Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleri batlanýar, ene-atalara basyş edilýär


Harby ulagda barýan esgerler (Illýustrasiýa suraty)
Harby ulagda barýan esgerler (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda raýatlaryň harby gulluga çagyrylyşynyň güýzki möwsümi dowam edýän mahaly, Balkan welaýatynyň häkimiýetleri raýatlary harby gulluga çagyrmak çärelerini güýçlendirdiler. Ýerli howpsuzlyk we polisiýa işgärleriniň geçirýän çäreleriniň çäginde, ene-atalar soraga çekilýär.

Şeýle-de, ýurda dolanan raýatlar Aşgabadyň aeroportdan dessine harby gulluga alnyp gidilýär. Bu ýagdaýlar barada balkanly ene-atalaryň ençemesi we ýerli harby wekillikdäki çeşme Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Soňky hepdelerde ene-atalar dürli kynçylyklary, stresleri, basyşlary başdan geçirýärler. Sebäbi howpsuzlyk we polisiýa işgärleri çagalary daşary ýurtlarda okaýan ýa-da ýurda birnäçe ýyl bäri gelmeýän ene-atalary soraga çekýärler” diýip, ogly daşary ýurtda okaýan balkanabatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Türkmenistanda harby gulluk hökmany hasaplanýar. Oktýabr-dekabr aýlarynyň dowamynda 18-27 ýaş aralygynda bolan we harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da gulluk möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýatlar harby gulluga çagyrylýar. Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky permana 17-nji sentýabrda gol goýdy.

“Ogluň okuwyny tamamlady, çagyr, gelsin”

Ene-atalaryň tassyklamagyna görä, howpsuzlyk we polisiýa işgärleri çagalarynyň harby gulluk ýaşyna ýetendigini aýdyp, olardan ogul perzentlerini ýurda çagyrmagy talap edip, yzygiderli basyş edýärler.

“Oglum daşary ýurduň ýokary okuw jaýyny şu ýylyň tomsunda tamamlady we ýene ençeme aý wizasy bolandygy sebäpli, şol ýurtda galyp, gazanç etmek üçin işläp başlapdy. Ýöne polisiýa her hepde çagyryp, “ogluň okuwyny tamamlady, harby gulluga gitmeli, çagyr, gelsin” diýip, bize azar berip, halys goýmady” diýip, balkanly ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Balkanly ene şondan soňra ogluny Türkmenistana çagyrandygyny, ýöne birnäçe gün ozal ýurda dolanan oglunyň Balkana, öýüne aýak basdyrmazdan, Aşgabadyň aeroportdan dessine paýtagtyň harby wekilligine alnyp gidilendigini aýdýar.

"Ony bir sagat görmäge-de rugsat bermediler"

“Oglumy harby wekillikden Lebap welaýatynyň çäklerinde gulluk etmäge ugradypdyrlar. Men oglumy 5 ýyl bäri görmändim. Ony bir gün, hatda bir sagat görmäge hem rugsat bermediler” diýip, balkanly ene zeýrendi.

Azatlykda bu enäniň oglunyň haýsy ýurduň ýokary okuw jaýyny tamamlandygy, haçan Türkmenistana dolanandygy we haýsy harby bölüme alnyp gidilendigi barada anyk maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Şuňa meňzeş ýagdaýlar bilen balkanly ene-atalaryň we olaryň ogullarynyň ençemesi ýüzbe-ýüz bolup, olar habarçymyza beren maglumatynda özleriniň, hususan-da, ýaşlaryň hukugynyň depelenýändigini aýtdylar.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýyl bäri raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleri we düzgünleri berkleşdirilýär. Hatda gulluk ýaşyna ýeten mekdep okuwçylarynyň gutardyş synaglaryny tabşyrmaklaryna-da rugsat berilmezden, harby gulluga alnyp gidilýän halatlary barada hem habar berildi. Şeýle-de, daşary ýurtlardan gelýän ýaşlaryň aeroportdan harby gulluga äkidilmegi bilen bagly ýagdaýlar her ýyl ýüze çykýar.

Mundan başga-da, saglyk ýagdaýy boýunça harby gulluga ýaramsyzdygy baradaky saglyk kepilnamalaryna garamazdan, raýatlaryň harby gulluga alnyp gidilýän halatlary barada ýylyň-ýylyna maglumatlar gelip gowuşýar.

"Ýalan hasabat"

Geçen aýyň başynda Aşgabadyň etrap harby wekillikleriniň resmileri harby gulluga ýaşy ýeten raýatlara gulluga çagyryş hatlaryny gowşuryp, çagyrylan wagtynda harby bölüme gelmedik halatynda, “berk jeza çäreleriniň görüljekdigini” duýdurdylar.

Bu ýagdaýlar barada ne ýurduň harby edaralary, ne-de resmi mediasy aç-açan mesele gozgaýar. Azatlygyň harby bölümlerdäki çeşmeleri bu ýagdaýlaryň ýurtda harby gullukçylaryň san taýdan az bolmagy bilen düşündirip gelýärler.

Balkanyň harby wekillikleriniň birindäki ygtybarly çeşmämiz 14-nji oktýabrda beren maglumatynda esger ýetmezçiliginiň ýitileşýändigini we häkimiýetleriň ýurt ýolbaşçylaryna ýalňyş hasabat berýändigini aýtdy.

“Umumy döwlet hasabatynda ýurt boýunça 26 müň esger bar diýlip, ýalan hasabat ýöredilýär. Aslynda soňky ýyllarda demografiki ösüşiň peselmegi sebäpli, ýurtda esgerleriň jemi sany 16 müňden geçmeýär. Harby bölümler hasap ýöreden wagty güýzki we ýazky çagyryş möwsüminde, täze esgerler harby bölümlere alnandan soň, harby gullukdan boşamaly esgerleri bir aý artykmaç saklaýarlar we olary hem sanawa goşup, ýokary, ýalan hasabat berýärler” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Balkanyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden, şeýle-de Aşgabadyň aeroportundan resmi teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG