Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowlaryň uçar flotuna täze kaşaň ulag goşuldy - zurnalistika derňewi


Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maşgala agzalary bilen.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maşgala agzalary bilen.

Ilatyň aglaba böleginiň garyplykda ýaşaýan we ortaça aýlygyň uçar biletiniň bahasynyň ýarysyna ýetmeýän ýurtda ýurduň dolandyrýan maşgala üçin täze bir uçara býujetden esli puluň sarp edilendigi žurnalistler toparynyň geçiren täze derňewinde aýylýar. "Turkmen. news", "Gundogar.media" we Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasynyň (OCCRP) bilelikdäki maglumatynda, Türkmenistanyň prezidentiniň VIP flotundaky bäşinji uçaryň Arkadagyň gyzy Oguljahan Atabaýewanyň ýurduň syýasy sahnasyna çykan wagtyna gabat gelendigi bellenýär.

Türkmenistan howa ýollarynyň ýaşyl we ak reňkli "EZ-A006" belgili "Boeing 737-700" kysymly uçar 2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabatdan ABŞ-a ugrady. Bir ýyldan soň uçar aňryçäk özgerip, yzyna dolandy. Öň 118 adamlyk ýolagçy uçar aýratyn otagly, el halyly we altyn çaýylan bezegli hakyky köşge çalymdaş ulaga öwrüldi diýlip, Turkmen.news neşirinde çap bolan maglumatda aýdyldy.

Žurnalistler bu "Boeing"-iň kaşaň özgerişlerini gözden geçirdiler, ýurdy dolandyrýan maşgalanyň syýahatlaryndan alnan suratlary we ulagyň uçuş taryhyny gözden geçirdiler.

Maglumata görä, bu uçar Türkmenistanyň raýat awiasiýa flotunyň bir bölegi bolup, öň Aşgabatdan ýolagçylary Stambul we Minsk ýaly şäherlere gatnadýardy. Şeýle-de bolsa, kaşaň enjamlary we uçuş ugurlary onuň indi Berdimuhamedow maşgalasy tarapyndan ulanylýan VIP flotuna bäşinji edilip goşulandygyny görkezýär.

Derňew uçaryň 2023-nji ýylda Türkmenistandan çykandan soň, ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň Çennault halkara howa menzilinde (CWF) peýda bolandygyny ýüze çykardy. Bu ýerde adaty uçarlary monarhlar, döwlet baştutanlary we aşa baý hususy müşderiler üçin uçýan köşklere öwürmek bilen meşgullanýan ýöriteleşdirilen "Citadel Completions" kärhanasy ýerleşýär. Reklamasynda onuň “iň köpüni gören müşderileriň şahsy islegi boýunça ýörite interýer” döredýändigi buýsanç bilen yglan edilýär.

"Citadel Completions" kompaniýasynyň web sahypasyndaky resminama görä, 2023-nji ýylda onuň "Türkmenistan" howa ýollary şirketi üçin hyzmat bermek baradaky ygtyýarnamasy täzelenipdir.

2024-nji ýylyň iýul aýynda "Citadel Completions" kompaniýanyň Instagramda "Türkmenistan" howa ýollarynyň ak we ýaşyl reňklerindäki "Boeing 737" uçarynyň angarda täzelenýändigini görkezýän ýazgy çap edildi. Surata kompaniýanyň uçarlary özgertmek işine "deňsiz-taýsyz üns" bilen çemeleşýändigini bellendi.

Emma iň süýji jikme-jiklikleri “Citadel Completions” kompaniýasynyň içerki dizaýn menejeri Konnor Oliwer Weisent aýan etdi diýlip, Türkmen.news neşrinde çap bolan maglumatda bellenýär we onuň öz portfolio-sahypasyna 3D suratlarynyň ýerleşdirilendigi, uçaryň içini şekilleşdirýän proýektiň "Döwlet baştutanynyň biznes-uçary" (Head of State BBJ) diýlip, atlandyrylandygy aýdylýar.

Suratlaryň ikisi-de prezident ştandartyny - häkimiýet simwolyny öz içine alýar.

Uçaryň içerki böleginde diwarlarda we üçeklerde haly nagyşlary, ýerde el halylary we Türkmenistanyň nyşany bolan Ahal-Teke atlarynyň heýkeljikleri ýaly türkmen stilindäki bezegler bar. Weissent, şeýle hem, hammamdaky selfi suratyny ýerleşdiripdi: ýalpyldawuk we altyn çaýylan enjamlar, Oguzhanyň sekiz burçly ýyldyzlary bilen bezelen aýna. Görnüşinden, uçarda hakykatdanam meýilleşdirilen özgerişler geçirilipdir diýlip, maglumatda aýdylýar.

“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy Döwran Saburow žurnalistleriň proýekt we onuň bahasy baradaky soraglaryna jogap bermändir. “Citadel Completions” hem teswir bermändir. Žurnalistleriň soraglary bilen dizaýnere ýüz tutansoň onuň saýtynda "Döwlet baştutanynyň biznes-uçary" taslamasy pozulypdyr.

Maglumatda uçaryň bahasyna degişli käbir sanlar görkezilýär. “Citadel Completions” kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Neil Boýl 2023-nji ýylda "Forbes" žurnalyna beren maglumatynda, gäminiň aýratynlyklaryna we müşderiniň isleglerine baglylykda doly lýuks taslamanyň 140 million dollar töweregi bolup biljekdigi aýtdy. Ol ony gurmagyň gaty kyndygyny aýdypdy. "Şeýle gämileriň eýeleri şahsy durmuşlaryny gizlin saklaýarlar. Olar hakda aýdylmagyna ýol berilmeýän köp zat bar" diýipdi.

"Turkmen. news", "Gundogar.media" we Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasynyň (OCCRP) bilelikdäki maglumatynda, türkmen ýolbaşçylarynyň ozalky ýyllarda uçar satyn almak barada çykaran käbir kararlary agzalýar.

2008-nji ýylyň 18-nji fewralynda Gurbanguly Berdimuhamedow 55 million dollara "Boeing 737-700" kysymly uçary satyn almagy we kaşaň özgerişlikleri üçin Tehasda ýerleşýän uçarlaryň içerki dizaýny bilen meşgullanýan "Gore Design Completions" kompaniýasyna goşmaça 21 million dollar tölemegi tassyklaýan karara gol çekdi. Şol karara görä, çykdajylaryň ikisi-de döwlet eýeçiligindäki "Türkmengaza" degişli edilipdir.

2017-nji ýylyň dekabrynda Berdimuhamedow "Boeing-737" kysymly ýene bir uçary bezemek üçin Tehasda ýerleşýän "AERIA Luxury Interiors" kompaniýasyna umumy bahasy 32 million dollardan gowrak puly döwlet hasabyndan tölenmegi tabşyrypdyr.

2022-nji ýylda "Türkmenistan" howa ýollary Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen býujet serişdelerini ulanyp, her birini 40 million dollara iki sany "Sikorskiý S-92" kysymly dikuçaryny satyn aldy, soň bolsa hersini abatlamak üçin 26 million dollar sarp edipdir.

Şeýle-de, maglumatda Türkmenistanda prezidentiň uçarlarynyň beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna garanda-da, has uludygy bellenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG