Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan TOPH gazyny 2027-nji ýylyň başyndan iberip başlamagy meýilleşdirýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistan, türkmen resmisiniň sözlerine görä, TOPH geçirijisi arkaly 2027-nji ýylyň başyndan başlap, goňşy ýurda tebigy gaz iberip başlar.

“TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanowyň “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2025” atly halkara maslahatynda we sergisinde aýtmagyna görä, olar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisisiniň owgan böleginiň gurluşygyny indiki ýylyň ahyryna çenli tamamlamagy meýilleşdirýär.

Türkmen metbugaty onuň bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan esasy ylalaşyklary baglaşmak babatynda Pakistan bilen geçirilýän gepleşikler barada hem habar berendigini aýdýar.

Amanowyň sözlerine görä, gepleşikler tamamlanyp barýar, işleriň 90% -den gowragy tamamlandy. Bu tapgyryň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Bu proýektiň türkmen böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabr aýynda badalga berildi we şol pursat bu gazgeçirijiniň 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýandygy aýdylypdy.

XS
SM
MD
LG