ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp dördünji gün Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen eden telefon gürrüňleriniň "örän netijeli" bolandygyny aýtdy. Tramp bu barada “Truth Socialda” söhbetdeşligiň başlanandygyny yglan edeninden bir ýarym sagatdan gowrak wagt soň habar berdi.
"Prezident Putin meni we Birleşen Ştatlary Ýakyn Gündogarda parahatçylyk gazanmakdaky uly üstünligimiz bilen gutlady, onuň sözlerine görä, biz bu barada asyrlar boýy arzuw edip gelýäris. Men Ýakyn Gündogarda gazanylan üstünlikleriň bize Russiýa/Ukraina urşuny soňlamak baradaky gepleşiklerimizde hem kömek etjekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn" diýip, Tramp telefon gürrüňinden soň “Truth Social” platformasynda ýazdy.
Donald Tramp, beýleki zatlar bilen birlikde, Wladimir Putin bilen "Ukrainadaky uruş gutarandan soň, Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda ediljek söwda barada hem köp gürrüň edendigini" aýtdy.