Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary Russiýanyň doňdurylan döwlet aktiwlerini Ukrainany maliýeleşdirmek üçin ulanmak meselesinde ylalaşyk gazanyp bilmedi. Serişdeleriň köp bölegi saklanýan Belgiýanyň bu teklip boýunça hukuk we tehniki aladalary öňe sürmegi sebäpli mesele boýunça netijä gelmek başartmady.
23-nji oktýabrda Brýusselde geçirilen sammitde liderler Ýewropa Komissiýasyna 140 milliarda golaý ýewro (162 milliard dollar) möçberindäki Russiýanyň doňdurylan merkezi bank serişdelerini Kiýewiň harby hem-de býujet zerurlyklaryny goldamaga öwürmek boýunça işi dowam etdirmegi tabşyrdylar. Şeýle-de bolsa, birnäçe diplomatlaryň aýtmagyna görä, ahyrky ylalaşyk entek gazanylmady.
Sammitden soň Ýewropa geňeşiniň prezidenti Antonio Kosta: “Ýewropa liderleri Ukrainanyň öňümizdäki iki ýyldaky maliýe zerurlyklarynyň üpjün ediljekdigine borçlandy” diýdi.
Ol sözüni dowam etdirip: “Russiýa muny gowy belläp alsyn. Ukraina özüni Russiýanyň agressiýasynyň garşysyna goramak üçin zerur maliýe serişdelerine eýe bolar” diýip belledi.
Kosta doňdurylan aktiwleri ulanmak ugrundaky tehniki meseleleri çözmegiň mümkindigini aýdyp, munuň bilen baglylykda “çözgüte gelip boljakdygyny” nygtady.
ÝB 2022-nji ýylda Moskwanyň tanklary Ukrainanyň çägine girenden soň, Russiýanyň merkezi bankyna degişli 200 milliarda golaý ýewro (232 milliard dollar) möçberindäki aktiwleri doňdurypdy. Häzirlikçe ÝB diňe şol serişdelerden gelýän girdejileri Ukrainanyň özüni goramagyna goldaw bermek üçin ulanyp geldi.
Moskwa 23-nji oktýabrda bu ugurda “Russiýanyň razyçylygy bolmazdan ediljek islendik hereketleriniň, halkara we şertnama hukugy nukdaýnazardan güýjüniň ýokdugyny” belläp, muňa “agyr jogabyň beriljekdigi” bilen hem haýbat atdy.
ABŞ-nyň Kiýewe berýän goldawynyň haýallamagynyň fonunda, ÝB Ukraina zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek üçin blok karz meýilnamasyny işläp düzdi.
Gürrüňi gidýän aktiwleriň aglabasy Belgiýada saklanýar. Ýurduň premýer-ministri Bart De Wewer bu mesele boýunça entek birnäçe aladalaryň saklanyp galýandygyny aýtdy.
Onuň pikiriçe, öňe ilerlemek üçin Belgiýa beýleki ähli ÝB döwletlerinden, eger Moskwa şikaýat bildirse, jogapkärçiligi paýlaşjakdyklary barada berk kepillikler almaly. Ol mundan başga-da, beýleki ÝB ýurtlarynyň öz çäginde doňdurylan rus aktiwlerini ulanmaga başlamak boýunça hem wada bermegini soraýar.
Wengriýadan başga ähli agza döwletler tarapyndan makullanan sammit netijeleri Belgiýanyň garşylykly çykyşlary sebäpli gowşadylmaly boldy.
Resminamada mümkin karza göni salgylanmaýar. Munuň ýerine, Komissiýa 2026-2027-nji ýyllar üçin Ukrainany maliýeleşdirmegiň “maliýe goldaw mümkinçiliklerini” taýýarlamaga çagyryş edildi. Bu teklipler liderlere dekabrda geçiriljek indiki sammitde hödürlenmeli.
Sammitde myhman hökmünde gatnaşan Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski şonda-da duşuşygyň “oňat netijeleri” getirendigini aýtdy.
Zelenskiý X platformasynda: “Ýewropa Bileleşigi Ukrainanyň maliýe kömeginiň diňe indiki ýylda däl, 2027-nji ýylda hem dowam etdiriljekdigine kepil geçdi. Bu möhüm we jebis bir karar. Doňdurylan rus aktiwleri boýunça syýasy goldawy we olary Russiýanyň agressiýasyna garşy iň ýokary derejede ulanmak baradaky goldawy gazandyk” diýip ýazdy.
ÝB gepleşikleri, Bileleşigiň Russiýa garşy 19-njy sanksiýa paketini tassyklandan we ABŞ-yň Moskwanyň iki iri nebit kompaniýasyna sanksiýalar girizmeginden bir gün soň geçirildi.
Zelenski ABŞ sanksiýalarynyň Russiýa “güýçli we gaty zerur habary” ýetirýändigini belläp, bu karary gutlady.
Forum