Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan çagalara zorluk görkezmekde öňe saýlandy - UNICEF


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

BMG-niň Çagalar Fondy UNICEF guramasynyň şu aýda çap eden täze hasabatynda dünýäde çagalara edilýän zulumy we onuň netijelerini görkezýän sanlar çap edildi. Maglumatda, Türkmenistandaky ýagdaýa hem baha berilýär.

Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň 15 ýurdunda 1-14 ýaş aralygyndaky çagalaryň fiziki zuluma sezewar bolmagyna degişli prosent görnüşinde berlen maglumata görä, Türkmenistana degili san ýokary bolup, ýagny ortaça 49%-e golaý görkezilýär - oglan çagalaryň 53%-ti, gyz çagalaryň 45%-ti zorluga sezewar bolýar diýilýär. Deňeşdirme üçin hasabata görä, Gazagystanda ortaça görkeziji 14%, Özbegistanda 29%.

Şeýle-de, maglumatda 14 ýaşyna çenli çagalaryň terbiýesi üçin fiziki jeza zerur diýip, hasap edýän ulularyň pikiri esasynda gelnen netijeler hem görkezilýär. Bu kategoriýada hem Türkmenistana degişli görkeziji ýokary bolup, 9% diýilýär.

Deňeşdirme üçin Gazagystanda bu san 4% we Özbegistanda 14% barabar.

Maglumata görä, dünýäde her 4 minutda bir çaga zorlugyň pidasy bolup, jan berýär. Ýylda 130 müň çaglanyň we 20 ýaşyna ýetmedik ulularyň zorlukdan ölýändigi bellenýär.

Dünýäde 1,6 milliard çaga öýlerinde zorluga yzygiderli duçar bolýar, olaryň üçden iki bölegi hem fiziki, hem-de psihiki basyşa sezewar edilýär.

Dünýäde 90 million çaganyň seksual zorluga duçar bolandygy hem UNICEF-yň täze hasabatynda aýdylýar.

Türkmenistanda çaglara görkezilýän zorlugyň dürli görnüşiniň ýörgünlidigini, çagalara hem fiziki temmi berilýändigini, hem-de ruhy basyş edilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we söhbetdeş bolan türkmenistanlylar ençeme gezek gürrüň beripdi.

Azatlyk Radiosy çagalary zorlukdan goramak meselesine bagyşlap ýörite gepleşik taýýarlapdy. Şonda "Progres fondunyň" we "Saglyk" programmasynyň başlygy Aýnabat Ýaýlymowa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda çagalar babatyndaky zulum jemgyýetiň umumy ýagdaýyndan habar berýär diýen pikiri öňe sürdi:

"Awtoritar ýurtda adamlar arasyndaky gatnaşyklar zorluga, agressiýa esaslanýar. Sebäbi ýalana daýanmaly bolýar. Bu bolsa adamyň içki dünýäsinde ýaramaz sarsgynlara sebäp bolýar. Adamlar maşgalada aýalyna, ýoldaşyna, çagasyna garşy zorluga baş goşup, gaharyny şu ýerden çykarjak bolýar. Bu her bir adama tanyş ýagdaýdyr. Biziň partriarhal jemgyýetimizde 'aýaly başdan, çagany ýaşdan berk saklamaly' diýen ündew edilýär. Gynansak-da, biziň jemgyýetimiz trawmirlenen, gorkuda ýaşaýan şahsyýetleri kemala getirýär, trawmalar çagalykda başlanýar".

Bu gepleşigi öňümizdäki şenbe güni gaýtalap ýazgyda efire bereris.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG