Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda LGBTQ azlyklaryny ýetginjekleriň arasynda anyklamak boýunça çäre geçirilýär


Türkmen güýç edaralary jynsy azlyklary ilatyň dürli gatlaklarynda gözlemek işlerini wagtal-wagtal güýçlendirýär.
Türkmen güýç edaralary jynsy azlyklary ilatyň dürli gatlaklarynda gözlemek işlerini wagtal-wagtal güýçlendirýär.

LGBTQ azlyklaryny anyklamaklyk boýunça täze reýd kampaniýasy Türkmenabat şäherinde geçirilýär. Bu sapar güýç gulluklarynyň ünsi kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlara gönükdirilýär.

Türkmenabadyň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmeleriň maglumatlaryna görä, ýaňy-ýakyn başlanan çärelere polisiýa we ýerli MHM işgärleri gatnaşýarlar. Howpsuzlyk işgärleri, LGBTQ azlyklaryny 18 ýaşy dolmadyk oglan gyzlaryň arasynda anyklamaga synanyşýarlar.

“Goňşylar [MHM işgärleri], 18 ýaşy dolmadyk geý we lesbian gyzlary anyklamak kompaniýasyny has agressiw görnüşinde amala aşyryp başladylar. Ýakynda iki sany 15-16 ýaşlarynda geý oglanlar anyklandy we olar gynamalar sezewar edildi. Emma olary suda çekmediler. Şol oglanjyklar anyklanandan soňra, ýurduň bäş welaýatynda 20-ä golaý 18-20 ýaş aralygyndaky geý ýigitler anyklandy” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde maglumat beren çeşmäniň sözlerine görä, howpsuzlyk gulluklary saklanan raýatlary hyzmatdaşlyga çekmäge synanyşýarlar we olaryň üsti bilen, gurply geý ýa-da biseksual erkekleri anyklamakçy bolýarlar.

“Maňa gelen habara görä, hyzmatdaşlyga çekilen oglanlaryň üsti bilen baýlary anyklamaga synanyşýarlar. Olaryň maksady, jynsy ugry başga bolan erkekleri şantaž etmek bilen, gazanç etmek” diýip, çeşme aýdýar.

Reýdler paýtagtda hem geçirilýär. Kanun goraýjy çeşmeleriň Aşgabatdaky ýagdaý barada beren maglumatlarynyň birinde 3-nji oktýabrda paýtagtda 20 ýaşly ýigidiň ykbaly barada aýdylýar.

“Tutulan oglan, 6-njy otdelyň podwalynda 10 gün ýalaňaç saklanyp ýenjilipdir. Ol oglanyň üç arkasy, ýakynlarynyň maliýe ýagdaýy öwrenilipdir. Oglan gurply maşgaladan däl ekeni, emma, ol biçäräni hyzmatdaşlyk etmäge mejbur edipdirler. Indi ol oglany beýlekileri anyklamak üçin primanka hökmünde ulanarlar” diýip, çeşme aýtdy.

Kanun goraýjylaryň geçirýän çärelerinde jyns azlyklarynyň arasynda gyzlar hem tutulýar. Anyklanan lesbian gyzlaryň ene-atalaryna MHM tarapyndan duýduryş bermek bilen, olary çaltrak durmuşa çykarmaklyga çagyryş edýärler diýip, çeşmeler aýdýar.

“Umuman, anyklanan gyz 18 ýaşa ýetmedik gyz bolsa-da, mekdepde okaýan bolsada ony tizden-tiz äre bermäge çagyryş edýärler” diýip, çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.

Türkmenistanyň kanunlarynda aýal bilen aýalyň öz islegi boýunça jynsy gatnaşyga girmegine degişli jogapkärçilik göz öňünde tutulmaýar. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde gomoseksual gatnaşygy jenaýat hökmünde kesgitleýär we bu madda boýunça iş kesilen erkek adamlar türme tussaglygyna höküm edilýär.

Ýurtda jyns azlyklaryna garşy çäreler wagtal-wagtal güýçlenýär. Soňky ýyl mart-aprel aýlarynda paýtagtda we iýulda Balkan welaýatynda güýç edaralary tarapyndan yzly-yzyna reýd geçirdiler. LGBTQ azlyklaryny anyklamak boýunça reýdler ten söwdasyny edýänlere garşy çäreler bilen birlikde geçirilipdi.

Türkmen resmileri bu meseläni seýrek gozgaýar, emma eden çykyşlarynda boýun gaçyrmak bilen çäklenýär.

Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew BMG-niň Gynamalara garşy komitetine beren hasabatynda Türkmenistanda gomoseksual adamlara ýowuz daraşylmagy baradaky maglumatlary ret etdi. 23-24-nji aprelde Türkmenistanyň gynamalara we ýowuz daraşmalara garşy ýerine ýetiren işleri boýunça hasabaty diňlenipdi.

BMG-niň maslahatylarynda jyns azlyklarynyň türkmen häkimiýetleri tarapyndan ýowuz yzarlanmagy meselesi ençeme gezek gozgalypdy.

Türkmenistanda LGBTQ azlyklarynyň yzarlanmagy we rehimsizliklere sezewar bolmagy halkara guramalary tarapyndan berk ýazgarylýar. Erkek adamlaryň saglygy boýunça Ýewraziýa koalisiýasynyň (EKOM) jynsy bir bolan adamlaryň meýletin jynsy gatnaşyklary üçin jenaýat işine çekilmegi Türkmenistanda LGBT wekilleriniň ýagdaýyny gowulandyrmagyň öňünde uly böwet salýandygyny belläpdi.

LGBT azlyklarynyň Türkmenistandaky hukuklaryna gönükdirilip, daşary ýurtda döredilen “Türkmenistanyň görünmeýän älemgoşary” başlangyjynyň esaslandyryjysy Dawid Omarow LGBT jemgyýetiniň agzalarynyň Türkmenistanda ýowuz yzarlamalar sebäpli, gizlinligi saklamaga mejbur bolýandyklaryny aýdýar. Ol hatda adamyň immun ýetmezçilik wirusy (AIW) ýokaşan adamlaryň yzarlanmak howpy zerarly, saglyk edaralaryna ýüz tutmakdan gorkýandyklaryna ünsi çekýär.

"Türkmenistanyň göze görünmeýän älemgoşary" - Azatlygyň dokumental filmi
please wait

No media source currently available

0:00 0:26:45 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG