Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda ÝHHG-nyň baş sekretary Elina Waltonene $1820 jerime salyndy


Elina Waltonen
Elina Waltonen

Gürjüstanda, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) başlygy, Finlandiýanyň daşary işler ministri Elina Waltonene, Tbilisidäki protest çäresine barandygy üçin 5000 lari (1820 dollar) jerime salyndy diýip, “Eho Kawkaza” neşiri habar berýär.

Waltonen 14-nji oktýabrda Gürjüstanyň mejlisiniň daşynda geçirilen protrest çäresine bardy we protestçileri goldaýan wideoýüzlenmäni ýazgy etdi.

"Parahat protestçiler öz ýurtlarynyň repressiw ugruna alada bildirmek üçin Tbilisidäki mejlis binasynyň öňünde ýygnandylar. Olaryň demokratiýa, söz azatlygyna we esasy adam hukuklaryna doly hukugy bar. Biz bu ýere olary goldamak üçin geldik" diýip, Waltonen X platformasynda ýazdy.

Waltonen Gürjüstana 14-nji oktýabrda, sebit syýahatynyň çäginde geldi. Şol gün ol Gürjüstanyň daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen duşuşdy.

“Kawkazyň ýaňy” neşiriniň ýazmagyna görä, duşuşyk wagtynda ol dolandyryjy partiýanyň garşydaşlarynyň tussag edilmegine gynanjyny bildirdi. Gürjüstanyň hökümeti şol günüň ertesi Waltoneniň premýer-ministr Irakli Kobahidze bilen meýilleşdirýän duşuşygynyň ýatyrylandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG