Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşuny Kriwiý Rihe uly zarba urdy, 20-den gowrak şäherçe elektriksiz galdy


17-nji oktýabra geçilýän gije rus goşunlary Kriwiý Rihe pilotsyz uçarlar bilen uly zarba urdy.

Şäher Goranmak geňeşiniň başlygy Oleksandr Wilkul infrastruktura desgalarynyň zaýalanandygyny habar berdi. Ol 10-dan gowrak zarbanyň ýangyna sebäp bolandygyny, ýöne olaryň hemmesiniň öçürilendigini, hiç kimiň ýaralanmandygyny aýtdy.

Awangad, Werabowo we Mirowskoýe şäherçeleri, şeýle-de Kriwiý Rih etrabynyň 22 sany ilatly nokady elektriksiz galdy.

Energetika işgärleri elektrik üpjünçiligini dikeldýärler. Urlan zarbalar sebäpli Mirowskoýedäki trolleýbus hyzmaty togtadyldy we awtobus hyzmaty ýola goýuldy.

"Şäherdäki ähli hyzmatlar, jemgyýetçilik transporty, hassahanalar we jemgyýetçilik guramalary işleýär" diýip, Wilkul ýazdy.

XS
SM
MD
LG