Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanly ýaşaýjy ýerli häkimiýetleriň çykaran karary bilen ylalaşman, Aşgabatdan “haraý gözleýär”


Türkmenistanyň prezidentiniň köşgüniň öňünde duran howpsuzlyk işgäri (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň prezidentiniň köşgüniň öňünde duran howpsuzlyk işgäri (Illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň ýaşaýjysy iki erkek doganynyň jenaýatdan höküm edilmegi bilen bagly ýerli kazyýetiň çykaran karary bilen ylalaşmaýandygyny, bu babatda Aşgabatdaky häkimiýetlere yzygiderli ençeme arza ýazandygyny, ýöne olara özlerini kanagatlandyrýan jogaby alyp bilmeýändigini, gaýta ýerli häkimiýetleriň olara basyş edip, sem etmäge çalyşýandyklaryny aýdýar.

50 ýaşly Hojadurdy Şyhyýew öz meselesine üns çekmek üçin, şol sanda Aşgabatda prezident köşgüniň öňünde hem protest aksiýalaryny geçirendiklerini, munuň bilen bagly soňundan dürli basyşlara sezewar edilendiklerini hem belleýär. Ol Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, onuň öz sözleri bilen aýdylanda ýerli häkimiýetleriň, şol sanda kanun-goraýjy we sud edaralarynyň eden-etdiliklerine Aşgabatdaky häkimiýetleriň ünsüni çekmek isleýändigini gürrüň berdi.

“Biz degişli ýokary ýolbaşçylara birnäçe arzalary ýazdyk. Kanun esasynda kepillendirilen hukuklarymyzy gorap bermeýändikleri sebäpli daşyndan habar beriş serişdelerinden, Azatlyk Radiosyndan kömek soramaga mätäç bolup otyrys. Şu taýda öz arzymyzy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly gahryman Serdarymyza eşitdirmäge çalyşýarys” diýip, ikinji topar maýyp Şyhyýew Azatlyk Radiosynyň üsti bilen eýýäm ençeme ýyl bäri ýüzbe-ýüz bolýan meselesini merkezi hökümete, şol sanda prezidente ýetirmek isleýändigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 2020-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 28-ne geçilen gije onuň iň körpe erkek dogany Alty Şyhyýewiň 30 ýaşly aýaly öýünde boglup öldürilýär we öýüň üç açary bilen 80 müň manat ýitirim bolýar.

"Agam, meni urup öldürip barýarlar, men edemok diýdi"

Bu waka bilen bagly geçirilen derňewleriň çäginde ilkinji 40 güne golaý wagtyň dowamynda maşgalanyň mal-garasyna, hojalyk jaýyna, ekin meýdanlaryna seredýän üç işçi we Şyhyýewiň iki erkek dogany tussag edilýär. 6-njy noýabrda ýerli häkimiýetler üç işçä aýyplama bildirip, merhumyň adamysyndan bu baradaky resminama gol goýmagy talap edýärler.

“[Derňew geçirýän resmiler] şol üçüsi [jenaýaty] eden diýip Şyhyýew Alta gol çekdirjek boldular. Gol çeken bolsa, şol üçüsi gitmelidi. Menem pul bilen açar çykmasa hiç kime gol çekme diýip, urnup oturdym” diýip, Hojadurdy belleýär.

Ýerli häkimiýetler merhumyň adamysy resminama gol çekmekden ýüz öwrenden birnäçe gün soň, 11-nji noýabrda onuň iki erkek doganyna Mel we Aşyrdurdy Şyhyýewlere jenaýatda resmi aýyplama bildirýärler, we Hojadurdy Şyhyýewiň aýtmagyna görä, sütem esasynda boýun aldyrýarlar.

