Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda "Ertekiler dünýäsi” ýumrulýar


“Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi” (Arhiw suraty)
“Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi” (Arhiw suraty)

Aşgabatda bir döwür ýaşaýjylaryň iň gelim-gidimli güýmenje we dynç alyş merkezleriniň biri bolan “Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi” ýykylýar. Ilat arasynda “Türkmen Disneýlendi” ady bilen meşhurlyk gazanan bu seýilgähiň derwezeleri ýapylyp, onuň daşynda bu ýerde täze seýilgähiň gurulýandygy barada bildiriş bilbordy asyldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji oktýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Häzir tutuş “Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsiniň” daşyna demir haýatlar aýlandy. Bu ýerde käbir agyr tehnikalary we işçileri hem görse bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Seýilgähiň daşyna asylan bildiriş bilbordunda “Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsiniň” ýerinde esasan gök zolaklardan ybarat täze seýilgähiň suratyny görse bolýar.

Şeýle-de, onda bu seýilgähi gurmak baradaky buýrugyň Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan berlendigi we onuň gurluşygynyň potratçy “Eşret Mahabat” hususy kärhanasy tarapyndan amal edilýändigi bellenilýär.

“Gurluşygyň başlanýan wagty: 2025-nji ýylyň sentýabr aýy. Gurluşygyň tamamlanýan wagty: 2027-nji ýylyň sentýabr aýy” diýlip, bilbordda görkezilýär.

"Ilata heniz 20 ýyl hem hyzmat etmedi"

Takmynan 33 gektar meýdany eýeleýän “Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi” Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowyň ömrüniň we häkimiýet başyndaky soňky ýyllarynda gurlup, 2006-njy ýylda ulanylmaga berlipdi.

Garaşsyzlyk köçesi bilen Bitaraplyk şaýolunyň arasynda ýerleşýän bu merkezde çagalar, ýetginjekler we uly ýaşly adamlar üçin niýetlenen oýun we güýmenje desgalarynyň onlarçasy, şeýle-de kafeler, restoranlar bardy.

Türkmen hökümetine ýakyn “Turkmenportal” neşiri bu merkeziň ýykyljakdygy we oňa derek täze seýilgähiň guruljakdygy barada geçen ýylyň 7-nji iýulynda habar berdi.

“Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda “Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsiniň” ýerine seýilgäh gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi” diýlip, habarda bellenildi.

Şeýle-de, onda “Türkmenmetbugatyň” habaryna salgylanylyp, gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalarynyň, teklipleriniň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýändigi we resmileşdirilýändigi hem nygtaldy.

Ýöne ne bu habarda, ne-de ýurtdaky beýleki media serişdelerinde onlarça million ABŞ dollary möçberinde serişde harçlanyp gurlan we ilata heniz 20 ýyl hem hyzmat etmedik “Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsiniň” ýykylyp, deregine täze seýilgähiň gurulmagynyň sebäpleri barada hiç bir zat aýdylmaýar.

"Nyýazow döwründe gurlan desgalary ýykyp, ýok etmek"

Azatlyk bu barada Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen telefon arkaly habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň bu edaralaryň resmi web sahypalarynda görkezilen belgilere eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Seýilgähiň ýapylýandygy we onuň ýumrulmagynyň meýilleşdirilýändigi barada garaşsyz neşir “Turkmen.news” hem şu ýylyň 11-nji iýunynda habar beripdi.

Aşgabatly ýaşaýjylaryň ençemesi öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen bu merkeziň ünsden düşürilip başlanandygyny, soňky ýyllarda bolsa, olardaky oýun we güýmenje desgalarynyň köpüsiniň hatardan çykandygyny aýdýar.

“Bu desgalaryň köpüsi ýapyk durdy. Bu seýilgäh geçen ýyl doly ýapylyp, indi ahyrsoňy ýykylyp başlandy. Ýogsam bu ýere diňe aşgabatlylar däl, eýse welaýatlardan gelen ýurt raýatlary hem uly isleg we höwes bilen gelýärdiler” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Aşgabatly synçylaryň birnäçesi merkeziň ýykylyp, ýerine täze seýilgähiň gurulmagyny Berdimuhamedowlar maşgalasynyň ýurduň ilkinji prezidenti Nyýazowyň döwründe gurlan desgalary “ýykyp, ýok etmek arkaly, ony halkyň hakydasyndan çykarmak tagallalary” häsiýetlendirýär.

“Berdimuhamedowlar Nyýazowyň ady ýa-da onuň lakamy Türkmenbaşy bilen ilteşikli, şeýle-de onuň häkimiýet başynda bolan ýyllarynda gurlan desgalary tapgyrlaýyn esasda ýumrup, ýerine başgalaryny gurup gelýärler. Sebäbi olar bu usul bilen halkyň hakydasyndan Nyýazowy doly çykarmaga çalyşýarlar” diýip, ýerli synçy anonimlik şertinde aýtdy.

Soňky iki onýyllyga golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda abat ýa-da, gurluşyk hünrämenleriniň sözlerine görä, abatlaýyş işleri geçirilip, täzeden ulanyşa goýberip boljak desgalaryň, şol sanda seýilgähleriň, heýkelleriň ençemesi ýykyldy we olaryň deregine täzeleri guruldy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG