Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Slowakiýada premýer-ministr Robert Fisony atan ýazyja 21 ýyl iş kesildi


Robert Fiso
Robert Fiso

Slowakiýanyň kazyýeti liberal oppozisiýa partiýasynyň, “Progressiw Slowakiýanyň” tarapdaryny, premýer-ministr Robert Fisony tüpeňlän 72 ýaşly ýazyjy Ýuraý Sintulany “terrorçylyk” aýyplamasy esasynda 21 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Fisony öldürmek synanyşygy 2024-nji ýylyň 15-nji maýynda, hökümetiň göçme mejlisiniň geçirilýän Handlowa şäherinde bolup geçdi. Premýer-ministr mejlisden soň Medeniýet öýüniň golaýynda ýygnanan adamlaryň ýanyna geldi, şol wagt märekeden birnäçe ok atyldy.

Soňra Fiso dikuçarly Banska Bystrika şäherinde ýerleşýän keselhana äkidildi. Onuň döşünden we garnyndan degen birnäçe okdan ýaralanandygy habar berildi.

Sintula hüjümden soň bada-bat tussag edildi. Ol ömürlik türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz boldy, ýöne ýerli habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, kazyýet ýazyjynyň ýaşyny göz öňünde tutup, ömürlik türme tussaglygynyň esassyz agyr jeza boljakdygyny aýtdy we, kadadan çykyp, jezany ýumşatdy.

Ýuraý Sintula Fisony öldürmek niýetiniň bolmandygyny, premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetirip bilmezligi üçin, ony diňe ýaralamak üçin tüpeňländigini aýtdy. Ol hökümetiň alyp barýan syýasatlary bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG