Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Owganystana gaz ugratmak planyny mälim etdi, Türkiýä gaz akdyrmagyny togtatdy


Türkmenistanyň Gündogar-Günbatar içerki gaz geçirijisiniň Şatlykda geçirilen açylyş dabarasy. (arhiw suraty)
Türkmenistanyň Gündogar-Günbatar içerki gaz geçirijisiniň Şatlykda geçirilen açylyş dabarasy. (arhiw suraty)

“Türkmengaz” döwlet konserni Türkiýä gaz akdyrmagyny togtatdy we şol bir wagtda Owganystana gaz akdyryp başlajakdygyny yglan etdi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň 22-24-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2025” halkara konferensiýasynda aýdandygy media maglumatlarynda habar berildi.

"Türmengazyň" başlygy Maksat Babaýew türkmen gazynyň Türkiýä akdyrylmagynyň togtadylandygyny tassyklap, onuň şu ýylyň mart aýynda akdyrylyp, başlandygyny we şertnamanyň ýylda iki milliard kubometr gazyň ugradylmagynyň göz öňünde tutýandygyny ýatlatdy diýip, "MK Türkiýe" neşiri Babaýewe salgylanýar.

Maksat Babaýew ýurduň Türkiýe bilen gysga möhletli şertnamasynyň bardygyny düşündirip, “Eger biz möçberler ýa-da bahalar barada ylalaşyp bilmesek, başga alyjylarymyz hem bar. Bazar şeýle” diýip, “Oilapital” “Reuters” agentligine salgylanyp, Babaýewiň aýdanlaryny sitirleýär.

Türkmenistan we Türkiýe türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Türkiýä akdyrmak barada fewral aýynda şertnama baglaşdy. 1-nji martda güýje giren şertnama esasynda ýylyň dowamynda 1,3 milliard kubmetr türkmen gazynyň akdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Martda Türkiýe gaz importynyň başlanandygyny aýtdy. Şonda Türkiýäniň energiýa we tebigy resurslar boýunça ministri Alparslan Baýraktar türkmen gaznyň Türkiýä bäsdeşlikli ykdysady nyrhdan iberilýändigini belledi.

"Türkmengazyň" başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew gaz akdyrylmagynyň bes edilmegi barada düşündiriş berip,"bu synag taslamasy, şonuň üçin bu ýerde dürli suwasty daşlaryň peýda bolup biljegine seredilýär" diýipdir. Şeýle-de, ol "tehniki tarapdan "Türkmengazyň" bu şertnamany tebigy gaz bilen doly üpjün etmäge taýýardygyny" belläpdir.

"Türkiýe tarapy hem şeýle gaz akdyrylmagynyň başlanmagyna örän begenýär. Biz hem ony goldaýarys we şu günki gün bar bolan meseleler çözülende gazyň akdyrylmagy, gol çekilen şertnamanyň çäginde, dowam etdiriler" diýip, Arçaýew aýdypdyr.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň resmileri tarapyndan türkmen gazynyň söwdasyna degili nähili meseleleriň bardygy resmi derejede anyklaşdyrylmady.

Maý aýynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan türkmen gazynyň Türkiýä şu ýylyň martynda, Eýranyň çäginden iberilip başlanandygyny belläp, bu ugur boýunça eýýäm 250 million kubmetre golaý “mawy ýangyjyň” baryp gowşandygyny, ýylyň ahyryna çenli onuň möçberiniň 1,3 milliard kubmetre ýetip biljekdigini aýdypdy.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen "Turan" barlag mereziniň baş eksperti Bruse Pannier türkmen gazynyň Türkiýä akdyrylmagynyň bes edilmeginiň Eýrana garşy sanksiýalar bilen bagly bolmagyny aradan aýyrmaýar.

"1,3 milliard kubmetr ägirt uly mukdar bolmasa-da, ol gysga wagtda 2 milliarda ýetip, geljekde has hem artyp bilerdi. Bu ýerde mundan öň türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Yraga eksportynyň başa barmandygyny hem bellemek gerek. ABŞ-nyň Tährana garşy sanksiýalary bu ylalaşygyň durmuşa geçirilmegine päsgel berdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Yraga 10 milliard kubmetr gaz satmak mümkinçiligini ýiridi. Türkiýe bilen ylalaşyk hem edil şeýle. Türkmen gazy Eýrana akdyrylyp, soň Eýran şol möçberde Türkiýä gaz bermelidi" diýip, Bruse Pannier Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Yragyň goňşy Eýranyň üsti bilen iberiljek türkmen gazyny satyn almak synanyşygy ABŞ-nyň basyşy sebäpli başa barmady diýip, “Reuters” 19-njy sentýabrda habar berdi. Habar gullugynyň maglumatynda Bagdadyň Eýranyň üsti bilen takmynan 5 milliard kub metr (bkm) türkmen gazyny import etmek üçin Waşingtonyň razylygyny almaly bolandygy, sebäbi onuň ABŞ-nyň Tährana garşy girizen sanksiýalaryny bozmak töwekgelçiligini döredýändigi bellendi.

Türkmen gazy Owganystana ugrar

Geçen hepde Aşgabatda 70 ýurduň wekilleriniň we kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen konferensiýada Türkmenistanyň ilkinji tapgyrda Owganystana ýylda 500 million kubmetr gaz eksport etjegi yglan edildi.

Gazyň häzirki wagtda gurulýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi arkaly akdyryljagy we gaz eksportynyň ilkinji tapgyrda ýylda 500 million kubmetre golaý bolup, soňra onuň möçberini ýylda 1,5 milliard kubmetre çenli artdyrmagyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.

"Owgan gaz kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama görä, ilkinji birnäçe ýylda bu möçber ýylda 500 million kub metre deň bolmagyna garaşylýar. Owganystandaky gazgeçiriji infrastrukturasy häzirki wagtda ýeterlik derejede özgermedik. Soňra ýylda 1,5 milliard kubmetre çenli gaz geçirmek göz öňünde tutulýar" diýip, Babaýew geljekde Owganystana akdyryljak türkmen gazynyň mukdarynyň ýylda 3-4 milliard kubmetre çenli artdyrmagyň mümkindigini aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda 20-nji oktýabrda owgan hökümeti Türkmenistanyň Milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ykdysady işler boýunça owgan wise-premýeri Molla Abdul Gani Baradar Ahundyň TOPH-yň Owganystanda durmuşa geçirilýän ýerine baryp görjegini habar berdi.

Şol duşuşykda Berdimuhamedow TOPH taslamasynyň Türkmenistanyň iň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini we sebit ykdysady durnuklylygyny üpjün etmekde netijeli rol oýnajakdygyny aýdypdyr.

Baradar TOPH taslamasyny sebitleýin hyzmatdaşlyga, ykdysady integrasiýa we umumy gülläp ösüşe tarap möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirip, taslamanyň Owganystanyň içinde eýýäm 14 kilometr çekilendigini aýdypdyr. Şeýle-de, ol Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşygy giňeltmegi maksat edinýändigini nygtapdyr. Bu barada owgan mediasynda habar berildi.

“Bu geçelge TAP-500 elektrik geçiriji liniýasy, demir ýol gurluşygy, ýol gurluşygy, logistika merkezleri we beýleki ykdysady başlangyçlar ýaly iri taslamalary öz içine alýar - bu taslamalara Yslam Emirligi durmuşa geçirmek, howpsuzlyk we durnuklylyk babatda doly ygrarlydyr” diýlip, owgan premýer-ministriň orunbasarynyň edarasy tarapyndan çap edilen beýanatda aýdylýar.

Bu beýanata görä, duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow: "Häzirki şertler TOPH-y durmuşa geçirmek üçin amatlydyr, bu bolsa global goldawa eýe bolan ýeke-täk sebitleýin taslama bolmagynda galýar" diýip aýdypdyr.

Bu proýektiň türkmen böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabr aýynda badalga berilip, bu gazgeçirijiniň 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga beriljegi aýdylypdy. Howpsuzlygyny üpjün etmek we maýa goýum çekmek kynçylyklary TOPH-yň öňündäki esasy päsgelçilikleriň arasynda agzalypdy.

Şu wagt türkmen resmileri TOPH geçirijisi arkaly 2027-nji ýylyň başyndan başlap, goňşy ýurda tebigy gaz iberip başlajagyny we gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny indiki ýylyň ahyryna çenli tamamlamagynyň meýilleşdirýändigini aýdýarlar. Bu barada “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanowyň “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2025” atly halkara maslahatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, gaz geçirijiniň Owganystandan geçýän Serhetabad-Hyrat böleginiň uzynlygy 150 kilometre barabar.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Bruse Pannier iki ýurduň ýolbaşçylarynyň TOPH proýektiniň durmuşa geçiriljegini agzasalar-da, iş ýüzünde diňe Türkmenistan we Owganystan arasyndaky gaz söwdasy barada gürrüň gidýändigini belledi.

"TOPH şu wagt diňe Türkmenistan we Owganystan bilen çäklenýär we ýylda 33 milliard kubmetr gazy Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistan eltemek planlar barada gürrüň edilmeýär. Üstesine agzalan az möçberli gazyň diňe Hyrata ugradylmagy göz öňünde tutulýar. Owagnystanda gazy başga ugurlara akdyrmak üçin infrastruktura ýok. Ony hatda Owgnystanyň içinde ýaýratmak üçin hem gaz geçiriji ýok. Şeýlelikde, Türkmenistan häzir diňe Owganystana gaz akdyrmak bilen çäklenýär" diýip Brus Pannier aýtdy.

Ýylda 33 milliard kub metr gazy geçirmek üçin niýetlenen TOPH gaz geçirijisi Günorta Türkmenistanda 27,4 trillion kub metrlik gaz gory bolan "Galkynyş" gaz käninden ugur alýar we Owganystanyň Hyrat, Kandagar şäherleriniň, Pakistanyň Kwetta we Multan şäherleriniň üstünden geçip, günbatar Hindistandaky Fazilka şäherine barmaly.

Türkmenistan öz bölegini gurup, 2024-nji ýylda ulanmaga taýýarlady. TOPH gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1814 km bolup, ol Hindistana barýança onuň 214 km-i Türkmenistanyň, 774 km-i Owganystanyň we 826 km-i Pakistanyň üstünden geçmeli.

Taslamanyň deslapky bahasynyň 10 milliard dollara deň boljakdygy çaklanylýar.

Türkmen resmileriniň Aşgabatdaky konferensiýada beren sanlaryna görä, 2025-nji ýylda ýurtda öndürilen tebigy gazyň 80 milliard kubmetr boljagyna garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG