Pensiýa we kömek pullaryny alýan raýatlardan bank kartlaryny täzeleme talap edilýär. 1-nji oktýabrdan girizilen bu talap ujypsyz pula garaşly raýatlar üçin goşmaça kynçylyk döretdi we indiki aýyň pensiýasyny alyp bilmegini sorag astyna goýdy.
Plastik kartlaryny çalyşmak talaby 1-nji oktýabrdan bäri edilýär. Pensionerlere we döwletde kömek puluny alýan raýatlara mundan beýläk köne kartlaryna pul geçirilmejegi duýduryldy diýip, balkanly çeşmeler habar berdi.
"Pensiýa gaznasyna degişli plastik kartlary täze almaly. Plastik kartlary täze almagyň 100 manat töweregi çykdaýjysy bolup, bu plastik kartlary çalyşmadyklaryň pensiýalary köne plastik kartlaryna geçirilip berilmez" diýip, düzgünden habarly çeşme aýtdy.
Balkanly pensionerler bu talapdan nägile bolup, goşmaça çykdajynyň özlerine maddy agram salýandygy we wagty, güýji talap edýändigini aýdýarlar. 100 manat pensionerleriň käbiriniň pensiýasynyň dörtden bir bölegini, beýlekileriň tas ýarysyny emele getirýär.
"Goşmaça çykdaýjy edýän we wagtyňy alýan täze talabyň hiç bir maksady ýok, diňe boşan gaznany doldurmakdan, garrylaryň hem-de maýyplaryň pensiýa haklaryny bermän 2 aýlap saklamakdan başga zat däldigine ynanýaryn" diýip, 70 ýaşly balkanly pensioner geçen aýlarda hem pensiýalarynyň gijikdirilip, berlendigini gürrüň berdi.
"Geçen aý döwlet pensiýalary gijikdirip, 'pul ýok' bahanasy bilen bizi bir aý aldady. Bu aý bolsa, bize adam ugradyp, ýörite Pensiýa gaznasynyň plastik kartyna geçmelidigimiz hakda duýdurdy" diýip, pensioner aýdýar.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan balkanlylaryň sözlerine görä, täze bank kartyny "Halk Bankynyň" şahamçasynda almaly, bu ýerde resminamalary tabşyrmak üçin baran adamlaryň sany örän köp bolup, nobatlar 3 güne çekýär.
Pensiýa gaznasyndaky ýagdaýdan habarly çeşme aýlyk haklarynyň we pensiýalaryň geçirilmegi üçin ulanylýan plastik kartlarynyň döwlet ýolbaşçylaryna ýakyn kärhana tarapyndan öndürilýändigini aýdyp, kartlary täzelemek işini kärhananyň girdejilerini artdyrmak maksady bilen düşündirýär.
Azatlyk Radiosy raýatlardan pensiýalar we kömek pullary üçin kartlary täzelemek barada edilýän talabyň sebäplerini Balkan welaýatynyň pensiýa gaznasynyň wekillerinden resmi görnüşde anyklap bilmedi.
Şu tomus pensionerleriň pensiýa haklary birnäçe aýlap gijikdirilip berildi. Şonda munuň sebäbi lebaply pensionerlere dokumentlerde olaryň atlarynda goýberilen "ýalňyşlyk" bilen düşündirilen bolsa, Balkanda pensiýalaryň wagtynda berilmezligi ýaşulylaryň özleriniň diridigini wagtynda subut etmändigi bilen delillendirildi. Käbir ýerlerde pensionerlere nagt puluň ýetmezçilik edýändigi aýdyldy.
Raýatlaryň pensiýalarynyň, kömek pullarynyň gijikdirilýän wagtynda ilatyň aýlyk jemagat töleglerini wagtynda geçirmegine berk gözegçilik edilýär. Tölegleri gijikdiren raýatar dessine jezalandyryllýar, olaryň işi suda berilýär, jerime salynýar.
Türkmen hökümeti ilatyň gartaşan gatlagynyň problemalaryny resmi derejede düýpden agzamaýar. Resmi habarlarda pensionerler barada berilýän seýrek maglumatlarda pensiýalaryň her ýyl 10% ýokarlanýandygy aýdylýar.
Emma türkmenistanlylar pensiýalaryň ösüşini duýmaýandygyny, sebäbi bahalaryň has uly depginde ýokarlanýandygyny belleýärler. Pensionerleriň köpüsi garyplyk derejesinde ýaşaýar, olar pensiýasyna ýa azyk, ýa-da derman satyn almaly bolýandygyny gürrüň berýärler.
Türkmen mediasyna görä, ýurtda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, pensiýanyň iň pes mukdaryny kesgitlemek üçin 550 manat, resmi kurs boýunça 157 amerikan dollary möçberdäki san ulanylýar. Emma iş ýüzünde resmi taýdan minimal diýlip, kesgitlenen pensiýanyň hatda bu ujypsyz mukdaryny alyp bilmeýän pensionerleriň sany örän köp.
Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanly pensionerleriň käbiri pensiýasynyň aýda 220 manatdan geçmeýändigini gürrüň berdiler. Bu resmi kurs boýunça 62,8 amerikan dollaryndan, gara bazaryň kursy boýunça 11 dollardan geçmeýär.
Nebit-gaza baý ýurduň öz ýaşulularyna berýän pensiýasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arsynda iň pes hasaplanýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum