Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täzeden döredilen Oguzhan etrabynyň ilaty ýene pasport çykdajylary, “para bermek” bilen ýüzbe-ýüz bolýar


Döwlet edaralarynyň biriniň howlusynda duran ýaşaýjylar (Illýustrasiýa suraty)
Döwlet edaralarynyň biriniň howlusynda duran ýaşaýjylar (Illýustrasiýa suraty)

Mary welaýatynda ýakynda täzeden döredilen Oguzhan etrabynyň ýaşaýjylary şu günler öz şahsy resminamalaryny ýene çalşyp başlamaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Olar munuň üçin her bir maşgalanyň ýüzlerçe manat sarp etmeli bolýandygyny belläp, häkimiýetleriň ýurtda öňden bar bolan etraplary birden ýatyryp, soňra-da gaýtadan dikeltmek çäresini “ilaty talamagyň bir görnüşi” atlandyrýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy oktýabrda sebitden maglumat berdi.

“Häzir pasport ýaşyna ýeten raýatlar pasportlaryndaky “propiskasyny”, ýagny ýazgyda duran ýerlerini üýtgetmek işine girişdiler. Adamlar munuň üçin hem bir giden wagtyny sarp etmeli bolýar hem-de her raýat azyndan 200 manat çykdajy etmeli bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly oguzhanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýatlatsak, öňden bäri bar bolan Oguzhan etrap häkimligi mundan tas üç ýyl ozal, 2022-nji ýylyň 25-nji noýabrynda ýatyrylyp, onuň çägindäki şäherdir obalaryň aglabasy welaýatyň Murgap we Sakarçäge etraplarynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirildi.

Ýöne Halk Maslahatynyň 19-njy sentýabrda geçirilen soňky mejlisinde häkimiýetler bu kararyny üýtgedip, sebitde “täze etraby döretmeli we oňa Oguzhan adyny dakmaly” diýip, bu etraby gaýtadan döretmek barada täze karar kabul etdiler.

“Etrabyň edara ediş merkezi edip Parahat şäherçesini bellemeli” diýlip, TDH-niň 19-njy sentýabrda çap eden maglumatynda aýdylýar.

"Her bir ýok adam üçin 100 manat berseň..."

Oguzhanlylar häzir diňe pasportlaryny däl, eýse sürüjilik we çagalaryň dogluş hakyndaky şahadatnamalaryny, şeýle-de awtoulaglaryň resminamalaryny hem çalyşmaly bolýandyklaryny belleýärler.

“Hatda ekerançylyk meýdany bolanlar, ýeri kärendesine alanlar hem ähli resminamalaryny çalyşmaly bolýarlar. Munuň üçin ilat bir giden çykdajy etmeli bolýar” diýip, oguzhanly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Mundan başga-da, pasportlarda ýazgyda duran ýerini çalyşmak isleýän raýatlardan maşgala sanawy barada kepilnama hem soralýar.

Bu kepilnamany almak isleýän raýatlardan bolsa, maşgaladaky pasport ýaşyna ýeten adamlaryň ählisinden pasportlary bilen gelip, özlerini görkezmek talap edilýär.

Emma oguzhanlylaryň ençemesi sebit ýaşaýjylarynyň azyndan üçden bir böleginiň daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidendigini aýdyp, köp adamyň bu talaby berjaý edip bilmeýändigini belleýär.

“Häkimlik işgärleri “bilemok, gelsin, bolmasa maşgala sanyňyz barada kepilnama ýazyp berip bilemizok” diýýärler. Ýöne onuň bärisindäki otaga girseň, “her bir ýok adam üçin 100 manat berseň, kepilnamany men ýazdyryp alyp bereýin” diýýärler” diýip, oguzhanly ýaşaýjy belledi.

"Näme üçin öz eden-etdilikleri üçin biz kösenmeli?"

Ýaşaýjylar häkimiýetleriň ýurtda öňden bar bolan etraplary birden ýatyryp, soňra-da gaýtadan dikeltmek çäresini “ilaty talamagyň bir görnüşi” atlandyrýarlar we mundan hem hökümetiň “öz gaznanysyny doldurmaga”, hem-de hökümet işgärleriniň “öz jübülerini galňatmaga” çalyşýandygyny aýdýarlar.

“Prezident we beýleki ýolbaşçylar öňden bar bolan etraplary birden ýatyryp, soňra-da gaýtadan dikeldip durjak bolsa, onda goý häkimliklere, polisiýa bölümlerine, pasport stoluna halky kösemän, halkyň gargynjyny alman, etrap adyny mugt üýtgedip beriň diýmeli. Biz şol bir ýaşaýan ýerimizde, bir metr hem süýşemizok. Näme üçin öz eden-etdilikleri üçin biz kösenmeli?” diýip, oguzhanly ýaşaýjy belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Marynyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Oguzhan etrap häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny üýtgetmek, öňden bar bolan etraplary ýatyrmak, soňra-da gaýtadan dikeltmek tejribesi soňky üç onýyllygyň dowamynda ençeme gezek boldy.

Häkimiýetler bu çärelerini “welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak” diýip häsiýetlendirýärler.

Ýöne ýaşaýjylar bu üýtgetmeleriň ýönekeý halk üçin goşmaça kynçylyklary döredýändigini aýdyp, ozalam gününi zordan görýän adamlaryň täze pasport çykdajylary, uzyn nobatlar, para bermek mejburlygy bilen ýüzbe-ýüz edilýändigini belleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG