soňky günlerde aýratyn alnan bir sebitiň ilatyna gönükdirip aýdan kemsidiji sözleriniň TikTok, Instagram ulanyjylarynyň arasynda uly çekeleşmä sebäp bolandygyny aýtdy.
Kemsidiji wideolar birinji gezek çap edilmeýär
Onuň tassyklamagyna görä, bu hili kemsidiji wideolar şol bir sebitiň ilatyna gönükdirilip, tomus aýlaryndan bäri ikinji gezek çap edilýär we adamlaryň uly reaksiýasyna sebäp bolýar.
Şeýle-de, Azatlygyň söhbetdeşi bu hili kemsidiji sözleri, ýerliçillik, tire-taýpa bölüjiligine getirýän aňlatmalary paýtagtda işleýän adamlaryň, polisiýa işgärleriniň hem ulanýandygyny öňe sürýär. Onuň pikiriçe, bu hili hereketlere kanun esasynda çäre görülmeli.
Anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçy diňe ýaş wideoblogerleriň arasynda däl, polisiýa işgärleriniň arasynda hem kanunda bu hili hereketlere berilýän bahany bilmeýän adamlaryň az däldigini, ýöne häkimiýetleriň özlerine gerek bolan ýagdaýynda, başgaça pikiri üçin ýanalýan raýatlara çäre görenlerinde, ýigrenç ýa bölüjilik bilen bagly kanun maddalaryny ‘gowy ulanýandyklaryny’ aýtdy.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 189-njy maddasynyň 1-nji bölüminde aýdylmagyna görä, sitata, “Durmuş, milli, tire-taýpa, etniki, jynsy, dini duşmançylygy ýa-da agzalalygy döretmäge, milli mertebäni kemsitmäge gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri edene, şeýle hem adamyň we raýatyň dine garaýşyna, durmuş, milli, etniki ýa-da jynsy degişliliginiň alamatlary boýunça olaryň aýratyn ýa-da doly bahaly däldigini wagyz edene bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.” Sitatanyň soňy.
Kanunda hemme zat aýdyň, ýöne...
Bu etmişler, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini peýdalanmak bilen edilse, günäli tapylan adam iki ýyldan dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy bilen ýüzbe-ýüz bolup bilýär.
Awstriýada ýaşaýan raýat aktiwisti Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, sosial mediada dörän çekişmelerden soň, degişli resmileriň jemgyýetde metbugat arkaly ‘ýaýradylýan agzalalyga’ üns bermezligi, türkmen metbugatynyň bu ýagdaýa baha bermezligi geň bolup görünýär.
Şeýle-de, öňki diplomatyň pikiriçe, sosial mediada peýda bolýan bölüji wideolar ýurtdaky durmuş meseleleri, mekdeplerde berilýän bilim-sowadyň derejesiniň peselmegi, ykdysady kynçylyklar, ilatyň barha garyplaşmagy, gahar-gazabyň, nägileligiň köpelmegi bilen bagly.
“Bu mesele ýöne-möneden döränok, esasy halkyň agyr ýagdaýy, işsizlik, garyplyk, gedaýçylyk... ýöne munuň gowy bir ýoly bar, bolmaz ýaly: birinjiden, halkyň garny dok bolmaly, halka iş ýerlerini bermeli, ynha, şonda bu meseleler hiç orta çykmaz” diýip, Hanamow Azatlyga telefon gürrüňi wagtynda aýtdy.
Ýurt içindäki synçylaryň käbiriniň, şol sanda Hanamowyň hem pikirine görä, tire-taýpa agzalalygyna iterýän wideolaryň çap edilmegi tötänlik bolman, bilkastdan, haýsydyr bir niýet bilen, toparlaýyn edilýän iş hem bolup biler.
Maglumat üçin aýdylsa, türkmen kanunçylygy 189-njy maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler gaýtadan, deslapdan dilleşmek boýunça, adamlaryň topary tarapyndan, gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilse, günäli tapylanlaryň üç ýyldan bäş ýyla çenli möhletde azatlykdan mahrum edilip bilinjekdigini aýdýar.
Eger-de maddanyň birinji, ikinji ýa-da üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler fiziki zorluk ulanyp ýa-da ony ulanmak howpuny salyp edilse, şeýle hem guramaçylykly topar tarapyndan edilse, günäli tapylanlar üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhletde azatlykdan mahrum edilip bilinýär.
Azatlyk radiosy, ýurtdaky maglumat ýapyklygy sebäpli, türkmen resmilerinden bu mesele boýunça hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum