Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainanyň energiýa we demirýol infrastrukturasyna zarba urdy


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Rus güýçleri 7-nji oktýabra geçilýän gije Ukrainanyň energiýa we demirýol infrastrukturasyna hüjüm etdi diýip, wise-premýer Oleksi Kuleba habar berdi.

Ukrainanyň howa güýçleriniň habaryna görä, Russiýa Ukraina iki sany “Iskander-M/KN-23” ballistik raketasyny atdy, 152 sany pilotsyz uçar ugratdy.

Onuň sözlerine görä, Poltawa we Sumy sebitlerine uly hüjüm edildi. Poltawada lokomotiw ammary, elektrik üpjünçilik liniýalary, çekiş podstansiýalary, administratiw we ammar desgalary zaýalandy. Hüjüm sebäpli Harkow-Lwow, Lwow-Harkow we Kramatorsk-Lwow otlularynyň gatnawy wagtlaýynça saklandy, ýöne häzir gatnaw dikeldildi.

Şeýle-de, Kuleba Poltawada we golaýdaky şäherlerde müňden gowrak maşgalanyň elektrik togunyň kesilendigini habar berdi. Sumy şäherinde hem şuňa meňzeş ýagdaýlar görünýär, şäheriň käbir ýerlerinde ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetdi, elektrik togy kesildi.

XS
SM
MD
LG