Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşmeler: Prezidentiň Lebaba sapary döwründe ýollaryň ýapylmagy bir göwreli aýalyň ulagda heläk bolmagyna getirdi


Tiz kömek ulagy (Illýustrasiýa suraty)
Tiz kömek ulagy (Illýustrasiýa suraty)

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Lebap welaýatyna eden sapary döwründe ýollaryň ýapylyp, hereketiň çäklendirilmegi bir göwreli aýalyň, hassahana gelip ýetişmändigi sebäpli, ýolda aradan çykmagyna sebäp boldy diýip, sebitiň polisiýa we saglyk bölümlerindäki ygtybarly çeşmelerimizi aýtdylar.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan we ýagdaýlardan ýakyndan habarly saglyk işgäri göwreli zenanyň ýoldaşynyň ellerinde jan berendigini belledi.

“Tiz kömek baryp bilmänligi sebäpli, ýoldaşy öz ulagynda aýalyny bize getirmekçi bolanda, ýolda duran howpsuzlyk gulluklary olara ýoldan geçmäge rugsat bermändir. Türkmenabatly zenan çagasyny dogurmak üçin medisina kömegini alyp bilmän, ol we onuň göwresindäki çagasy äriniň elinde jan berdi” diýip, saglyk işgäri aýtdy.

Ýatlatsak, türkmen prezidenti 15-nji oktýabrda Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmen metbugatynyň şekillerinde bu dabara döwlet resmileri, medeniýet işgärleri bilen bir hatarda, ululy-kiçili müňlerçe adamyň gatnaşandygyny görse bolýar.

"Tiz kömek gullugynyň ulaglary goýberilmedi"

Habarçymyz bu dabara mynasybetli şäherde köçeleriň we ýollaryň ýapylandygyny, howpsuzlyk we polisiýa işgärleriniň ulaglaryň we pyýada adamlaryň hereketlerini ençeme sagatlap çäklendirendigini aýtdy.

“Şu gezek Türkmenabadyň ähli ýollary diýen ýapyldy. Howpsuzlyk gulluklary hatda tiz kömek gullugynyň ulaglaryna, edaramyzyň awtoparkyndan çykmaga rugsat bermediler. Şol gün tiz kömege jaň eden şäherlileriň hiç biri medisina kömegini alyp bilmedi” diýip, “Ene mähri” merkezindäki çeşmämiz aýtdy.

Waka şaýat bolan polisiýadaky çeşmämiziň sözlerine görä, merhum zenanyň adamsy dyzyna çöküp, köçäniň ýapylmagyna gözegçilik edýän howpsuzlyk işgärlerine ýalbaryp, özleriniň ulagyny goýbermegi haýyş edipdir.

“Ol ýykylyp, komitetçiklere ýalbardy, aglady, emma goýbermediler. Olar “kiçi köçeleriň arasy bilen etrabyň hassahanasyna git’ diýdiler. Ol ýoly uzadyp, etrabyň hassahanasyna gidip barýarka, aýaly elinde jan berýär. Olar etrap hassahanasyna baranda, lukmanlar oňa “giç galdyň” diýip, dessine ýeri polisiýa işgärlerini çagyrýarlar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz belledi.

Ol bu wakanyň ertesi güni raýat eşikli howpsuzlyk işgäriniň merhumyň adamsy bilen gürrüňdeşlik geçirendigini we waka barada hiç ýerde gürrüň gozgamazlygy berk tabşyrandygyny hem aýdýar.

"Wakalar... häli-şindi bolýardy"

“Wakadan bäri howpsuzlyk gulluklary onuň öýüni garawullaýar. Merhumyň adamsy prezidente arz etjegini we adalat gözlejekdigini, habar beriş serişdelerine, BMG-a habar berjekdigini aýdypdyr. Şondan bäri howpsuzlyk işgärleri onuň öýüne hem baryp, “eliňdäki galan ogluň geljegi we jan saglygy barada alada et, bir çagaň heniz diri, şoňa şükür edip ýaşa” diýip, haýbat atypdyrlar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz gürrüň berdi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Lebabyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda polisiýa we saglyk bölümlerinden, şeýle-de “Ene mähri” merkezinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylarynyň welaýatlara edýän saparlarynyň dowamynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilip, sebitdäki köçeleriň we ýollaryň aglabasy ýapylýar. Howpsuzlyk we polisiýa işgärleri ulaglaryň we pyýada adamlaryň hereketini ençeme sagatlap çäklendirýärler.

Türkmenistanlylaryň ençemesi bu ýagdaýlaryň ilatyň gündelik durmuşyna juda ýaramaz täsir ýetirýändigini, hususan-da, saglyk näsazlyklaryndan ejir çekýän raýatlaryň wagtynda hassahana ýetişmegini kynlaşdyrýandygyny ýyllarboýy aýdyp gelýär.

“Şuňa meňzeş wakalar uly Berdimuhamedowyň döwründe hem häli-şindi bolýardy. Ýöne howpsuzlyk işgärleri hemişe bolşy ýaly bu wakalaryň üstüni ýapýardylar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz belledi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG