Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan türki dilli döwletleriň raýatlaryny iş bilen üpjün etmek baradaky karara gol çekdi diýlip, metbugat habarlarynda aýdylýar. Üç ýyl mundan öň türkmen raýatlary üçin wiza düzgünini girizip, migrantlara garşy çäreleri güýçlendiren Türkiýede birnäçe ýüz müň türkmen raýaty zähmet çekýär.
Türkiýede türki dilli daşary ýurtlylar üçin iş şertleriniň üýtgedilendigini habar beren türk metbugatynda aýdylmagyna görä, Türkiýedäki türki dilli daşary ýurtlylar tarapyndan hünärleriň we senetleriň erkin tejribesi hem-de olaryň döwlet ýa-da hususy guramalarda, edaralarda ýa-da iş ýerlerinde işlemegi baradaky Kanunyň ýerine ýetirilmegi baradaky Düzgünnama üýtgetme girizilipdir.
Resmi gazetde 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çap edilen düzgüne görä, prezidentiň karary bilen türki milletinden bolan jemgyýetleriň Türkiýede öz hünärlerini we sungatlaryny erkin ulanyp bilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň kesgitlenjekdigi aýdylýar.
Täze düzgüne görä, özüne degişli bolmadyk ýagdaýlar sebäpli öz ýurdunda hünäri, sungaty ýa-da işi bilen meşgullanyp bilmeýän ýa-da dürli sebäplere görä Türkiýede ömrüni dowam etdirmäge mejbur bolanlar hem Türkiýede işläp bilerler.
Indi Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlary rugsat almak üçin çylşyrymly düzgünlerden geçmezden, Türkiýede harby we howpsuzlyk gulluklaryndan başga döwlet, hem-de hususy gurluşlarda işläp bilerler we telekeçilik bilen meşgullanyp bilerler diýlip, habar berilýär.
Ýüzlerçe müň türkmenistanly we başga merkezi aziýaly raýatlaryň Türkiýede galmak üçin resmi rugsat almakda kynçylyk çekýän wagtyna gabat gelen täze düzgüne görä, türk dilli ýurtlaryň raýatlary iş rugsadyny almak üçin birnäçe ölçeglere laýyk gelmelidir: olar ýaşamak üçin rugsatnama eýe bolmaly, milli howpsuzlyga howp salmaly däl, daşary ýurtlarda alnan hünär şahadatnamalarynyň deňdigini subut etmeli we türk jemgyýeti bilen gatnaşygyny subut etmeli.
Mundan başga-da, türki dilli ýurtlaryň raýatlaryndan türk raýatlary bilen deň esasda professional birleşiklerde hasaba durmak talap ediler. Şol bir wagtda, ýaşamak we işlemek üçin Türkiýäniň raýatlygy baradaky talap ýatyryldy. Şeýle-de bolsa, täze düzgünler daşary ýurtlylara saýlawlara gatnaşmak ýa-da saýlanmak hukugyny bermeýär diýlip, metbugat maglumatlarynda aýdylýar.
Bu karar Türki döwletleri guramasynyň 7-nji oktýabrda Gabalada geçirilen sammitiniň yzýanyna gabat geldi. Şol ýerde döwlet baştutanlary ykdysady integrasiýany we işçi güýjüniň erkin hereketini çuňlaşdyrmak barada ylalaşdylar.
Bu habar türkmenistanlylaryň arasynda pikir alyşmalary tutaşdyrdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary onuň adamlarda umyt dördendigini belleýärler.
"Eger bu türki dilli döwletleriň raýatlaryna ýeňillik döretse, köp raýatlarymyz Türkiýä gidip işlemek, hatda käri-hünäri boýunça zähmet çekip gowy gazanç etmek mümkinçiligine eýe boljagyny aýdyp, begenýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.
Türkiýe 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen raýatlary üçin wiza düzgünini girizdi. On ýyla golaý wagtlap türkmen raýatlary üçin wizasyz syýahat hem-de iş migrasiýasy üçin esasy ugra öwrülen bu ýurda barmak we şol ýerde galmak türkmen raýatlary üçin kynlaşdy.
Şeýle-de bolsa, türk wizasyny edinmek isleýän türkmen raýatlarynyň sany köp boldy. Aşgabatdaky türk ilçihanasynyň öňünde uly nobatlar saklanýar. Adamlar araçylara goşmaça pul berip, wiza edinmekden hem saklanmaýar. Mätäç adamlaryň wiza kömegini hödürleýän hilegärleriň aldawyna düşýän halatlary seýrek bolmaýar.
2022-nji ýylda Türkiýäniň wiza düzgünini girizmeginden ozal, bu ýurtda Türkmenistanyň 250 000 töweregi raýaty kanun esasda ýaşaýardy. Şonda garaşsyz çeşmeleriň çap eden maglumatlarynda, ýurtda bikanun galýan türkmenistanlylary goşmak bilen Türkiýede türkmen raýatlarynyň sanynyň 1 milliona golaýdygy aýdylypdy.
2025-nji ýylda Türkiýede ýaşaýyş rugsady bolan daşary ýurtlylaryň arasynda türkmenistanlylar birinji orny eýeledi.
Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň şu ýylyň 3-nji aprelinde çap eden resmi maglumatynda 121 müň 990 türkmenistanlynyň Türkiýede ýaşamak üçin resmi rugsada eýe bolandygy mälim etdi.
Ikinji orny Azerbaýjanyň raýatlary (85 müň 331 adam), üçünji orny Russiýanyň raýatlary (81 müň 413) eýeleýär. Ilkinji bäşligiň hatarynda Eýran (76 müň 416) we Siriýa (73 müň 63) hem bar.
Student ýaşaýyş rugsady boýunça hem türkmenistanlylar 28 müň 725 adam görkeziji bilen birinji orunda durýar. Gysga möhletleýin ýaşamak rugsady boýunça Türkmenistan üçünji orny eýeleýär (49 müň 910 adam), bu görkeziji boýunça diňe Yrak we Siriýa öňde durýar.
Maşgala ýaşaýyş rugsady boýunça bolsa, 10 müň 472 türkmenistanly Türkiýede ýaşaýar, bu görkeziji boýunça türkmenistanlylar Russiýanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň raýatlaryndan soň dördünji ýerde durýar.
Türkmenistandaky sosial-ykdysady şertler ilaty ýaşaýyş, bilim we gazanç mümkinçiliklerini daşary ýurtlarda gözlemäge iterýär.
Türkmen hökümeti migrasiýa degişli resmi statistikany çap etmän gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum