Soňky aýlarda Mary welaýatynyň Sakarçäge we Mary etraplarynda esasanam ýaşlaryň arasynda öz janyna kast etmek wakalarynyň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýan mahaly, ýerli synçylaryň we saglyk işgärleriniň ençemesi meselä jemgyýet we hökümet derejesinde üns berilmelidigini aýdýar.
“Ýaş ölüm juda köpeldi. Olaryň esasy bölegini ýaş nesil, ýagny mekdep okuwçylary, harby gullukdan boşap gelen ýigitler we täze durmuş guran ýaş çatynjalar emele getirýär” diýip, ýagdaýlardan habarly Mary etrabynyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçymyz soňky birnäçe aýyň dowamynda bolan şeýle wakalaryň birnäçesini ýakyndan öwrendi. Ýakynda bolan wakalaryň birinde sekizinji synpda okaýan bir oglan howlusyndaky agaçda asylgy tapyldy.
“Ejesi işden gelip öýde bir az güýmenip, howla çykanda oglunyň bagda asylgy duranyny görýär. Ogly sowuk eken we näme sebäpden özüni asandygy belli däl” diýip, ýagdaýlardan ýakyndan habarly maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
"Amanat gyzyllar, prosentine alynýan karz pul..."
Ýene bir wakada mekdebi tamamlan ýaş gyzyň uksus kislotasyny içendigi sebäpli ýogalandygynyň üsti açyldy. Gyzyň ýakyn garyndaşlaryndan biriniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, ol ene-atasynyň edendigi aýdylýan basyşlaryna çydaman, gije ýatmazyndan ozal uksus içip, öz janyna kast edipdir.
“Ol bir oglan bilen halaşýardy. Onuň ene-atasy muny anyklandan soň, oňa azar berip başlaýar, hatda “sen gyz dälsiňdir” diýip, ony ginekologiýa barlagyndan geçirýärler. Bu wakalardan soňra gyz öz janyna kast etdi” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Şeýle-de, ýakynda Mary etrabynda bolan bir wakada täze öýlenen bir oglan üstüne “solýarka”, ýagny dizel ýangyjyny guýup, özüni otlaýar.
Waka ýakyndan şaýat bolan bir çeşmäniň sözlerine görä, muňa onuň toýda gelne geçirilen we dakylan altyn-gyzyllary amanat almagy we munuň üstüniň açylmagy netijesinde, gelni bilen arasynda dörän oňuşyksyzlyk sebäp bolýar.
“Bu gyzyllaryň amanatdygy gyza we gyz tarapa aýdylmandyr. Toýdan soň, oglan gyzyllary alyp, eýesine berjek bolýar. Gelin gyzyllary bermän, aýrylyşyp ejesi öýüne gidýär. Oglan kellesiniň gyzgynyna üstüne solýarka guýup, özüni otlaýar. Ol hassahanada ýatyp, soňra-da ýogaldy” diýip, çeşmämiz anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Sebitde bolan wakalaryň ýene birinde çagasy ýogalan bir ýaş adam perzendiniň mazarynyň ýanynda öli tapyldy. Saglyk işgärleriniň birnäçesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, geçirilen medisina derňewlerinde onuň hem uksus kislotasyny içip ýogalandygy anyklandy.
Wakadan ýakyndan habarly çeşmämiziň aýtmagyna görä, 3 müň manat çemesi aýlyga işleýän bu adam çagasy ýaramaýan mahaly 10 müň manat prosentine pul karz alýar.
“Çagasy öldi. Şondan soň her kim “çagany prosent alyp, haram pul bilen bejertdiň” diýip, bu adamy çaganyň ölümine sebäpli etdi. Ol durmuşdan utuldym diýip, bagyr agrysy çekip ýörkä, hossarlary we dogan-garyndaşlary oňa wyždan azabyny çekdirýärler. Şondan soň ol çagasynyň ýogalan ýerine baryp, uksuz içip, mazarlykda janyna kast etdi” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.
“Sosial-ykdysady krizisiň alamatlary..."
Azatlykda bu wakalaryň haçan we nirelerde bolandygy barada takyk maglumatlar bolsa-da, redaksiýa howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Marynyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda saglyk we polisiýa bölümlerinden resmi teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Ýagdaýlara syn edýän ýerli synçylaryň we saglyk işgärleriniň ençemesi sebitde emele gelen bu pajygaly tendensiýanyň “sosial-ykdysady krizisiň aýdyň alamatlarydygyna ünsi çekip, munuň juda alada döredýändigini” aýdýar.
“Janyna kast eden adamlaryň durmuş tejribelerine seredenimizde, bu wakalaryň köpüsine işsizlik, maliýe kynçylyklary, bergi, prosentine karz almak, munuň bilen ilteşikli döreýän saglyk, hususan-da, psihiki, ruhy saglyk problemalary sebäp bolýar. Munuň öňi alynmasa, bu wakalaryň has-da köpelmegi ähtimal” diýip, ýerli synçy anonimlik şertinde aýtdy.
Synçylar we saglyk işgärleri bu meselä hökümet we jemgyýet derejesinde üns berilmelidigini, bu wakalaryň sebäpleriniň öwrenilmelidigini, olaryň öňüni almak üçin düýpli çäreleriň kabul edilmelidigini belleýärler.
“Bu wakalara ýurtdaky ykdysady kynçylyklardan başga-da, psihologiýa tarapyndan seretmeklik örän wajyp. Adamlaryň ruhy saglygy ejizlän mahaly, olary ýazgarman, olary diňlemek we goldaw bermek örän wajyp. Muny amal etmekde hem jemgyýetiň, hem-de hökümetiň roly örän uly. Adamlara psihiki goldaw bermek üçin şertler, ýörite merkezler döredilmeli. Psihologlara ýüz tutulmaly” diýip, maryly saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Şol bir wagtda, ol Türkmenistanda ilatyň aglaba böleginiň psihologlara däl-de, palçylara we mollalara ýüz tutýandygyny hem sözüne goşdy.
“Olar hem özleriçe diagnoz goýýarlar. “Yzyna gara düşýär, doga edilipdir, göz dil bar” diýip, bir çümmük duz berip goýberýärler. Janyna kast etmegiň öňüni alyp boljak betbagtçylykdygyny ýatdan çykarmaly däldiris” diýip, maryly saglyk işgäri belledi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar. Ýurduň Statistika baradaky döwlet komiteti hem bu baradaky statistikany aç-açan mälim etmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum