“Türkmenistan Owganystanyň ýertitremede jaýsyz galan raýatlaryna kömek etmek boýunça teklip taýýarlaýar” diýip, “Türkmenportal” döwlet eýeçiligindäki “Watan” habarlar gepleşigine salgylanyp habar berýär.
Neşiriň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynyň çäginde Owganystanda bolan ýer titremesinde jaýsyz galan raýatlaryň özünden kömek sorandyklaryny aýtdy.
Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Berdimuhamedow ýakynda Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga bermek üçin goňşy ýurtda saparda boldy.
“Watan” habarlar gepleşiginde aýdylmagyna görä, Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Orazowa bu mesele, ýagny Owganystanda jaýy ýykylan ýaşaýjylara kömek etmek boýunça teklip taýýarlanylmalydygyny aýtdy.
Uly Berdimuhamedow bu teklibiň soňra türkmen prezidentiniň garamagyna hödürlenjekdigini, döwlet baştutany bilen maslahatlaşylyp, “Kyýamat güni goňşudan” diýlişi ýaly, owgan halkyna dostluk goly uzadylsa, hemaýatlar berilse, maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Onuň sözlerine görä, şeýle edilse, türkmen halkyna mahsus ynsanperwerlik ýörelgeleri we haýyr işleri goňşy halka goldaw bermekde öz beýanyny tapar.
Türkmen metbugaty adatça tebigy hadysalar, şol sanda ýer titremesi, onuň pidalary barada habar bermeýär.