Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada Russiýanyň “eýmenç” hüjümi netijesinde alty adam, şol sanda iki çaga heläk boldy


Russiýanyň 22-nji oktýabrda Kiýew regionyna uran zarbalarynyň netijeleri
Russiýanyň 22-nji oktýabrda Kiýew regionyna uran zarbalarynyň netijeleri

Russiýanyň dron we raketa zarbalary sebäpli Ukrainada azyndan alty adam, şol sanda iki çaga heläk boldy. Bu aralykda, prezident Wolodymyr Zelenski parahatçylyk tagallalarynyň bökdelýän pursady, öz ýurdunyň goranyş ukybyny giňeltmek synanyşyklary bilen baglylykda Şwesiýa ugramagynyň öň ýany, Kremle basyşy güýçlendirmäge ýene bir gezek çagyrdy.

Zelenski 22-nji oktýabrdaky hüjümi “eýmenç” diýip atlandyrdy. Ol Ukrainanyň azyndan on sebitiniň, şol sanda paýtagt Kiýewiň energetika hem-de raýat infrastrukturasynyň nyşana alnandygyny mälim etdi.

Zelenski Ukrainanyň uzak aralyga urýan ýarag mümkinçilikleri bolsa, onda bularyň 44 aý bäri dowam edýän urşuň ugruny üýtgedip biljekdigini nygtady.

Mundan öň, Kiýew ABŞ administrasiýasynyň Ukraina “Tomahawk” kysymly uzak aralyga niýetlenen raketalaryň iberilmegini oňlamazlygy, özleriniň diplomatiki täsirini gowşadandygyny ýaňzytdy.

Zelenskiniň ir bilen Kiýewden Şwesiýa we Norwegiýa ugramagynyň öň ýany, Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar döwlet gullugy Kiýew oblastynda üç adamyň, şol sanda iki çaganyň öldürilendigini habar berdi.

Kiýewiň harby administrasiýasynyň başlygy Tymur Tkaçenko rus hüjüminde azyndan 21 adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Paýtagtyň häkimi Witaliý Kliçko bolsa şikeslenenleriň arasynda iki ýaşly çaganyň hem bardygyny mälim etdi.

Ukrainanyň günorta-gündogar sebitinde-de zarbalar hasaba alyndy. Russiýanyň dronlary Zaporižýa şäherinde birnäçe ýaşaýyş jaýynda ýangynyň döremegine getirdi diýip, sebitiň gubernatory Iwan Fedorow Telegramda habar berdi.

Poltawa oblastynyň harby administrasiýasynyň başlygy Wolodymyr Kohut Myrhorod etrabynda gönümel urgular hem-de gaçan galyndylaryň nebit-gaz senagat desgalaryna zeper ýetirendigini aýtdy.

Şol bir wagtda, Ukraina Russiýanyň günorta Brýansk oblastyndaky bir himiýa zawodyna hüjüm etdi. Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştaby 21-nji oktýabrda çap eden beýanatynda hüjümde “Storm Shadow” kysymly fransuz-britan raketalarynyň ulanylandygyny aýtdy.

“Howa we raketa güýçleriniň gatnaşmagynda utgaşykly giňişleýin zarba uruldy, şol sanda ‘Storm Shadow’ raketalary bilen; olar Russiýanyň howa goranyş ulgamyndan syzyp geçdi. Zarbanyň netijeleri seljerilýär” diýlip, Baş ştabyň beýanatynda aýdylýar.

Ukrainanyň harbylary hüjüm edilen himiýa zawodyny Russiýanyň harby-senagat toplumynyň möhüm bölegi hökmünde häsiýetlendirdi. Maglumata görä, bu ýerde partladyjy maddalar, raketa ýangyjynyň bölekleri hem-de “Russiýanyň Ukrainanyň çägine ot açmakda ulanýan dürli ok-därileri we raketalary üçin komponentler” öndürilýär.

Brýansk oblastynyň gubernatory Aleksandr Bogomaz Ukrainanyň regiona dronlar we raketalar bilen hüjüm edendigini Telegramda aýtdy, ýöne adam ýitgileriniň hem-de ýeten şikesiň hasaba alynmandygyny belledi. Russiýanyň Goranmak ministrligi 21-nji oktýabr güni agşama çenli Brýansk oblastynyň üstünde 57 ukrain dronunyň ýok edendigini mälim etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG