Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda saýlaw güni ýene sekiz protestçi tussag edildi


Tbiliside 4-nji oktýabrda geçirilen proteste gatnaşýan adamlar
Tbiliside 4-nji oktýabrda geçirilen proteste gatnaşýan adamlar

Gürjüstanyň içeri işler ministriniň orunbasary Aleksandr Darahvelidze 9-njy oktýabr agşamy şäher saýlawlarynyň gününde ýene sekiz protestçiniň tussag edilendigini habar berdi.

“Eho Kawkaza” neşiriniň habaryna görä, tutulanlaryň arasynda 71 ýaşly professor Giorgi Çakunaşwili, “Özgerişlikller koalisiýasynyň” agzasy Irakli Çhirkwiýa we dizaýner Ia Darahvelidze dagy hem bar.

Şeýle-de neşiriň birnäçe adamyň gözlenýänleriň sanawyna girizilendigini habar berdi.

Olaryň hemmesine uzyn türme tussaglygy garaşýar. Saklananlaryň köpüsi tussaglykdan goýberilmedi.

4-nji oktýabrda Gürjüstanda ýerli hökümet saýlawlary geçirildi. Esasy oppozisiýa güýçleriniň bir topary saýlawlary boýkot etdi. Şol gün Tbiliside "hökümeti parahatçylykly agdarmak" maksady bilen protest üýşmeleňi guraldy. Demonstrantlaryň bir topary prezident köşgüne kürsäp urdy, polisiýa bilen çaknyşyk başlandy, howpsuzlyk güýçleri göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny ulandylar.

Protest çäresinden soň polisiýa derrew bäş adamy tussag etdi. Jemi 40-dan gowrak adam tussag edildi.

XS
SM
MD
LG