Adamlaryň rugsady bolmazdan olary surata we wideo düşürilmek baradaky gadagançylyk Özbegistanda 7-nji oktýabrda ýurduň parlamenti tarapyndan goldanyp, ses berilenden soň kanuna giriziler.
Kanun surata düşürilýän adamlaryň muňa dilden ýa-da ýazmaça rugsat bermegini talap eder, şeýle-de gadagançylygy bozan adamlar üçin 1364 dollar möçberde jerime we olaryň kamera enjamlaryny konfiskasiýa etmegi talap eder. Kanun senatyň tassyklamagyna garaşýar.
Syýahatçylar üçin surat ekspedisiýalaryny guramalaşdyrýan ýokary derejeli özbek suratçysy Anzor Buharskiý kanunyň nähili berjaý ediljekdigi we suratdaky mähelläniň ýa-da tötänleýin düşen şahsyýetleriň ýagdaýynda nähili ulanyljakdygy entek belli däl diýýär. "Raýat, gaz maskasynda ýa-da Santa Klaus geýiminde surata düşen bolsa, suratdaky adamyň hakykatdanam özüdigini diýip aýdyp bolar?" diýip, suratçy Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Özbek kanun çykaryjylary bu gadaganlygy adamlaryň, esasanam çagalaryň şahsy durmuşyny goramagyň usuly hökmünde hödürlediler, ene-atalaryň ýa-da terbiýeçileriň 16 ýaşa ýetmedik çaganyň surata düşmegine rugsat bermelidigi aýdylýar.
Tankytçylar, täze kanunyň itergi berijisi hökmünde kamera düşen korrumpirlenen polisiýa we resmiler bilen baglanyşykly birnäçe dawa-jenjeliň sebäp bolandygyny görkezýärler. Suratlaryň we ýazgylaryň çap edilmegini gadagan edýän kanun taslamasy ilkinji gezek 2020-nji ýylda teklip edilipdi. Kanunyň häzirki giňeldilen wersiýasynda şeýle ýazgylary "etmek we saklamak" üçin jogapkärçilik goşuldy.
Özbegistan her ýyl ýüpek ýol arhitekturasy bilen gyzyklanýan millionlarça syýahatçyny kabul edýär, ýöne Buharskiý syýahatçylaryň gitdigiçe has ýaş we başarnykly bolýandygyny belläp, garaşsyzlygyň ilkinji onýyllyklarynda ýurduň has uly ýaşly adamlary özüne çekendigini aýdýar.
"Bu ýaş syýahatçylar kerpiç binalary we keramatly guburlar bilen az gyzyklanýar. Olary Gündogaryň ekzotikasy: gündelik durmuş, milli däp-dessurlar, geýimler, şäheriň köne böleginiň dar köçeleri, bazarlar we tamdyrlar gyzyklandyrýar" diýip, Buharskiý aýdýar.
"Syýahatçylar bularyň hemmesini kamera düşürmek isleýärler we muny şu wagta çenli hiç hili kynçylyksyz amala aşyrýarlar. Täze kanunyň potensial syýahatçylara päsgel berjegini wagt görkezer" diýip, suratçy aýdýar.
Özbekler köplenç surata düşmek üçin açyk, ýöne bu gadaganlyk syýahatçylaryň halaýan bazarlar ýaly ýerlerde medeniýeti üýtgedip biler.
Käbir adamlar kanunyň garaşsyz žurnalistleriň we aktiwistleriň işiniň öňüni almak we basyş etmek üçin edilmeginden howatyrlanýarlar.
"Iň esasy zat, bu täze kanunyň 'ygtybarly bolmadyk' blogçylara we habar beriş serişdelerine garşy manipulýasiýa ýa-da repressiýa guralyna öwrülmezligi" diýip, Buharskiý aýtdy.
Özbegistanda syýahatçylaryň gyzyklanmasynyň artmagy we pudagy giňeltmek baradaky ägirt uly meýilnamalar göz öňünde tutulýan wagtynda surat gadagançylygynyň giňden durmuşa geçirilmegi mümkin däl diýen pikirler hem orta atylýar.
Forum