Ankarada türkmen aktiwistleri Alişer Sahatowyň we Abdylla Orusowyň Türkiýäniň Migrasiýa Gullugynyň müdirligine garşy işi boýunça 26-njy Administratiw sudunyň diňlenişigi geçirildi. Türkiýäniň deportasiýa merkezinde saklanan bu iki türkmen raýaty 24-nji iýuldan soň dereksiz ýitdi we şondan bäri olaryň ykbaly nämälim galýar.
23-nji oktýabrda sud diňlenişiginde Sahatowyň we Orusowyň aklawçysy Kader Sewimli ýagdaýy jikme-jik beýan etdi we türkmen blogçylarynyň işi bilen baglanyşykly resminamalary suda hödürledi diýip, adam hukuklary boýunça "Türkmen helsinki fondy" (THF) habar berdi.
Maglumata görä, jogapkär tarapyň, ýagny Migrasiýa Gullugynyň adyndan sudda wekilçilik eden aklawçy ýagdaý barada hiç hili düşündiriş bermändir.
Alişer Sahatow we Abdylla Orusow ýitirim edilmeginiň öň ýany Edirnedäki deportasiýa merkezinde saklanypdy. Olar öz ýakynlary bilen soňky gezek 24-nji iýulda telefon arkaly gepleşende, 'başga bir ýere äkidilmeginiň mümkindigini' aýdypdy. Şondan soň dereksiz ýiten türkmen raýatlarynyň aklawsyna başda olaryň Sinop şäherine alnyp gidilendigi aýdyldy, emma Sinopda olaryň barandygy tassyklanmady. Şondan bäri olaryň nirededigi belli däl.
Alişer Sahatowyň aýaly Gulala Hasanowa 23-nji oktýabrda bolan sud diňlenişigine gatnaşdy. Ol sud diňlenişigi barada Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda suduň bir-iki aýyň içinde gutarnykly höküm çykarmak kararyna gelendigini aýtdy.
Gulala Hasanowa türk häkimiýetleri hem-de türkmen häkimiýetleri tarapyndan öz adamsynyň ykbaly barada şu çaka çenli hiç bir kesgitli jogap alyp bilmändigini aýdýar.
Sud diňlenişiginden soň, Gulala Hasanowa we aklawçy Kader Sewimli Ankaradaky türkmen konsullygyna barypdyr. Mundan öň 2025-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Hasanowa Türkiýede türkmen raýatynyň ýitirim edilendigi barada Ankaradaky türkmen konsullygyna arza ýollapdy.
Türkmen konsullygynda Sahatowyň aýaly we aklawçysy bilen özüni Merdan diýip tanyşdyran konsullygyň işgäri gürleşipdir. Türkmenistan tarapyndan konsullygyň haýyşyna heniz resmi jogap berilmändir, ýöne konsullygyň wekili A. Sahatowyň Türkmenistanda nirededigi barada hiç hili maglumatynyň ýokdugyny söz bilen aýdypdyr, diýlip, THF-niň maglumatynda bellenýär.
Şeýle-de, maglumatda Alişer Sahatowyň kakasy Joragulynyň oglunyň ýitirim bolmagy barada öz gezeginde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Daşary işler ministrligine we Içeri işler ministrligine şikaýat edendigi habar berilýär.
Adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" Sahatowyň we Orusowyň BMG-niň zorlukly ýitirim edilmeler boýunça komitetine arz etdi we onuň bu işe garamak üçin eden şikaýaty kabul edildi.
39 ýaşly Sahatow “Erkin Garaýyş" YouTube kanalynda türkmen hökümetini tankytlap çykyş edipdi we ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi, korrupsiýa ýaly problemalary gozgapdy. Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini diskussiýa edipdi.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary aprelde tussag edilip, iýulda dereksiz ýitirim edilen Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana deportasiýa edilen ýagdaýynda olara çynlakaý howp abanýandygyna aladalanma bildirýärler.
Adam hukuklaryny goraýan "Human Rights Watch" (HRW) guramasy Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana alnyp gidilendigi hakykata laýyk bolan ýagdaýynda, munuň Türkiýäniň öz üstüne alan halkara borçlaryny bozandygyny aňladýandygyny belledi.
Türk parlamentiniň agzasy we adam hukuklarynyň goraýjysy Ömer Faruk Gergerlioglu 3-nji iýunda eden çykyşynda Orusowyň we Sahatowyň deportasiýa edilmeginiň öňüni almaga çagyryp, Türkmenistanda olaryň janyna howp abanyp biljekdigini duýdurdy.
2023-nji ýyldan bäri Türkiýede we Orsýetde ençeme türkmenistanly zor bilen ýitirim edilip, soň Türkmenistana alnyp baryldy. Olaryň arasynda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew), Mälikberdi Allamyradow, Röwşen Gylyjow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow, Serdar Durdylyýew we Merdan Muhammedow bar. Olaryň birnäçesiniň ykbaly näbelli bolmagynda galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum