Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mollalar “keselçiligiň, ölüm-ýitimiň köpelendigini” aýdyp, sadaka bermek üçin hojalyklardan pul ýygnaýar


Metjide girip barýan we ondan gaýdyp barýan adamlar (Illýustrasiýa suraty)
Metjide girip barýan we ondan gaýdyp barýan adamlar (Illýustrasiýa suraty)

Marynyň Sakarçäge, Murgap we Mary etraplarynda oba ymamlary daýhan birleşiklerinde we geňeşliklerde sadakalary bermek üçin ýaşaýjylardan pul ýygnaýarlar.

Oba ýaşaýjylarynyň ençemesi munuň ozal hem “agyr günde ýaşaýan” hojalyklara juda agram salýandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.

“Mollalar her bir hojalykdan, olaryň maddy mümkinçiligine görä, 50-100 manat ýygnaýarlar. Olar muňa geňeşlikleriň orta mekdeplerinde sadaka beriljekdigini aýdýarlar” diýip, Peşanaly obasynyň ýagdaýlardan habarly ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ýerli metjitleriň mollalary sadakalar üçin serişdäniň näme sebäpden ilatdan ýygnanýandygyny düşündirmezden, hudaýýoly bermegiň “zerurlygyny sebitde keselçiligiň, dürli ölüm-ýitim hadysalarynyň köpelendigi” bilen düşündirýärler.

Keselçilikler, ölüm-ýitim...

Sebitde dürli keseller, şol sanda onkologiýa, süýjülik ýaly keseller bilen keselleýänleriň her maşgalada diýen ýaly bardygyny, ölüm-ýitim, hususan-da, ýaşlaryň arasynda öz janyna kast etmek wakalarynyň köpelendigini ýerli ýaşaýjylar hem tassyklaýarlar.

“Etrap ýaşaýjylaryna daşary ýurtlarda zähmet çekýän hossarlarynyň, hususan-da, ýaşlaryň ýogalandygy barada hem habarlar köp gelip gowuşýar. Köp maşgala çykdajysy kän diýip, daşary ýurtlardaky jesetlerini Türkmenistana getirip bilmeýär. Şol sebäpli olar hojalygynda patasyny alýarlar” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk daşary döwletlerde aradan çykýan türkmenistanly zähmet migrantlarynyň köplenç ýogalan ýurdunda jaýlanýandygy barada ençeme gezek habar beripdi. Ýatlatsak, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň ençemesi türkmen häkimiýetleriniň 2020-nji ýylyň martynda ýogalan onlarça türkmen raýatynyň jesetlerini ýurda getirmäge ýa-da Türkiýede jaýlamaga hem kömek etmändigini aýdypdy.

"Göwnüňden çykaranyňy ber diýmeýärler"

Şol bir wagtda, maryly ýaşaýjylar ýerli mollalaryň sadaka bermek üçin pul ýygnamak çäresiniň ozal hem “agyr günde ýaşaýan, maddy ýagdaýy pes” hojalyklara juda agram salýandygyny belleýärler.

“Biz ýaly hojalyklar 50 manada birnäçe günläp gün görýär, oňa çörek, şeker satyn alýar. Pul goşundylary mejbury bolmasa-da, ozalky ýyllarda bolşy ýaly, mollalar “göwnüňden çykaranyňy ber” hem diýmeýärler. Olar gös-göni 50-100 manat aralygynda bermeli diýýärler” diýip, peşanaly ýaşaýjy aýtdy.

Ol diňe Peşanaly obasynda azyndan 2 müň hojalygyň ýaşaýandygyny we olaryň her biri azyndan 50 manatdan berende, onuň gara bazaryň nyrhynda 5 müň dollar, Merkezi bankyň kursunda 28 müň 500 dollar bolýandygyna hem ünsi çekdi.

"Wakalaryň sebäpleri öwrenilmeli"

Ýagdaýlara ýakyndan syn edýän maryly synçy “dürli kesselleriň ýa-da ölüm-ýitim, öz janyna kast etmek wakalarynyň öňüni diňe sadaka bilen almagyň hem uly ýalňyşlykdygyny” aýdýar.

“Muňa derek ilki halkyň hal-ýagdaýyny öwrenmeli. Bu wakalara nämäniň sebäp bolýandygy sosiologlar tarapyndan döwlet derejesinde öwrenilmeli. Şoňa görä ylmy çözgüt tapmaga synanyşylmaly, halka döwlet tarapyndan kömek edilmeli” diýip, synçy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Marynyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda din işleri edarasyndan resmi teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda ýerli metjitleriň mollalarynyň sadakalar üçin ýaşaýjylardan pul ýygnaýandygy barada Azatlygyň habarçylary mundan ozalky ýyllarda hem maglumat beripdiler. Mundan başga-da, 2023-nji ýylda Marynyň welaýat metjidinde prezidentiň merhum enesiniň ruhuna bagyşlap, jemagatdan aýat-töwwir okamak talap edilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG