Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý "Tomahawk" raketalaryny rus çozuşyna garşy söweşmek üçin isleýär.
Ýakyn Gündogardaky üstünlikli diplomatik öňegidişliginden soň Moskwanyň Ukrainadaky hüjümine ünsüni jemlän ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlarynyň ýarag bilen üpjün edip biljekdigini aýtdy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bolsa, 2022-nji ýylda başlanan giň gerimli konfliktiň soňuna çykmak ugrundaky tagallalary böwetlemek bilen, onuň has-da güýçlenmegi barada duýduryş berýär.
17-nji oktýabrda Tramp Waşingtonda Zelenskini kabul edende nämä üns bermeli.
'Tomahawk'
Giň gerimli çozuşyň dördünji ýyly ýakynlaşýarka, Ukraina ABŞ-nyň öndüren "Tomahawk" raketalaryny öz çäginiň içindäki nebit we energiýa desgalaryna zarba urýan Russiýanyň söweş tagallalaryny gowşatmak isleýär.
Tramp ABŞ-nyň 1250-den 2500 kilometre çenli aralyga niýetlenen ganatly raketalary bilen üpjün edip biljekdigini aýtdy, ýöne karary yglan etmedi we bu meseläni Putin bilen ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.
"Men 'seret, bu uruş çözülmese, [Ukraina] 'Tomahawk' ibererin diýip, bilerin. Russiýa bu gerek däl. Men bu sowaly gozgamak ýerlikli diýip pikir edýärin "- diýip, Tramp 12-nji oktýabrda žurnalistlere aýtdy we Russiýanyň Ukraina garşy söweşini togtatmakdan boýun gaçyrmagyna nägilelik bildirdi.
Bu mesele 16-njy oktýabrda geçirilen telefon söhbetdeşlikde gozgaldy. Putin Trampa ABŞ-nyň Ukraina "Tomahawk" iberilmeginiň rus-amerikan gatnaşyklaryna we parahatçylyk ugrundaky tagallalarynyň şansyna "çynlakaý" zarba urjakdygyny aýtdy diýip, Kremliň kömekçisi Ýuriý Uşakow aýtdy.
Bu jaňlaşmadan soň Tramp ABŞ-nyň zerurlyklarynyň "Tomahawk" raketalarynyň Ukraina iberilmegi üçin edilýän tagallalary çylşyrymlaşdyrjakdygyny aýtdy.
"Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçinem 'Tomahawk' gerek" - diýip, ol žurnalistlere aýtdy. "Bizde olar köp, ýöne olar bize gerek. Ýurdumyz üçin ätiýaçlyklary tükedip bilmeris .... Şonuň üçin bu barada näme edip biljekdigimizi bilemok."
Tramp ABŞ-nyň araçylygynda Gazadaky ok atyşlygy togtatmak we zamunlary boşatmak boýunça şertnamadan soňky impulsy saklamaga we Ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropanyň iň erbet konfliktiniň soňlanmagyny ýakynlaşdyrmaga umyt baglaýar.
Analitikler "Tomahawk" raketalaryň oýuny çalşyp bilmejekdigini, ýöne Kiýewiň Russiýanyň içinde zarba urmak kampaniýasyna ep-esli itergi berip biljekdigini aýdýarlar.
ABŞ-da ýerleşýän Hudson institutynyň uly işgäri Luk Koffi Azatlyk Radiosyna elektron poçta arkaly beren teswirinde bu uruş "gutulmak üçin çözgüt bolup biljek ýekeje ýarag platformasynyň ýa-da ok-däriniň ýokdugyny görkezdi" - diýdi.
"Şeýle-de bolsa, 'Tomahawk' söweş meýdanyna praktiki täsir ýetirip, front liniýasyndan daşda Russiýanyň goranyş önümçiligini we maddy-tehniki üpjünçiligini kesip biler" - diýip, bilermen: "Şeýle hem, simwoliki täsir edip, prezident Trampyň Russiýany gepleşik stoluna getirilmek üçin basyşy güýçlendirmek barada aýgytly karara gelendigini görkezer".
ABŞ Ukrainany raketalar bilen üpjün etse, analitikler olaryň sanynyň näçe boljagynyň we näçe çalt beriljeginiň möhümdigini aýdýarlar.
"ABŞ-nyň Ukraina näçe berjegi möhüm mesele" - diýip, Waşingtondaky Strategiki we halkara barlaglar merkeziniň harby hünärmeni Mark Kancian telefon arkaly beren interwýusynda aýtdy.
"Tramp şertnama baglaşmak isleýär" - diýip, bilermen "Eger ol Russiýa basyş etmek islese, Ukraina tiz ýarag getirmegiň ýoluny kesgitlemeli" diýdi.
"Tomahawk Russiýanyň içindäki desgalary nyşana alyp biler, emma Russiýanyň howa gorag ulgamlaryndan üstünlikli geçmek mümkinçiligine eýe bolmak üçin Ukraina birbada birnäçesini atmaly bolar" - diýip, Halkara parahatçylygy boýunça Karnegi merkeziniň baş bilermeni Dara Massikot aýtdy.
ABŞ-nyň näçeräk "Tomahawk" berip biljekdigi baradaky çaklamalar dürli-dürli. Amerikan Telekeçilik Institutynyň uly işgäri we harby hünärmeni Makenzie Eaglen, Harby deňiz güýçleriniň Ukraina üçin raketanyň bir görnüşinden "diňe sanlyjasyny berip biljekdigini" aýtdy. Mark Kancian bolsa, köne wersiýasy goşulsa, umumy sanynyň iki ýüz ýa-da 1000 töweregi bolup biljekdigini aýtdy.
Diňe bir 'Tomahawk' däl
Şu hepde Ukrainanyň birnäçe ýokary derejeli resmisi, şol sanda premýer-ministr Ýuliýa Swyrydenko we Zelenskiniň administrasiýasynyň başlygy täsirli Andriý Ýermak Waşingtonda bolup, 17-nji oktýabrdaky ýokary derejeli ýygnaga taýýarlyk gördüler. Tramp we Zelenskiý bolsa iki günde iki gezek telefon arkaly gürleşdiler.
"Tomahawk" raketalarynyň daşyndaky ähli gürrüňlerden soň, eger Tramp-Zelenskiý duşuşygynda olary bermek wadasy başa barmasa Kiýew üçin kynçylyk dörär.
Ýöne bu diňe bir "Tomahawk" bilen çäklenmeýär.
Russiýa gyşyň öňüsyrasynda Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyny yzygiderli nyşana alýar we öýlerinde, hassahanalarda we otlylarda parahat ilata zarba urýar, Ukraina Ýewropa ýurtlarynyň Ukraina eltmek üçin ABŞ-dan ýarag satyn almak programmasynyň çäginde has köp howa goranyş ýaraglaryny edinmek isleýär.
Ak Tamdaky ýatlamalar
Gepleşikleriň äheňine ýakyndan syn ediler - fewral aýynda Ak Tamda bolan duşuşygyň Zelenskiý üçin şowsuz tamamlanandygy Kiýewiň ýadynda galdy.
ABŞ-nyň prezidenti Putin bilen awgust aýyndan bäri ilkinji gezek ýüzbe-ýüz duşuşmak barada ylalaşyp, telefon arkaly geçirilen gepleşigi "örän netijeli" diýip, atlandyransoň, Ukraina Trampyň syýasatyndaky ähli üýtgeşiklige örän seresaply çemeleşer.
Ýaragdan başga-da ýene bir möhüm sorag galýar: Tramp Russiýa garşy sanksiýalary hasam güýçlendirermi? Şu wagta çenli ol Russiýanyň nebitini satyn alan Hindistan üçin salgytlary ýokarlandyrmakdan başga saklanýar.
Zelenskiý Waşingtony sanksiýalary güýçlendirmek barada ençeme gezek çagyryş etdi, ýöne sammitiň öňüsyrasynda täze çäreler barada az gürleşildi.
Russiýanyň reaksiýasy
Moskwa Waşingtona Ukrainany "Tomahawk" bilen üpjün etmezlik barada açyk duýduryş berdi. Öňki prezident Dmitriý Medwedew gytaklaýyn ýadro haýbatyny atyp, munuň "hemme üçin erbet gutaryp biljekdigini" aýtdy we Russiýanyň raketanyň adaty ýa-da ýadrodygyny saýgaryp bilmejekdigini belledi.
Putin, Ukrainany "Tomahawk" bilen üpjün etmegiň ABŞ-ny gönüden-göni söweşe çekjekdigini öňe sürdi.
Emma analitikleriň birnäçesi Medwedewiň aýdan bu sözlerine ýarag bilen boş haýbat aýtmak hökmünde seredýärler. Olar öň ýumşak bolan, emma häzir örän agressiw bolan öňki prezidenti we häzirki wagtda Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary Medwedewiň we beýleki rus resmileriň, şol sanda Putiniň ýadro duýduryşly ozalky haýbatly çykyşlaryny ýatlatdy.