“Şol üç oglana gol çekilmänsoň, polisiýanyňkylar agam bilen inime sütem edip başlaýarlar. Dubinka bilenem urýarlar. Ýalaňaçlap, jynsy organyndan toga hem tutýarlar. Üç sagatlap Şyhyýew Meliň kellesine urup oturýarlar. Seňse bolýar. Şyhyýew Mel boýun alyp otyrka meniň özüme diýdi: Agam, meni urup öldürip barýarlar, men edemok diýdi” diýip, Hojadurdy Şyhyýew belleýär.

Ol şondan soňra ýerli häkimiýetlere, şeýle-de Baş prokuratura we Içeri işler ministrligine arza ýazandygyny, ýöne oňaýly jogap alyp bilmändigini we 2021-nji ýylyň 18-19-njy ýanwarynda Hojadurdyýew Meliň we Aşyrdurdynyň 23 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini aýtdy.

"Kazyýet işi gaýtadan geçirilýär"

Bellesek, Azatlyk Radiosynda makalada gürrüňi edilýän wakalara degişli resminamalaryň, şol sanda kazyýetiň çykaran kararlarynyň nusgalary bolup, redaksiýa olary öz arhiwinde saklaýar.

Şondan soň Hojadurdy Şyhyýew ýerli prokuraturanyň we kazyýetiň geçiren derňewlerini we çykaran kararyny şikaýat edip, Aşgabatdaky häkimiýetlere ýüzlenendigini belleýär.

Ol şondan soň paýtagtdaky häkimiýetleriň olaryň sud işine gaýtadan seretmek barada karar çykarandygyny, ýöne öz sud işleriniň ýene Balkandaky şol bir ozalky häkimiýetlere, şol sanda sülçilere geçirilendigini nygtaýar. Şondan soň 2021-nji ýylyň maý aýynda gaýtadan kazyýet diňlenşigi geçirilýär.

“Şyhyýew Aşyrdurda 21 ýyl berdiler. Şyhyýewi Mel hem 20 ýyl azatlykdan mahrum etdiler. [Olaryň] täzeden ýylyny azaltdylar. Şyhyýew Melden üç ýylyny azaltdylar. Şyhyýew Aşyrdurdydan hem iki ýylyny azaltdylar” diýip, Hojadurdy Şyhyýew häzir olaryň Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky türmede saklanýandygyny aýdýar.

Ol özüniň türkmen hökümetine ýa-da döwletine garşy däldigini nygtap, özüniň ýerli häkimiýetleriň geçiren derňew işi we bu babatda çykaran karary bilen ylalaşmaýandygyny belleýär.

"Ençeme arza ýazdym..."

Hojadurdy şondan bäri Türkmenistanyň prezidentiniň adyna, Türkmenistanyň Mejlisine, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine we Baş prokuraturasyna yzygiderli ençeme arza ýazandygyny, ýöne özlerini kanagatlandyrýan jogap, netije alyp bilmeýändigini aýdýar.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Hojadurdy Şyhyýewiň arzasyna berendigi aýdylýan jogabyň nusgasy (Birinji sahypa)
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Hojadurdy Şyhyýewiň arzasyna berendigi aýdylýan jogabyň nusgasy (Birinji sahypa)

Onuň arzalarynyň birine Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan şu ýylyň 10-njy aprelinde berlendigi aýdylýan jogapda “Iş kesilenler A.Şyhyýewiň we M.Şyhyýewiň jenaýatçylykly hereketlerine hukuk taýdan dogry baha berlip, jeza hem kanunyň çäginde bellenipdir” diýilýär.

“Oňa görä-de, kazyýet kararyny sökmek barada garşylyknama getirmeklige esas tapylmandygyny gaýtadan düşündirip, Size habar berýäris” diýlip, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar boýunça müdirliginiň müdiri P. Çaryýew tarapyndan gol goýlandygy aýdylýan arzada bellenilýär.

Hojadurdy bu meselä Aşgabatdaky häkimiýetleriň ünsüni çekmek üçin birnäçe protest aksiýalaryny geçirendiklerini hem belleýär.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Hojadurdy Şyhyýewiň arzasyna berendigi aýdylýan jogabyň nusgasy (Ikinji sahypa)
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Hojadurdy Şyhyýewiň arzasyna berendigi aýdylýan jogabyň nusgasy (Ikinji sahypa)

“Ikinji kazyýet işi geçirilip bolandan soň, tomus aýynyň ikinji ongünlüginde üýşüp, Şyhyýewleriň maşgalasy bolup, 38 adam bolup, biz baýdakly, portretli prezidentiň köşgüne ylgadyk [gitdik]. Gije baryp, Aşgabatda ýatdyk. Daňdana golaý baryp, bizi “ýörüň, şu meseläňizi çözýäris” diýip alyp gaýtdylar. Bizem şotaýda hemme zady aýtdyk, prokuraturanyňkylar hem geldiler. Biz şol meseläňizi çözeris diýdiler. Soň ara 10-15 gün salyp, 40-50 adam bolup, täzeden ýene gitdik. Soň bizi postdan geçirmän, şol Aşgabadyň bärisindäki 90-nyň postunda öňümizi ýapyp, bizi geçirmediler. Bizem pyýada ýöräp geçdik we ahyrsoňy Büzmeýiniň içinde tutdular we bizi [protest] etdirmän, yzymyza alyp gaýtdylar” diýip, Hojadurdy Şyhyýew belleýär.

Ol soňky dört ýyl çemesi wagtyň dowamynda özüniň ýekebara protest aksiýalarynyň hem birnäçesini geçirendigini, bu döwürde özüniň hem dürli basyşlara, şol sanda hereket çäklendirmelerine sezewar edilendigini hem aýdýar.

"Ähli taksi edýänleri gorkuzdylar"

“2021-nji ýylda kazyýet işi gutaryp, gahryman Arkadagymyza arz-şikaýat etjek bolanymyzda, Balkan welaýat polisiýasynyň 7-nji otdeli meniň öýümiň daşynda 1 ýyla golaý 24 sagatlyk nobatçy goýdy. Meni hiç ýana çykartman, öýümiň iki gapdalynda oturdylar. Maşynly Aşgabada baranymda, münen maşynymy Aşgabatda dostawka etdiler. Soňra Gyzylarbatda dostawka edip, ähli taksi edýänlere Şyhyýewleri alsaňyz, baryňyzy dostawka ederin diýip gorkuzdylar. Gaçyp gidýän, arz-şikaýat etjek bolup, [ýöne] bolanok. Aşgabada birnäçe sapar baranymda, polisiýanyň işgärleri yzyma alyp gaýtdylar. Häzir şu taýda sesimi hormatly Arkadagymyza, Arkadagly gahryman Serdarymyza ýetirjek bolýarys. Arkadagly gahryman Serdarymyz sizden meselämizi çözüp bermegiňizi uly haýyş edýärin” diýip, ol aýtdy.

Ýene bir gezek bellesek, Şyhyýewler iki doganyna bildirilen aýyplamalar bilen ylalaşman, olaryň sütem esasynda boýnuna dakylandygyny we täzeden derňewiň geçirilip, işlerine başga garaşsyz derňewçileriň seretmegini soraýarlar.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar barada Balkan welaýat häkimligi, Balkan welaýat kazyýeti, Balkan welaýat prokuraturasy, şeýle-de Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we Baş prokuraturasy bilen telefon arkaly habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne bu edaralarda redaksiýamyzyň 7-nji oktýabrda yzygiderli eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda raýatlaryň we synçylaryň ençemesi ýurtda köplenç kanunyň hökmürowanlygyna eýerilmeýändigini wagtal-wagtal habar berýär.

Geçen ýyl Türkmenistanda heläk bolan 20 ýaşly gyzynyň gümürtik ölümi boýunça adalat gözleýändigini aýdan maryly ene bir ýyllap arza üstüne arza ýazandyklaryny, emma hiç hili netije bolmandygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG