Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Anneksiýa edilen Kryma urlan zarbalar elektrik üpjünçiligine zyýan ýetirdi


Ýaşaýjylar Simferopol etrabynyň Gwardeýskoýe şäherçesinde turan ýangynyň wideolaryny çap etdiler.
Ýaşaýjylar Simferopol etrabynyň Gwardeýskoýe şäherçesinde turan ýangynyň wideolaryny çap etdiler.

Anneksiýa edilen Krymyň Russiýa tarapyndan bellenen "başlygy" Sergeý Aksýonow pilotsyz uçarlaryň hüjümi netijesinde birnäçe elektrik stansiýasyna zyýan ýetendigini habar berdi. Russiýanyň Goranmak ministrligi Krymyň asmanynda ukrain pilotsyz uçarlarynyň 32 sanysynyň urlandygyny habar berdi.

"Häzirki wagtda abatlaýyş işleri alnyp barylýar. Bejeriş işleriniň tamamlanjak senesi we elektrik üpjünçiligi barada has giňişleýin maglumat biraz soň, resmi maglumat çeşmelerinde berler" diýip, Aksýonow aýtdy.

Krasnoperekopsk etrabynyň häkimiýetleri elektrik togunyň awariýa ýagdaýynda kesilendigini habar berdiler.

Ýerli ýaşaýjylar Simferopol etrabynyň Gwardeýskoýe şäherçesinde turan ýangynyň wideolaryny çap etdiler. Ukrainanyň “Supernowa+” telegram kanaly nebit bazasynyň ýanýandygyny habar berdi. Nebit ammaryna edilen hüjüm baradaky maglumat resmi taýdan tassyklanmady.

XS
SM
MD
LG