Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň XII sammitina gatnaşýar


Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen görüşýär.
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen görüşýär.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda Türk döwletleri guramasynyň (TDG) döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň 12-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana bardy diýip, “Biznes Türkmenistan” Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.

Gabala Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmanyň hormatyna Hormat garawuly düzüldi, Berdimuhamedowy howa menzilinde Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli we beýleki resmiler garşyladylar diýip, habarda bellenýär.

Azeri metbugaty Berdimuhamedowyň prezident Ylham Alyýew bilen duşuşyp, pikir alşandygyny habar berýär.

Guramanyň web sahypasynda aýdylmagyna görä, bu sammit “Sebit parahatçylygy we howpsuzlyk” mowzugy astynda geçiriler.

Sammite gurama agza döwletleriň döwlet we hökümet baştutanlary, şeýle-de, öz wekiliýetleri bilen bilelikde, gurmada synçy durumy bolan döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary gatnaşar.

Olar wajyp sebit we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, hyzmatdaşlygy ösdürmek we türk dünýäsinde agzybirligi, parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm kararlary kabul ederler diýip, habarda bellenýär.

Metbugatyň biraz öň beren habaryna görä, Azerbaýjan Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde, bu sammite gatnaşmaga Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem çagyrdy.

Resmi maksatnamanyň çäginde, döwlet baştutanlary geňeşiniň mejlisinden öň, TDG-niň daşary işler ministrleriniň geňeşi geçiriler diýip, habarda aýdylýar.

Azerbaýjanyň taryhy Gabala şäherinde geçiriljek möhüm ýygnanyşyň, gurmanyň web sahypasynda bellenmegine görä, taryhyň we döwrebaplygyň bir-birine ýakynlaşmagyny alamatlandyrýar we TDG-niň türk döwletleriniň arasynda has berk dostluk, raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny gurmak baradaky kollektiw pikirini şöhlelendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG