Türkmenistanda azyk önümleriniň, hususan-da, et gymmatçylygynyň arasynda, ilatyň derýalardaky we ýaplardaky balyklary, elektrik toguny ulanmak arkaly, bikanun awlanmagy bilen bagly ýagdaýlar göz-görtele köpeldi.
Ýagdaýlara syn edýän ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi munuň kiçi balyklaryň we beýleki jandarlaryň heläk bolmagyna getirýändigini aýdyp, derýalaryň we ýaplaryň ekologiýasynyň bozulyp biljekdigine ünsi çekip, alada bildirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji sentýabrda Ahal welaýatyndan maglumat berdi.
“Häzir Ahaldaky islendik ýaplara we Tejen derýasyna adamlar köpçülikleýin balyk awlamaga çykýarlar. Olar ýaplara elektrik toguny, simini bikanun tutup, ulanyp, içindäki balyklary we ähli jandarlary öldürýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Adamlar iýmäne we satmana ýaraýjak uly balyklary saýlap alyp, galan kiçi balyklary alman, olaryň maslyklaryny taşlap gaýdýarlar.
“Ýaplarda elektrik togy tutulyp balyk tutulanda, suwuň içindäki uly balyklardan başga-da, dürli jandarlar, şol sanda gurbagalar, suw ýylanary, leňňeçler hem köpçülikleýin gyrylýar” diýip, Tejen etrabynyň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanyň “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakyndaky” kanunynyň 43-nji maddasynyň birinji bendinde suwuň bioserişdeleri, şol sanda balyklar awlananda (tutulanda) beýlekiler bilen bir hatarda, elektrik toguny ýa-da köpçülikleýin gyrşyň beýleki usullaryny ulanmaklygyň bikanun hasaplanýandygy bellenilýär.
"Aladalar, resmileriň hereketsizligi..."
Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi bu çäreler dowam etse, onda munuň derýalarda we ýaplarda ekologiýanyň düýbünden bozulmagyna getirip biljekdigine ünsi çekip, alada bildirýär.
“Maýda balyklaryň köpçülikleýin gyrylmagy hem, geljek ýyllarda balyk gytçylygyna getirip biler” diýip, ýagdaýlara ýakyndan syn edýän ýerli synçy anonimlik şertinde aýtdy.
Ol bu çäreleriň bikanundygyny, ýöne olara ýerli häkimiýetler tarapyndan gözegçilik edilip, bularyň öňüni almak boýunça hiç bir ädim ädilmeýändigini belleýär.
“Käbir ýaşaýjylaryň welaýat we etrap häkimliklerine edýän arz-şikaýatlaryna hem gulak asylmaýar” diýip, ahally ýaşaýjy nygtady.
Gaýtam, ol harby bölümleriň esgerleriniň hem köpçülikleýin derýalaryň we ýaplaryň boýuna ugradylýandygyny we olaryň-da bu ýerde tor setkasyny gurnap, balyk awlaýandygyny belleýär.
“Bu çäreler bikanun, goşmaça gazanç etmek maksady bilen, ýokary derejeli harby ofiserler tarapyndan guramalaşdyrylýar. Howanyň salkynlamagy ýaplardaky suwy hem sowatdy. Harby esgerler suwuň içine girip, tor gurnap, azyndan iki sagatlap sowuk suwuň içinde we gyrasynda gezip, balyk tutmaly bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýene bir ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
"Gymmatçylyk we töwekgelçilikler..."
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Ahalyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden telefon arkaly teswir alyp bilmedi.
Şu günlerde ilatyň köpçülikleýin balyk tutýandygy baradaky wideo maglumatlar TikTok we Instagram sosial ulgamlarynyň türkmen dilli ulanyjylary tarapyndan hem paýlaşylýar.
Azatlyga gelip gowşan wideolaryň birinde Daşoguz welaýatyndaky ýaplaryň birinde onlarça adamyň balyk tutýandygyny synlasa bolýar.
Ahallylaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, olaryň töwekgelçilik edip, balyk tutmagyň bikanun usulyndan peýdalanmagyna ýurtdaky işsizlik bilen bir hatarda, azygyň, hususan-da, etiň bahasynyň yzygiderli gymmatlamagy sebäp bolýar.
“Azykdan başga-da, häzir howa sowady. Çagalara we özümize gyş eşikleri, şeýle-de jaýlary ýylytmak üçin elektrik peçleri satyn almaly. Bularyň bahasy, islendik zady tutsaň, hepdelik gazanjyňdan 10 esse gymmat. Şol sebäpli balyk tutup, hem maşgalamyzy et bilen üpjün edýäris, hem-de olary satyp, gazanç edýäris” diýip, tejenli ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda soňky üç aýdan gowrak wagtyň dowamynda ýerli goýun we sygyr etleriniň bahasy tapgyrlaýyn esasda takmynan 50% gymmatlady. Iýul aýynda ýurduň bazarlarynda 80 manat bahalanan bir kilogram et häzir 120 manatdan satylýar.
Hökümet ýygnaklarynda we döwlet mediasynda ilatyň durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygy, azyk howpsuzlygynyň döredilmegi üçin uly işleriň edilýändigi ýygy-ýygydan tekrarlanýar. Ýöne ýurtda azyk önümleriniň, şol sanda etiň gymmatlamagy, şeýle-de balygyň bikanun awlanmagy ýaly ýagdaýlar barada hiç hili gürrüň gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum